21:35

Gadym eýýamlaryñ wagşyçylykly adam gynamalary

GADYM EÝÝAMLARYÑ WAGŞYLYKLY ADAM GYNAMALARY

Käbir jenaýatlara ölüm jezasyny bermek adamzat taryhy boýunça bolup gelen zat we häzirem käbir ýurtlarda dowam edip gelýär. Ýöne gadymy döwürlerde ulanylan käbir gynap öldürmeler günäkäriñ öldürilmesinden ötri, onuñ iniñi tisgindiriji wagşylyga duçar edilmegini üpjün edýärdi. Ynha, şolardan käbirleri:

■ Diriligine ýakmak

Orta asyrlarda katolik buthanasynyñ kesgitlän düzgün-tertibine garşy gidenleri ýa-da şeýtanyñ alyna gitmekde aýyplananlary ýakylyp öldürmek ýoñ bolupdyr. Günäkärler ýere uzynlygyna dikilen tagta dañylypdyr we aýagynyñ astyna üýşürilen odunlar oda berlipdir. Netijede ölüme uçran bende aslynda ýanyp ölmezden öñ köplenç ot tüssesinden ýa-da tomaşaçylaryñ zyñýan daşlaryndan ýaña ölüpdir. 
Belli alym Jordana Bruno hem şol ýowuz döwrüñ ýakylyp öldürilen pidalarynyñ biridir.

■ Gaýnan suwa atmak

Esasanam gallaplaryñ (galp pul ýasaýanlar) garşysyna ulanylan bu jeza iki usulda amala aşyrylypdyr. Birinjisi: günäkärler gaýnag suwly ýa-da ýagly ullakan gazana birden zyñylypdyr. Günäkärler birden zyñylşy ýaly birdenem öler eken. Ikinjisi - günäkäri içi sowuk suwly ýa-da ýagly gazana atypdyrlar we gazany ýuwaş-ýuwaşdan gyzdyrypdyrlar. Gazana atylan günäkäriñ ilki derisi sypyrylypdyr, soñra endamynyñ ýaglary eräp synalary gowrulypdyr.

■ Haça çüýlemek

Edilen etmişiñ köpçülige sapak bolmagyny isleýän ygtyýarly wekiller günäkärleri haça çüýläp öldüripdirler. Bu jeza çäresi jezalandyrylýan ýalañaçlanandan soñ käte haça, käte şoña meñzeş agaja gerilip dañylmagy ýa-da çüýlenmegi bilen amala aşyrylýardy. Soñra günäkärler şol durşuna ölýänçä germesatan bolup galypdyr. Maksat ölümiñ kem-kemden we has yzaly bolmagyny gazanmakdy. Käte yzany artdyrmak üçin günäkärleriñ aýaklaryny-da döwüpdirler.

■ Myhyñ üstünde oturtmak

Başgalara sapak bolsun diýip edilen bu usulda hem günäkärler ýere dikilen ujy ýiti demir myha (gazyga) syhlanyp, şol durşuna ölýänçä galdyrylypdyr. Käte eýýäm jezalandyryp öldürilenleriñ meýitleri edil şolar ýaly görnüşde myhyñ ujuna saplanypdyr. Myha oturtma usuly haça çüýleme bilen deñeşdireniñde günäkäriñ has çalt ölmegini üpjün edýärdi, şol bir wagtyñ özünde ýesir düşen duşman esgerleriniñ uzak wagta çekjek jezalandyrmalarynda jellatlaryñ wagtyny tygşytlaýardy.
"Myhly woýewoda" (Wlad Sepeş) ady bilenem tanalan "Drakula" lakamly Wlad III bu jeza usulyny iñ köp ulananlaryñ biridir.

■ Asmak, kesmek we parçalamak

Günäkäriñ añsat ölmegine ýol bermeýän we yzany güýçlendirýän bu usul orta asyrlaryñ Angliýasynda watana dönüklik ýaly agyr etmiş edenlere garşy ulanylypdyr. Jezalandyrylýan kişiniñ boýnundan ilki ýüp geçirilipdir we asylypdyr. Öldüm-öldümde ýere düşürilip el-aýaklary kesilipdir, içegesi daşyna çykarylypdyr we ölýänçä şol durşuna galdyrylypdyr. Synalaryñ kesilmegi käte tygdyr kesiiji serişdeler bilen amala aşyrylsa, käte başgarak usula ýüz urulypdyr, günäkäriñ el-aýagy dürli tarapa çapdyryljak atlara baglanypdyr we atlara çekeledip bölek-bölek edilip öldürilipdir. 
"V - Wendetta diýmekdir" atly romanyñ sýužetine çeşme bolup hyzmat eden Gaý Foks hem 1606-njy ýylda şeýdilip öldürilipdi.
 
■ Çarha dañmak

Bu jeza çäresinde günäkärleriñ el-aýaklary döwülip ullakan agaç çarha dañylypdyr we ölýänça çarh aýlanar durupdyr.
"Fransiýanyñ Robin Gudy" diýip tanalan fransuz garakçysy Lui-Dominik Burginon Kartuş hem 1721-nji ýylda şeýle usul bilen öldürilipdir.

■ Öküz heýkeline salyp goýmak

Günäkärler bürünçden ýasalan içi boş öküz heýkeliniñ içine salnyp goýlupdyr. Onuñ janhowluna demigip gygyrýan sesi heýkeliñ içine ýerleşdirilen başga bir emel arkaly öküziñ sesine meñzeş sese öwrülip jeza berlişige tomaşa edýän tutuş jemendäniñ gulagynda ýañlanypdyr. Ýagdaý birnäçe gün dowam edenden soñ öküz heýkeliniñ astynda ot ýakylypdyr we günäkär bende onuñ içinde kem-kemden gowrulyp ölüpdir. Bu usul hakynda başga bir üns bermeli zat, olam munuñ ilki rowaýat hökmünde dilden-dile düşmegi, soñra bu işe bilesigelijilik bilen garan käbir ygtyýarly wekiller tarapyndan hakyky durmuşda amala aşyrylmagydyr.

■ Topuñ öñüne tutmak

XX asyryñ başlarynda Hind okeanynyñ çäklerinde iñlis we portugal basybalyjylary tarapyndan amala aşyrylan bu usulda jezalandyrylan biçäreler arkanlygyna top okunyñ niline dañylypdyr. Top atylansoñ günäkäriñ bedeni bölek-bölek bolup dumly-duşa syçrapdyr we töwerege syçran bölekler birin-birin ýygnalypdyr.

■ Hamyny soýmak

Juda gadymy döwürlere uzaýan bu usul häzir biziñ gözümize gorkunç çäre bolup görünýändigine garamazdan, birmahallar giñden ýaýran jeza çäresi hökmünde ulanylypdyr. Hususanam gadymy assiriýalylarda ulanylan bu jeza çäresinde günäkärleriñ derisi ýüzülensoñ şobada ölmän birnäçe gün azap çekip çabalana-çabalana gan gidip ýa-da infeksiýa düşüp ölüpdir.
Beýik türkmen şahyry Seýit Nesimi hem 1417-nji ýylda hamy soýulyp şehit edilipdi. Magtymguly Pyragynyñ Durdy şahyr bilen aýdyşan goşgusynda:

- Ol kim idi dabanyndan soýdular?
- Nesimini dabanyndan soýdular. -

diýen setirlerinden başga-da, Şeýdaýynyñ "Gül-Senuber" dessanynda:

Nesiminiñ derisini soýdular,
Saman dykyp, derwezede goýdular... -

- diýen setirlerde bu ýowuz jeza gynanç bilen agzalyp geçilýär.

■ Diriligine gömmek

Iñ gadymy we iñ meşhur ölüm jezalaryndan bolan diriligine gömmek taryhda birnäçe kowum tarapyndan ulanylypdyr we häzirem terroristler tarapyndan ulanylmaga dowam edýän ganhorçulykly usuldyr.

■ Mör-möjeklere iýdirmek

Gadymy persler tarapyndan ulanylan bu jeza çäresinde günäkärler ilki çuw-ýalañaçlygyna bir boş gaýygyñ içine dañylypdyr we yzygiderli süýt, bal ýaly süýji nygmatlar iýdirilip-içirilipdir. Ahyrsoñunda gaýygyñ içindäkileriñ işdäsi bulanyp gusup hem-de iýip-içenleriniñ täreti bilen töweregini doldurypdyr. Wagt geçmänkä gaýygyñ hem içine, hem daşyna ary sürüsi goýberilipdir. Kem-kemden beýleki ownuk mör-möjeklerem çozuşyp başlapdyr. Mör-möjekler gaýygy dolduransoñ jezalandyrylan bendäniñ üstüne çyrşalan ballary iýipdirler. Munuñ bilen birlikde onuñ etlerinem gemripdirler, etiniñ içine sümülipdirler we hatda ýumurtgalapdyrlar. Günäkär bende birnäçe hepde dowam eden yza-azapdan soñ endamyna düşen infeksiýadan ýaña ölüp galypdyr.

■ Kül bilen demikdirmek

Bu jeza çäresi gadymy döwürlerde perslerde we ýewropalylar Amerika gadam basmazdan öñ ýerli indeý taýpalarynda döwlete garşy jenaýat eden günäkärleriñ garşysyna ulanylypdyr. Günäkärler kül bilen doldurylan otaga salnansoñ otagdaky küller sowrulypdyr we günäkär kül tozgalarynyñ içinde demigip ölüpdir.

■ Aç haýwanlara şam etmek

Ölüm jezasy berilmezden öñ birnäçe gün aç saklanan ýyrtyjy haýwanlar boş meýdançanyñ ortasyna atylan günäkäriñ üstüne küşgürilipdir. Tomaşanyñ has şüweleñli geçmegi üçin käte günäkärleriñ eline özlerini goramak üçin ýarag hem berlipdir. Hususanam gadymy rimlilerde giñden ýaýran bu jezalandyrylyş usuly ilki-ilkiler rimli esgerleri jezalandyrmak üçin ulanylsa-da, soñabaka gullaryñ we döwlete boýun sunmajak bolýan dini toparlaryñ garşysyna ulanylypdyr.

■ Ölüm howply ýençme

Gadymy rimlilerde giñden ulanylan bu jeza çäresi ulanylanda gullar ýa-da günäkärler göreş meýdançasynda gladiatorlaryñ garşysyna çykarylypdyr we olar özlerine berilen ýaraglar bilen gladiatorlary öldürip başarsa diri galyp bilipdir. Mundan sag-salamat çykan günäkärleriñ öñünde iki ýol goýlupdyr: ýa-ha söweşjeñ goşuna goşulmak, ýa-da nobaty bilen birnäçe gladiator bilen garpyşyp, ahyrynda azatlygyny gazanmak.

■ Mazzatello ýa-da kelle owratmak

Çapgy ýassygy enjamynyñ (gilotin) ulanylyp başlan döwrüne çenli daşyñ ýa-da tagtanyñ üstüne ýatyrylan günäkäriñ kellesi jelladyñ ýokardan inderen agyr gürzüsi bilen mynjyradylypdyr. Kämahal günäkärler gürzi bilen urulansoñam ölmän galypdyr we diñe akyl-huşuny ýitiripdir. Şonuñ üçin agyr urga uçrandan soñ günäkäriñ damagy çalnypdyr. 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 666 | Добавил: Нawеran | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 345  
Bähh. Biri birinden beter

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]