19:21 GARAJAOGLANDAN IKI GOŞGY | |
GARAJAOGLAN.
Üç günlik pany dünýäde, Ölmänkä gûlen öwinsin. Bäş wagtyny kaza goýman Wagtynda okan öwinsin. Derýalarda gaýyk oýnar, Kimsi serhoş, kimsi aýnar. Dünýä-pany, ynsan-göçer, Demlerin süren öwinsin. Ýaz Garajaoglan, ýazgyn, Güýçli diýrler yşkyñ seniñ. Adam adamyñ gymmatyn Saglykda bilen öwinsin. ***** Çyplak geldim ýene çyplak giderin, Ölmez ýaly elde permanym barmy?! Ezraýyl geler-de janymy alar, Meniñ ölmez ýaly dermanym barmy?! Direlerler, direlerler, gelerler, Magşar güni onda diwan durarlar, Haram barmy diýip gorkup durarlar, Meniñ ýüpek ýüpli kerwenim barmy?! Är bolsañ ärligñi meýdanda görkez! Kadyr Möwlam ýetmezimi sen ýetir! Maña diýrler:"Gam ýükini sen göter!" Meniñ ýük götäre dermanym barmy?! Garajaoglan diýer, ismim öwerler, Awy boldy iýdigimiz şekerler. Bir gyz söýer diýip töhmet atarlar, Meniñ Hakdan özge söýýänim barmy?! Terjime eden: Nureddin KESEARKAÇLY | |
|
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||