10:22 EJEMDEN GELEN HAT / JOGAP | |
EJEMDEN GELEN HAT
S. Ýeseniniň äheňinde Ýüzümizi ýere salma, Gowy okawer oglum. Gel, ýöne bişende alma, Bu baglar gitmänkä sowlup. Ýagy ýaly gyş geler, Geler dekabr oglum. Şonda aňzaga görä Bolgun ekabyr oglum. Hoştap bol ýoldaşlaryňa, Gyz göreňde uýalarlar. Bil, mähribandyr olaram, Öz bagtyýar uýalaň deý. Geň görme şularam Aýdanmy oglum. Çaý içseň, üç gezek Gaýtargyn oglum. Näm üçin oba geleňok, Gün-günaşa toý bolup dur. Deň-duşlaryň öýlenipdir, Seniň weli habaryň ýok. Ataň garrap düşdi tapdan, Meňem halym öwerlik däl. Toý küýseýär garry göwün, Bizem munda ömürlik däl. Men bilmedim ýaş başyňy Sen nämä bagladyň oglum, Derdiňe agladym, ýöne Sen ony aňmadym oglum. JOGAP Salam, ýuka ýürek, gaýgyçyl ejem, Sen nämä gyýylýaň ýönekeý zada. Ykbal getiripdir şu günlere çen, Diýmek, biz bagtly ýagty dünýäde. Seň ojagyň bereketin, hözirin, Tagamyny ýelden ýumşak elleriň Süňňümde aýdym deý göterip ýörün, Men ony hiç haçan undyp bilmerin. Saçlaryň dek ak daňlara garaşyp, Seň maňlaýyň gasyny deý ýollarda. Jigerbendiň seniň düýşüňe girer, Umydyňdan jyda düşüp horlansa. Aýralygyň ýalňyz ýyldyzy öçer, Toý deýin sowular badysabalar. Ogluňy hossa edip ýörmegin, eje, Şükür, men ekabyr murty taban-a. Men bir gyzyň ýüreginiň wysaly, Çyn dosty men kän arzuwçyl oglanyň, Ýok, men ýitmen ömürzaýa mysaly, Bil, bähbide çeker meniň doglanym. Gurbandurdy ORAZOW # «Hijran Halkasy» kitabyndan 7-nji, 8-nji goşgy. | |
|
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |