20:10

Eý, dostum

Категория: Goşgular | Просмотров: 206 | Добавил: sylapberdimuhamov | Теги: Annamuhammet Kirşenow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
"Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Hemmäniñ uguny ýekelemek. Aslynda-a gowy däl ol söz?! Meniñ pikirimçe uguny ýekelemek bir adamy öwüp, aryplap-taryplap goltugyna garpyz gysdyrmak. Şeýle etmek bilenem öz bähbitleriñe laýyk hereket eder ýaly mümkinçilik döretmek.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Howa, biriniň "uguny ýekelemek" diýmek "wariantyny ýekelemek", ýagny seniň wariantyňy kabul edip, seniň maksadyňa laýyklykda temadan gürläp, syryny açmagyny gazanmak diýmek bolmaly, meniň pikirimçe. Beýle zady, elbetde, ile ündäp bolmaz

0
3 Garayolly25  
1449
,, Uguny ýekelemek" söz düzüminiň otrisatel mazmunly güýjüni şahyr bu ýerde položitel halda ullanmak islapdir. Dogram edipdir. Ýogsam ýeke~täk çuňňur we ýiti manyly käbir türkmen sözleri ýalňyz manysyndan ewalýussiýa geçmän gelýär. Mysal: turkmen şiwesiniň birinde ( Daşoguz) bir zadyň çakdanaşa oňatlygyna ýokary baha berjek bolsa ,, ýaman gowy" diýýär. Biri~birine düýpden garşy manyda gelýän bu sözler goşulup, bir zadyň gowylygyny tassyklamak üçin bir manaa, oňatlyk manysyna gulluk edýär. Şahyr ýokardaky goşgysyna diňe,, sabyr etmek" mazmunyny ýükläpdir. Suwuň içinde durup, diri balygy elde saklap durmagyň juda kynlygyny hemme bilýär. Onuň sypjyklygy elleriň güýjüne baş bermeýär. Sabyr~kanagatly bolmagam şo kysmy hal. Sabyrly bolmak ýaly kanagat baýlygyny gazanmak üçin köňül isleginiň, göwün höwesiniň, gara nebs salgymlarynyň... üstünden basyp ötmeli. Sabyr~kanagaty şeýdip gazanmaly. Ony ynsanyýet kalbyna siňdirmek ýolunda jöwlan urýan şahyr ,, Bilmerismi tapyp hemmäň, heý, ugrun" diýip, ahmyr edýär~de, ,, Bolmazmy ýekeläp hemmäň, heý ugun" diýen setiriň mazmunyny asyl manysyndan,, aýryp" gowylyga hyzmat etmäge getirýär. Şagyr gowy edipdir.

0
4 yaran_yagmur_9  
1578
Eger şeýle eden bolsa, bu şahyryň edebiýatyň öňündäki hyzmaty. Başarsaň sözleriň adaty manylaryny täzeçe ulanyp, diliň şol bir gorundan täze şireleri näçe diýseň alyp oturmaly. Bu - hyýal güýjüni ulanmakda ezberligiň alamaty. Tebigatyň maddalary bilen edip bolmaýan şular ýaly "al-himiýany" dil diýen material bilen edip bolýar.

"Ýaman gowy" bolsa günbatar sebitiň käýerlerinde-de örän ýörgünli. "Ýaman" türkçedir azerbaýjançada-da diňe bir erbet zady däl-de, eýsem islendik bir zadyň ýokary, adatdan daşary derejesini aňlatmak üçin hem ulanylýar.

0
5 sylapberdimuhamov  
1428
Hä, ol-a çyn. Türk seriallarynyñ Ýaman beý atly gahrymanlary ýadyma düşýär).

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]