19:42 Görýäniňi duýmak ukyby | |
GÖRÝÄNIŇI DUÝMAK UKYBY
Mäne baba bilen Lukman Hekimiň duşuşygyndan soň, ikisinden hem soraýarlar: «Onuň ylmy nähilidir?». Olaryň berýän jogaplary hem ýadyňyzdadyr: «Biziň bilýän zatlarymyzy ol görýär», «Biziň görýän zatlarymyzy ol bilýär». Görnüp duran zatlary görmegi döredijilik adamlarynyň aglabasy başarýar, iş görnüp duran zatlary duýmakda, ony çeper sözler bilen beýan etmekde. Güýz pasly gelende ýa-da güýz sözi agzalsa, Gurbannazar şahyr biygtyýar ýadyňa düşýär. Onuň güýz baradaky goşgulary sen isleseň-islemeseň hem ýatlamaga mejbur edýär. «Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak, Ýaprak saraldykça durlanýar pikir». Güýz barada şahyrlaryň köpüsi goşgy ýazan bolmagy ahmal. Ýöne Gurbannazaryň «Güýzleriniň» täsiri başga. Ol goşgulary ýazmak üçin ruhy ahwalatlar bilen tebigy hadysalary baglanyşdyrmak, sazlamak üçin inçe duýguly, ylahy zehinli bolmaly. Žurnalist Rahmet Gylyjowyň aýdyşy ýaly: «Tebigatdaky her bir zatdan ybrat alyp bilýän» bolmaly. Biziň pikirimizçe, ýokarda agzalan zatlary özünde jemläp bilen, ejesine «Dünýämiň baş sahypasy» ýa-da özüniň ýokary bilim alýan ýeri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine: «Maňa «Hoş geldiň!» diýjekmi?» diýip ýüzlenýän, özüniň täze pikirleri, üýtgeşik öwüşginli meňzetmeleri, deňeşdirmeleri bilen edebiýat meýdanyna gelen ýaş şahyrlarymyzyň biri-de Gülnar Geldimyradowadyr. Gülnaryň goşgularyny okanymyzda duýmak, onda-da «kalbyň gözi» bilen görmek, duýmak baradaky pikirler köp duş gelýär: Gursagym dar, kalbym ynjar, Görmez ony görýän gözler Maňa bir synlamak galýar bu ýerde Agaçlaryň ýalňyz galýan pursaty Ýüzlerinde dörän täze gasynyn. Gülnaryň goşgularyndaky ruhy gahryman hem nebsagyryjy, dözmez. Özgeleriň derdine, hatda tebigatdaky güýzde ýapraklaryny düşürýän, gyşda «ýalaňaç» galýan baglaryň bolup durşuna nebsi agyrýar, derdinişýär: Men dözmedim seniň agyr halyňa, Hatda bedeniňem dyrnalan ýaly... Ýalaňaç galan baglara Agyrýar nebsim. Çoýunmak, ýylynmak üçin öz ýakan oduň howrunyň ýylysy, mähri bir başga. Emma özgäniň ýakan odunyň howry ýakyp ýandyryp barýar. Muny Gülnaryň goşgularynda hem görmek bolýar. Ýüreginde howry galan agaçlar, Saralyp, sergezdan bolup, heň edip, Gidip barýan ýapraklara garaýar. Howurly ýüregiň oduna ýanyp, Indem saklap otyrsyňmy aýaňda, Sary saman ýaly ýapraklaryňy. Durmuşda halal, ynsaply, päk kalply bolmak — bu uly bagt. Şeýle bolmagy ile ündemek üçin özüň şolar ýaly bolmaly. Gülnaryň goşgularynda şu temalara degişli pikirler eriş-argaç bolup geçýär: Sen perişdä meňzäp düşdüň giň dünýä Şu bolşuňy saklap, päk kalply bolmak Özüňe galýar... Dogryny gözläp gezýän Ýalňyşdyrýan dünýäde. Mähriban enelerimiz barada goşgy ýazmadyk şahyr barmyka? Megerem, ýok bolsa gerek. Gülnar Geldimyradowanyň hem döredijilik dünýäsiniň «Baş sahypasy» — ene. Göreçlerim – göreçleriň içinde, Ellerim – elleriň aýasyndaka, Heý, meni kynçylyk saklap bilermi?! Başyňa gam gurşamasyn, Gorar meni, yşky beren. Hüwdüleriň ukladypdy, Men oýandym goşgy bilen. Dogrusyny aýtsak, biziň türkmen edebiýatymyzda kaka, ata temasyna ýüzlenilip, az eser döredilýär. Ýöne Gülnaryň döredijiliginde bu tema uly orun tutýar: Gazabyňdan gorky inmez kalbyma, Agraslygyň tutmaz egnimden siltäp. Kalbyma guýupdyr birçak bäbekkäm, Hemmeden seň maňa ynamdarlygyň. Göwnüme sygdyryp bilmediklerim Bir seniň öňüňde açasym gelýär. Gülnar Geldimyradowanyň döredijiliginde Watanyň bar zatdan beýikligi uly söýgi, buýsanç bilen aýdylýar: Barym sen! Meň bagtym saňa baglanan. Galamda däl, görejimde çekýärin, Hemme zatdan beýik bolan keşbiňi. Umuman, Gülnar Geldimyradowanyň döredijiligi köp öwüşginli, köptaraplaýyn. Ol haýsy tema ýüzlense-de sagdyn, dürs pikirleri aýtmagy başarýar. Döredijilikde öz ugruňy, öz ýoluňy tapmak kyn. Gülnar öz ýoluny tapypdyr, ol tebigaty özüçe suratlandyrýar, pikirlerini özüçe aýdýar. Biz ýaş şahyra döredijilik äleminde rowaçlyklaryň, üstünlikleriň ýar bolmagyny, galamynyň ýiti, zehininiň ötgür bolmagyny arzuw edýäris! Döwletmyrat NEPESOW, Ak bugdaý etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň mugallymy. | |
|
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |