21:17 Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" | |
AMIN MALUF we "EMPEDOKLYÑ DOSTLARY"
Edebi tankyt
Dünýä edebiýatyna "Afrikaly Leo", "Ýüzünji Ad: Baldassaryñ ýolagçylygy", "Ýollaryñ başlangyjy", "Tanios gaýasy", "Samarkant" ýaly ajaýyp eserleri beren Amin Maluf nirede? Amin Maluf bilen onuñ ilçi daýysy Şahada el-Gussainiñ öýünde tanşanymdan bäri ol hakda ýeke tankydy bellik ýazmadym ýa aýtmadym. Şol wagt ol on ýaşyndady, goýy gara reñli penjek-jalbarlydy we ýaşyndan uly galstuk dakynypdy. Işleýän redaksiýalarymyzyñ biri-birine bakyp duran jaýynyñ "Nahar" gazetinde başlan žurnalistlik kärini ýetmişinji ýyllaryñ ahyrynda taşlap, ýazyjylyga başlan wagtyndan bäri seýrek çap etdirýän kitabynyñ yzysüre ol hakda öwgi bilen söz açýan ýeke makala ýazmadym. Seýregrägem bolsa, halamadyk we eserinde Amin Malufy tapmadyk romanlarym boldy. Şol sebäpli bular haksa ýazmazlygy makul bildim. Özümi mundan, meniñ we şumatky ruhy ahwalymyñ jogapkärdigine ynandyrdym. Çap etdiren her kitabynda awtorynyñ iñ gowy dost, kärdeş, ildeş hökmünde meniñ üçin nämäni añladýandygyny ýañzytmak we ýazmak borjumdy. Ýazyjynyñ iñ soñky kitaby "Empedoklyñ dostlary" hakykatdanam meniñ pikirimi ikä böldi. Ilkibaşda ony howlugyp okadym. Şonda Amin Maluf maña salgym ýaly uzak göründi. Amin hakda hiç zat ýazmazlygy makul bilipdim. Çünki birinji gezek tankyt edip bilmejek adamymy, ýazyjymy, dostumy tankyt etmelidim. Özümi ýalñyşlygyñ mendedigine ynandyrdym. Beýleki adamlar ýaly korona sindromyndan we öýden çykman oturmagyñ psihologiki täsirlerinden ejir çekýän bolmalydygymy pikir etdim. Şonuñ üçin kitaby ýene bir gezek okadym, emma ikä bölünen pikirimiñ arasy hasam açyldy. Munuñ Aminiñ stilidigine, çeper fantaziýasydygyna we adamkärçilikli maksadydygyna şek-şübhe ýok. Emma Amin munuñ niresinde? Bu kitapda Amin taryh, awtobiografiýa we intellekrual okaýyşlar ugrundaky uzaga çeken işiñ yzyndan çeper fantaziýasyny başga bir ynsanperwer ölçegde synaýar: Adam kosmiki ýitip-ýok bolmagyñ erñeginde nädip ýaşap bilýär? Bir gezek ol maña iş režiminiñ bir ýyl gözlegde bolup, yzyndanam bir ýyllap ýazmakdygyny aýdypdy. Emma Atlantikdäki bu ýapyk we çola obada nähili gözlegler edip biler? Bärde diñe ýazyjynyñ çeper fantaziýasy bar. Bir özüniñ çeper fantaziýasy hernäçe güýçlem bolsa, çäklidir. Şonuñ üçinem onuñ işinde ýasamalyk agdyklyk edýär. Ýazyjy kämahal özüni gaýtalaýar we mundan peýdalanýan ýaly bolup görünýär. Hatda jadylaýjy güýjüni detektiw roman ýa-da "Da Winçiniñ koduny" ýazýan ýaly ulanýar. Adamkärçiligiñ syrlary garpyşýar we özümizi iki adamkärçiligiñ garşysyndan tapýarys. Bularyñ biri biziñ bilen bile ýaşaýar we Gadymy Gresiýadan bäri bizi yzarlap gelýär. Ahyrynda bizi telbe aziýaly adamyñ atjak ýadro raketalaryndan halas etjegem şu adamkärçilik. Bu romanyñ başga bir gowşak tarapy-da "Jeýms Bond" romanlar tapgyrynyñ awtory Ýan Flemingiñ kitabynda Gold Finger (Altyn barmak) atly dälä hamala ekiztaýysy ýaly meñzeşligi. Dünýä edebiýatyna "Afrikaly Leo", "Ýüzünji Ad: Baldassaryñ ýolagçylygy", "Ýollaryñ başlangyjy", "Tanios gaýasy", "Samarkant" ýaly ajaýyp eserleri beren Amin Maluf nirede? Onuñ häzire çenli çap edilen birnäçe çeper eserleriniñ we ylmy işleriniñ arasyndadygyna şek-şübhe ýok. Emma bu eser umumylykda tebigy görünýän ölçegde gymmatlydyr. Bir gülüñ owadanlygyny ýeke gury ýaprak ýaly bozýan zat ýokdur. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Sişenbe, 23.03.2021 ý. | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |