08:07

Goja esgeriň ýatlamasy

Категория: Goşgular | Просмотров: 313 | Добавил: Bagabat | Теги: Annamuhammet Kirşenow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 8
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Nobatguly aganyň Bir bölek uruş diýen goşgusy bar-a, ýadyňyza düşýärmi?

0
2 Bagabat  
43
WETERAN

Snaýperdim...
Barypýatan mergendim,
Gözüme ilse bes, aman bermezdim.
Bir gezek bir fris otlandy çilim,
Hala ýalan biliň,
hala çyn biliň,
Atdym!
Alyp gitdi közüni okum!
Hah-hah-ha!
Ýene atyp çilmin otladym onuň...
Snaýperdim...

Nobatguly Rejepow

0
3 Bagabat  
43
ESGERIŇ YKBALY

41...
Ajal akyp geldi lawa deý,
Ol söweşdi soňky demine çenli.
Ajal ony halka atyp gabady,
Ol göreşdi bilmän ölen-öçenni.
Ol uruşdy,
döşüne däl,
ömrüne
Köpnokat goýuldy sansyz gülleden.
Şonda Watan ony pýedestala
Çykardy-da, halas etdi ölmeden.

Nobatguly Rejepow

0
4 sylapberdimuhamov  
1428
Harby syr
Gazaplydyr uruşlaryň kadasy,
Ölüm adaty bir talaby ýowuň.
Ah, ýene nämeler bolmaýar jeňde,
Ölümden ýüz esse,
Müň esse ýowuz.

Ol ýesir düşmezdem, duşmandan däl-de,
Böwründen goýberse iň soňky oky.
Emma oňlamady ýurdun şu halda,
Elhenç urşa goýup, ölüp sypmagy.

Ol soňky okuny duşmana atyp,
Ele düşdi. Ol —ölumdi soldata.
Duşman bolsa «erkinligi» hem «bagty»,
Göwnüň isleýşiçe berip dur wada.

Emma harby syry duşmana satmak,
Özüň üçin watanyňy satmakdy.
... Ýesiriň ýalaňaç ýagyrnysynda
Dürre çyrpynmady,
Ýyldyrym çakdy.

Tultuk suw bolýança ýençdiler ony,
Ädik nal yzyny goýdy kellede.
Haýykdyrjak bolup haýykdy duşman;
—Äl erklilik bolar eken beýle-de!

Gözlerinden ýaş däl, gan çykdy onuň,
Göwresinden syr däl, çykyp barýar jan.
Ol şonda ruhy güýjüne däl-de,
Gelip-gidýän öz huşuna ynanman,

Bedeninde jemläp ähli mejaly,
Bir biçärä «ene» diýjek dilini,
Bir gyzyň balyndan doýjak dilini,
Parça-parça edip çeýnedi ýigit,
Birden beýhuşka-da samraýmaz ýaly...

Nobatguly Rejebow.

0
5 Yusup  
50
Surat obadaky wetaranlary ýatlatdy. Uruş wetaranlar ýaňy-ýakynam (ondan bäri esli wagt geçendirle) bardy 10-12 sansy. Indi birem ýok. bary ötdi. Indi birem ýok . Töwerekde bar diýip hem eşdemok. Siz gapdalda barmy ölmän galanlary?

0
6 Yusup  
50
Oglan wagtymyz sygyr-goýun bakamyzda, bir urşy gören ýaşuly bardy A plen diýlerdi. Uruşdaky wakalary gürrüň bererdi. Nemesçe birzatlar diýerdi. Uruşda ýesir düşüpdir. Ýesirlikde gaty kösenmedik bolmaly. öz aýtmyşy boýunça günbatar Germaniýada bolan bolmaly. Biriniň hojalygynda işledim diýýärdi. Soň bizi amerkanlar halas etdi, 3 aý amerikada bolup, getirip sowetlere tabşyrdylar. Uruş başlanda gidip 49-da geldim diýipdi pahyr.

0
7 Yusup  
50
Işdeşim gürrüň berdi, ulyrak adam.

Atam pahyr başyndan aýagyna çenli uruşda bolýar. Gutaran soň iline gaýtýar. Mara wogzalyna gelen otly durmanka begenjine otlydan bökýär. Şineliniňmi, penjeginiňmi synyndan çykyp duran demir ilýäde wagonyň aşagyna düşýär. Demir tegerler seni aman sypdyrjakmy, şol ýerde jan berýär.

Ýeri, uruşa gitdiň, çagba ýaly ýagýan okuň içinde ýyllap gezdiň. Gel-gel öýüňe ýetip gelýäkäň öläýmelimi. Garaşa otly durýança

0
8 sylapberdimuhamov  
1428
Watanyñ zaryny çeken bende halys çydamadyk-da. Onsañam kysmat diýen zadam bardyr.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]