14:05 Esger | |
ESGER
Berýozalaň başy durşuna gardy, Gardy alyslara uzap ýatan ýol. Tokaýda giň ýoluň çatyrygynda, Nyzama düzüldi giden batalýon. Paýhasly general synlap barýardy, Olar gös-gönüdi göýä ok ýaly. Ýowuz kyrk üçünjiň aýaklarynda, Halkyň geljegidi, ýurduň ykbaly. Generala geň göründi bir esger, Oňa seredişi has başgarakdy. Haýran galdy golaýyna barşyna, Aýakda ädik däl, geň aýakgapdy. Sorady – bu nämäň nyşany – diýip, Aýtdylar – aýagyna bolanok ädik. Bu merdana esger, sähraýy ýigit, Ýeri biz çykalga tapaly nädip?! …Günbatary gara bulut bürände, Birden agralanda Watanyň haly. Çopan ýigit söweşmäge gidipdi, Millionlap gerçekleň gidişi ýaly. Generalyň öňünde dur häzirem, Jogap berýär “Geçdim rus tokaýny, Watan duşmanlardan halas bolynça, Galan ýolam geçerin men çokaýly”. Gurbandurdy ORAZOW. | |
|
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |