07:22 Goşgular - 2. | |
ŞAHYRYM
Şahyr Mämmet Seýidowa Ukudan oýanyp aladaňdanlar, Parlak Güne salam beren şahyrym. Topraga ak nurun sepende daňlar, Saýrak guşlardan ir turan şahyrym. Gerdeniňden basan wagty tukatlyk, Çigrekli säherler beripdi aklyk, Ynsabyň gowulyk, arzuwyň päklik, Kän-kän şatylary gören şahyrym. BU ÇÖLLER Munda ýaşap geçdi ata-babalar, Dostlar, Hydyr gören çöldür bu çöller. Ýazlagynda ýazlap, küren obalar, Gyşlagynda gyşlan çöldür bu çöller. Peşmekler köwlener ýyly goýnunda, Salgym atyn çapar sagy-solunda, Arzuwlar garrady ham-hyýalynda, Keýikleri gyran çöldür bu çöller. Teşnelikden jaýryk-jaýryk synasy, Ýokdur perzendine öýke-kinesi, Giňligine ýetmez gözüň hanasy, Ýazda kükräp duran çöldür bu çöller. Adam ýaly geplär diline düşseň, Geňeş berer, ýaman güne ulaşsaň, Salgym bilen, epgek bilen ýaryşsaň, Goşa ganat geren çöldür bu çöller. Suw dokaýar çölüň täze halysyn, Çeper eller ony synlap, halasyn. Uruşda ýitirip eziz balasyn, Boýnuny kän buran çöldür bu çöller. Gursakda gürsüldäp urýarka ýürek, Dünýäm abat, men bolmaryn janserek. Bu şahyr kalbyma giňişlik gerek, Ogluny joşduran çöldür bu çöller. ALA MEÝDANLAR Galdyň ýaşlygymdan ýadygär bolup, Düldüli igleden ala meýdanlar. Senemini bir görmäge zar bolup, Garyby agladan ala meýdanlar. Çepegimi ýuwup säher çygyna, Kän ylgadym gara ýeliň ygyna, Depämi gaýnadyp, Günüň çoguna, Dabanmy dagladan ala meýdanlar. Gök ýowşanyň ysy gelýär aladan, Maral towşan ürküp gaçdy ýaýladan, Ýol üstünde ýaşlygymy taladan, Suraty ala daň ala meýdanlar. Döwür hezil, ömrüň barha gysgalýar, Tolkun atyp böreň-böreň suw gelýär, Ýatma tozanjyrap, çyn arzuw gelýär Ilerki aladan, ala meýdanlar. Keşbiňden ganaýyn, birdem dursana, Men gojalýan, sen ýigdelýäň, görsene! Täzeden görşeli, eliň bersene, Hyjuwym galladan, ala meýdanlar. ENE GUŞ Gün edil süýrdepä galan halaty, Meýdan ody ýeten tamdyr ýalydy. Şofýor myçyp barýar, gumak ýol bilen, Käte tekiz, käte tümmek ýol bilen. Ol howlugýar çopanlara ýetmäge, Maşynynda dürli-dümen azyk bar. SAŇA Bagyşla, ýüregmi dökeýin saňa, Jahyllyk ýelgini öňki wadalar. Ýer ýaly agras sen, Gün ýaly beýik, Uly ýerden aýry bormy adalar. Çyplaň sähralardan syryldy duman, Alyslarda galdy ýeňles jahyllyk. Gün-günden gözüme yssy görünýäň, Bagtymyza edýän ýokdur bahyllyk. Duşuşaly ýene çeşmäň boýunda, Şerap damýar baglaň baldaklaryndan, Dünýäni unudyp serhoş bolaýyn, Güneşe ýarylan dodaklaryňdan. Çal saçlary mymyk şemal oýnasyn, Diýme maňa: «Garry oýnasa gaý bolar». Bu durmuşy gurmak ýeňil düşdümi, Goý, azalsyn aladalar, gaýgylar. Daň ýeli getirsin dutaryň sesin, Akar suw boýunda ýuwulsyn arlyk. Ýöne ynsan adyn götermek üçin, Bular heniz däl ahyryn ýeterlik. 1977. * * * Men diýdim: «Şahyrlar köpelen ýaly, Gazetlerde topar-topar goşgular». Sen diýdiň: «Bu zatlar öňem bolupdy, Ýene bolar, şahyrlar hem başgalar». Guşlar uçar, galar höwürtgeleri, Uly şahyrlardan galýandyr aýdym. Bagbandan bag galar, ussadan – senet, Bu sözler ýalanmy, hany siz aýdyň? Gowy zat ýekedir dünýäň ýüzünde, Şahyr hem sanalar ýeke-ýekeden. Diňe gowy zatdan alynýar nusga, Dana bolmaz her bir sapak okadan. Hiç mahal hem kän bolmandy şahyrlar, Şygyr sungatyndan göwün gananok. Olaň iň gowusy bir mahal ölen, Iň gowusy heniz dünýä inenok. 1977. BAHAR NAGYŞLARY Badyhowa ýaşlyk, gaýdyp gel ýene, Güýz ýagşyna ezileýin ezilsem, Saralan ýapraklar neneň gözgyny, Gözel dünýäm, ýaşamaga hezil sen. Göçgünli bulutlar heşelle kakyp, Dökdi kalbyndaky gaýgy ünjüsin. Murty tabanlaryň ýüzne pitikläp, Gyzlaryň boýnuna dakdy hünjüsin. Bulutlaryň kirpiginden üzülen Damjalar aýnamda kakýardy deprek. Güýz ternesi ýaly süýjewýär günler, Alan hamyr ýaly ýumşaýar toprak. Sonarly sähramda galkyndy otlar, Garagumda gury otlar çetredi. Gojalar aýdýar: «Geldi goşa ýaz». Çigrekli gijeler ýyldyz patrady. Jarlar dolup ajkýar börewň-böreňden, Aýyň ýagtysyna çölüm nurlanýar. «Yhlas bilen ýer gögerýär» diýleni, Asman yhlas edýär, Zemin durlanýar. 1977. TYMSALLAR ŞYGYR DÜZMEGIŇ ŞEKILLERI IKILEME (mesnewi) Iki setir, iki aryk, Gursagymy barýar ýaryp. * * * biri gözüm, biri gaşym, Mesnewidir çalgy daşym. ÜÇLEME (müselles) Üçleme üç setir, üç aýak tagan, Bir tabakdan iýer datly tagamy Bir eneden bolan üç sany dogan. * * * Şertem üçdür, andam üçdür, bu açyk, Adamyň ömri-de bölüner üçe Oglanlyk, ýigitlik, soňam gojalyk. DÖRTLEME (murabbag) Şahyrlar göwnese, bu ömür saly, Uzaldybam biler ýatlama bilen. Öňümde ak kagyz, elim syýaly, Ýüregimi dökýän dörtleme bilen. BÄŞLEME (muhammes) Eger yşga düşseň, döz gel janyňa, Deňegin ýaryňy dünýä malyna, Eger goşgy ýazsaň, boýa ganyňa, Oňarmasaň öz-özüňi gynama. Kelpez şahyrlar deý setir sanama. Aramyzdan böreň-böreň suw akar, Göwnüm ýara bakar, ýar kime bakar, Magşugyň näzini aşygy çeker, Eger-de çekmese ýüregi çöker, Senemjan, Garybyň algyn ýanyňa. Gündiz ýagty, gije kömür ýalydyr, Pelegiň penjesi demir ýalydyr, Bu gysga ömrümiz ümür ýalydyr, Aşygyň her güni ömür ýalydyr, Joş ylhamym, goşgy döret şanyna. Ýara ýar diýmeseň, ýar göwni synar, Namysjaň gözeller öz-özün gynar, Yhlasyň ýumrugy depäňden iner, Gün lowurdap dursa, ýyldyrym süýner, Besdir, ýarym mundan artyk gynama. ALTYLAMA (müseddes) Durna uçar, gaz geler, Aýdym geler, saz geler, Topar-topar gyz geler, Bir-birinden tiz geler, Seýkin basyp, uz geler, Algyr guşum baz geler. Akar suwda balygym, Göwün içre läligim, Çöllerde gülälegim, Şasyz ýurtda şalygym, Garyp günde şalygym, Durşy gyzyl köz geler. Durdy gözli durnam sen Akar suwly arnam sen, Güýzde süýji ternäm sen, Geçme beýdip görmän sen, Çekme göwnüm, arman sen, Bir gün gülli ýaz geler. Ýar goýny salamatdyr, Ýar göwni sahawatdyr, Ýar goly keramatdyr, Yşk ýüki melamatdyr, Söýýänim adalatdyr. Janalyjy gyz geler. ÝEDILEME (muabbag) Sana, waspyny sana, Men yşgynda diwana, Geldim eý, gyz, amana, Zülpüne ursa şana, Towusar iki ýana, Bizlerem goşdy sana, Bu ýarymdan nyşana. Gaşlaryndan ýel öwser, Bir ýylgyrsa, çöl öwser, Saçlaryndan gül öwser, Towsar, ýüregim towsar, lebleri aby-köwser, Bir posa derdim egser, Otlar saldyň bu jana. Gujagyň bagy-bossan, Her bakyşyň bir destan, Gel, egsilsin gam-gussam, Dikelsin ýatan hassaň, Şygyra dönsün kyssam, Tamam boldy elkyssam, Badak atdyň zybana. Tälim al, garry – gurtdan, Döneýin köne ýurtdan, Ýagşylyk çykar mertden, Gorkym kän uürum kertden, Göwnüm suw içer artdan, Owal-ahyr bu dertden, Gutuljagym gümana. SEKIZLEME Mutassat Göwni tämiz nigärim, sahawatly güýzmi sen, Görsem süňňüm gagşaýar, aňzak gyşmy, buzmy sen, Hemme maýyl husnuňa, baharmy sen, ýazmy sen, Ýandyrdyň howruň bilen ýa-da elwan közmi sen, Owaz edýär keteniň, tarlaň guşm, sazmy sen, Ýöreýän kän yzyňda, ýodamy sen, yzmy sen, Elwan ýaglykly serwim, durşuň bilen näzmi sen. Ýüzi tämiz gyzlaryň, sözem jana şypaly, Ýalan ýokdur zandynda, aşygyna wepaly, Bu gadymdan gelýän zat, yşgyň ýoly jepaly, Ýeňles oglan ýeldirgär, ursa söýgiň şemaly, Tor gurar jahyllara, gyzlaň sahypjemaly, Jübüt bolsun aşyklar, aý-gün bolsun sapaly, Toýçulary apalap, ýüpek serpaý ýapaly, Ak guş bolup asmandan ýere inen gyzmy sen. Gözlerim seni gözlär, husnuň sypmaz nazardan, Aşyklara owaldan gutulma ýok azardan, Eger-de ykbal çüwmän, aýra düşsem gülzardan, Kim otursyn törümde, geçjek öýden-öwzardan, Gaýtmaryn pälimden dünýä bizar bizardan, Aglar sowan jesedim, ses gelmese mazardan, Gök ot bolup çykaryn, medet alyp yzgardan, Sygynaýyn bolmasa, öwülýämi, duzmy sen. DOKUZLAMA (mutassag) Özgelerden edeplidir, mahy-tabanym meniň, Ýaşlygymda sulhum alan, jesetde, janym meniň, Owal gezdim aýdabilmän, dinim-imanym meniň, Diriligim, ak maralym, damarda ganym meniň, Çyn jöwhere gyn ýaraşar, mertebäm, şanym meniň, Çöle çyksam, halasgärim, suwum hem nanym meniň, Ýeke bolsaň çaňyň çykmaz, sen ýarty ýanym meniň, Ah, dokuzym düzüw bolsa, san içre onum meniň, Geçen güni geçdigi bil, ertäm hem düýnüm meniň. Sen baharda dogulypdyň, tarypy bar her senäň, Bahar ýaly gül göterip, gel, ýanyma gel, sonam. Yşga düşen soňun saýmaz bagyşla bolsa günäm, Ymmatymdan ant içýärin. o dünýäm hem bu dünýäm, Owuz süýdünden arassa, halal perzendi enäň, Sözlerime güwä geçer, seniň aslyňy tanan, Oglan wagtym sallançagňy kän üwräpdim eý, jenan Gel, ýene-de üwräýin men bagyrda hunum meniň. Umydyma ýeterin men, el çekmerin kärimden, Ýene taryp ederin men, seni golda barymdan, Asylsam-da «ah» diýmerin, söýgiň inçe daryndan, Guşlar eňräp, gurtlar aglar, bu aşyky zarymdan, Eziz ylham joşa geler, Günüň tylla nurundan, Bu göwün heýjana geler, tamdyranyň taryndan, Oglan geçer, gyzlar jyklar, gözenekli tärimden, Saba ýeli habar getir, gara gözli ýarymdan, Ah, hemmeden owal, düşdi, bir saňa synym meniň. ONLAMA (mýaşşar) Göwnüm uçara geldi, güýz gününiň ertiri, Böwrejigim böküp dur, diýýär: «Diri men diri». Gara gaşyň ýaýmy gyz, bolaýyn şonuň tiri, Başym ýaş däl, şonda-da men bir yşgyň ýesiri, Bilseň Tahyr, Mejnuny, menem şolaryň biri, Maňlaýyňa ýazylsa, çözen barmy takdyry, Günä eden bolsam-da, ýuwudaryn tagsyry, Çyn aşyklar telbedir, bilmez namysy-ary, Göçäýse-de «ah» diýmen, gözleriň misli däri, Messan basyp, uz ýöräp, gel ýar, gel, bizim sary. Gara gözleň garaly, bagda biten alça sen, Üzjek elim ýetenok, düzüm-düzüm ülje sen, Ir bilen huşum aldyň, açylmadyk gunça sen, Gözi gören hyrydar, bir ajaýyp nowça sen, Goltugyma salaýayn, içi ýagly golça sen, Eger aşyk bolsaň-da, heniz ýoksuň mençe sen, Uçup gonýaň şahada, jürküldeýän serçe sen, Diňläp gör ýüregimi, bolarmykaň onça sen, Ah, geleýin gönimden, nakysja gyz, gowja sen, Ýarylmanka ýüregim aýt, sen kimiň ýary. Näzlim beter näz etme, näziňem çeni ýagşy, Gara gözüm gapyldy, tozuňam çeni ýagşy, Uz ýöräp, bagrym üzdüň, uzuňam çeni ýagşy, Aşyklaňky oýundyr, bazyňam çeni ýagşy, Garrap gitdi gulagym, sazyňam çeni ýagşy, Datly bolsun tagamyň, duzuňam çeni ýagşy, Birden doňup galaryn, buzuňaü çeni ýagşy, Goşgy ýazsaň, gysga ýaz sözüňem çeni ýagşy, Tomus, güýz, gyşam gerek, ýazyňam çeni ýagşy, Senem diňle çalaýyn, iki gulak dutary. JOGAP BER (Owganystanly Oraz Abdyrahman bilen aýdyşyk) Azadynyň, Magtymgulynyň, Gaýybynyň, Magrupynyň, Durdy şahyryň we gaýry söz ussatlarynyň aýdyşygy meşhurdyr. Gazetden. – Gorkut ataň, Göroglynyň nesli biz, Oraz şahyr, sowalyma jogap ber. Oguz türkmen dälmi biziň aslymyz, Oraz şahyr, sowalyma jogap ber. – Şekerden şirindir türkmen zybany, Ýylgaý şahyr, bizden jogap şeýledir. Türkmen öwladynyň birdir imany, Ýylgaý şahyr, bizden jogap şeýledir. – Nämeden başlanar adama gadyr! Ol bar zatdan uly saýylýan nedir? O nämedir, ilki edilen hödür, Oraz şahyr, sowalyma jogap ber! – Salamdan başlanar adama gadyr, Her bir zatdan uly saýylýan şodur, Duz – tagamdyr ilki edilýän hödür, Ýylgaý şahyr, bizden jogap şeýledir. – Hanlaryň içinde hanlaryň hany, Töre geçse, garşy alar myhmany, Nedir türkmenleriň anty hem jany, Oraz şahyr, sowalyma jogap ber. – Hanlaryň içinde hanlaryň hany, Ol desterhan, garşy alar myhmany, Şoldur türkmenleriň anty hem jany, Ýylgaý şahyr, bizden jogap şeýledir. – Gulam bagşyň başyna dag inderen, Iki gulak owazyny syndyran, Ne gudratdyr, durnalary gonduran, Oraz şahyr, sowalyma jogap ber. – Gulam bagşyň başyna dag inderen, Jüp gulagyň owazyny dyndyran, Şirin sazdyr durnalary gonduran, Ýylgaý şahyr, bizden jogap şeýledir. –Sünneläp dokalan Günüň taryndan, O näme zat, giňdir dünýäň töründen, O näme, aladyr biri-birinden, Oraz şahyr, sowalyma jogap ber. – Halydyr dokalan Günüň taryndan, Türkmen göwni giňdir dünýäň töründen, Haýyr-şer aladyr biri-birinden, Ýylgaý şahyr, bizden jogap şeýledir. – Ol Görogly begiň goşa ganaty, Merde medet, ar-namysly syraty, Türkmenler toý tutsa, şoldur zynaty, Oraz şahyr, sowalyma jogap ber. – Gyratdyr Göroglyň goşa ganaty, Ar-namysy gamyş gulak gyr aty, Türkmenler toý tutsa, atdyr zynaty, Ýylgaý şahyr, bizden jogap şeýledir. – Ol kimdir, «Jemşidiň jamy» saýylan, Nuhuň eýýamynda gämi saýylan, Ferdöwsiň, Fizulyň taýy saýylan, Oraz şahyr, sowalyma jogap ber. – Pyragy «Jemşidiň jemy» saýylar, Nuhuň eýýamynda gämi saýylar, Ferdöwsiň, Fizulyň taýy saýylar, Ýylgaý şahyr, bizden jogap şeýledir. – Ýylgaý aýdar, didar- didara bakar, Döwletliden rehnet arygy akar, Ganyň bilen giren jan bilen çykar, Oraz şahyr, sowalyma jogap ber. – Oraz aýdar, duşdy didar-didara, Ýör, dogan, gideli biziň Diýara, Türkmen binasydyr deňelýän jana, Ýylgaý şahyr, bizden jogap şeýledir. TUÝUGLAR Gadymy şygyr düzüliş formasy Dar kalbyma giňlik guýgun, Ýaradan, Sen bendäňi katra gandan ýaradan, Ýigrimide, orta ýaşda, garrabam Gutulma ýok, ýürekdäki ýaradan. * * * Göwnüm bolup, gel, ýanyma, bäşi kak, Ýogsam borun burum-burum-burum kak, Men ýalazy meýdandaky bedewiň Gözlerime siňdi jaýryk-jaýryk kak. * * * Derýa bardaň, göwnüň küýsär ýeňil sal, Ah, duýdurman tasap geçdi ömür-sal, Hyýalymda beri syrym aýdaýyn Gel-de, dünýäm, nalyşyma gulak sal. * * * Oglanlykda adam misli ýüwrük taý, Jahyl çykdym, hiç tapmadym saňa taý. Ýar yşgynda ganat-perim gyryldy Synan göwnüm, şemal ýaly düzde taý. * * * Wesýet näme, bary puçdur ölende, Ah, şonda-da jaýlaň belent ölende, Dirilikde il-gün tutsun sarpaňy Şahyr ýaşar, mukamlarda, ölende. * * * Ah, nädeýin, söýgi maňa saldy al, Eý, goçgarym, başyň ýaşdyr pendim al. Deň gelermi ata-pgluň ykbaly Maňlaýyndan öpsün daň şapagy al. * * * Saba ýeli, bir derdime ýara sen, Ýeldirgäp duz sepme köne ýara sen. Senem aşyk demsiz-düýtsüz çöllere. Salamymy tizden ýetir ýara sen. * * * Dok bugdaýyň ahyr jaýy degirmen, Pul tapsam-da, sanaman el degirmen, Ussat kişi awy bersin içerin, Minnetli aş bal bolsun el degirmen. * * * Boýnyýogyn gyza ýalbar, bar, güldür, Säherde parlap açylan ter güldür. Kim daksa-da, bilip dakan adyny Aşygyny oda salan ol Güldür. * * * Eger aksaň, derýa ýaly joşup ak, Onki synaň goşa göwsüň ýaly ak, Görgeç sulhum alan ýüzi tuwaklym Owal-ahyr bolawersin alnyň ak. * * * Besdir, mundan artyk näziň çekdirme, Ykbalymy tereziden çekdirme. Ah dyzba-dyz otursadyk bileje Suw bilen nan bolar ýagly çekdirme. * * * Gudurady dulunda un baýady, Toba geldi ýigit ýene baýady. Çelpek ýapyň, pişme seçiň, gelinler Buşluk, bu gün söwer dostum baýady. * * * Saçy ýagly, gök kürteli gaýtarma, Aşygyňy zol yzyna gaýtarma, Gahar edip, gyzyp duran tüpeňiň birden perim, gulagyny gaýtarma. * * * Öýlerine barjak boldum kän gaýra, Bir ýoly torç edip, üzüldim gaýra, Aýyň ýüzün gara duman baglady Bilmedim haýsydyr ileri-gaýra. * * * Bar höwesim käte ýazýan ýeke bent, Aşygyňy gül husnuňa etme bent, Teşne göwün köşgün suw-sil edeli Aksyn, söýgi derýasyna gurma bent. * * * Gyşy maýyl bolsa, geler goşa ýaz, Geçen geçdi, orta ýolda biliň ýaz, Bizden öňem aýdyp giden şahyrlar Gel, ylhamym, kükräp joş-da, nama ýaz. * * * Köýneginiň ýakasynda haly bar, Söwer ýaryň ýaňagynda haly bar, Gaşlaryndan öwser gyşyň şemaly Göwni bölek, bilmen niçik haly bar. KELTE TYÝUGLAR Gürmek şalyň arkasyndan suw içer, Içi ýanan kişi sowuk suw içer. * * * Seň daşyňdan aýlanaýyn ýüz gezek, Aşyklara diňe güler ýüz gerek. * * * Getirdiň gök jamda ýagly dograma, Sallanjyrap jiger-bagrym dograma. * * * Goýnuň içi bol miweli baglydyr, Henizem bu ykbal saňa baglydyr. * * * Akja boluň bilen uzat bir bada, Men başyma jyňkydaýyn bir bada. * * * Gözüň ýyldyz, boýuň misli ak derek, Daň atanda ýyldyzlardan ýok derek. * * * Ýorgalapjyk gitdi misli beden, Boldy iňňe sanjylan dek bedene. * * * Ýar başyna atynypdyr al öýme, Dile-dile jiger-bagrym gan öýme. * * * Oglan wagtym kän çöpledim çöpleme, Ýene kärim il-günden söz çöpleme. * * * Çigrek gonan ýaňaklaryň ýaş alma, Söýýän bolsaň, golgugyňa daş alma. GAZALLAR * * * Gorküýzäm sen, ylham ber, waspyň ýazarym ýaly, Aşyklaryň ýurdunda aýdym düzerim ýaly. Setirlerim gül bolup, aýagyňa düşelsin, Öýke-kinäň çigişen düwnün çözerim ýaly. Nobat seniň eliňde, näme etseň hakyň bar, Oda ýaksaň, başda ýak, soňra dözerim ýaly. Yhlasymy kabul et, müňkür bolma söýgime, Alma üzüp bagyňdan, ýaýnap gezerim ýaly. Bergin goşa ganaty, uçsun göwnüm guş bolup, Takyr ýerde ylgaşsam, ýelden ozarym ýaly. Aksyn ylham çeşmesi, gowzamasyn gorküýzäm, Teşneleri gandyrsyn, suwly güzerim ýaly. * * * Baharymy ýatlaýan, galam-gaşdan aýryldym, Düşdüm yşgyň derdine, akyl-huşdan aýdylrym. Oglanlykdan gabanyp, ilki göwün berenim, Ykbal nirä iterdi, şuňkar guşdan aýryldym. Topar oglan-gyz bolup, oýnardyk ak takyrda, Jüýje ýaly pytradyk, deňi-duşdan aýryldym. Ah, garrylyk maňlaýa çekdi çiglim joýasyn, Demigýärin yssydan, guşluk-çäşden aýryldym. Ýyldyz ýaly gözlerim kütelipdir, nädeýin, Azylarym sap-sary, sadap dişden aýryldym. Hemmejesi bir ýaňa, ýeke şu-da bir ýaňa, Äsgermedim ýyllar – juwan ýaşdan aýryldym. * * * Bir saňa köňül berdim, özge ýary nädeýin, Açsaň göwün işigiň, özge töri nädeýin? Zülpüňe şemal degse, balar «Babagammary», Saçlaryň günüň tary, başga tary nädeýin? «Aşyklarda ar bolmaz» diýer dili siňirli, Çüwse besdir ykbalym, namys-ary nädeýin? Bezenip seýle çyksa, husny meňzär bahara, Her ýylgyrşy alaýaz, gülbahary nädeýin? Gel, waspyňy ýazaýyn, Aý dek ýüzi tuwaklym, Ýerde gözüm tamaşar, gökde nury nädeýin? Senden ylham almasam, synsyn golda galamym, Dümtünip goşgy düzmen, beýle käri nädeýin? * * * Bagyşlaryn bolsa-da, ownuk-uşak günäsi, Ýüzünden nur ýagyp dur, abat bolsun dünýäsi. Gel, töeüme gonsana, kümüş ganat humaýym, Bize işigin açsyn, yşk mülküniň galasy. Başdan sulhum alan ýar, dodaklary gyrmyzym, Güle gonar gül ary, ýar-ýarynyň penasy. Ýaňaklaryň ezilsin, bahar gyzyň ýagşyna, Öten aşyklar ýaly, dilimde ýar senasy. Teşnelikden ganaýyn, gara gözüň çeşmedir, Iki kenar öpüşsin, aksyn söýgi derýasy. Aşyk aşyk ýurdunda arzylasyn aşygyn, Iki ýürek bir bolsa, synmaz göwün binasy. * * * Säher güller açylanda, seni gülden soradym. Saba ýeli öwüsende, seni ýelden soradym. Duşdum söýgiň girdabyna çykabilmen nädeýin, Derýada sala münüp, seni saldan soradym. Ary halky bal toplar, balyndadyr süýjülik, Dodaklary nabadym, seni baldan soradym. Hydyr gören çölleri sökdüm paý-u-pyýada, Didaryňa teşne men, seni çölden soradym. Gyz kän biziň illerde, edepli hem ekramly, Belki-de tanar diýip, inçe bilden soradym. Ýaňaklary gyrmyzym, iňňe dälsiň ýitere, Aýlar habar etmedi, seni ýyldan soradym. * * * Gözleriň umman ýaly, ýüzeýin şol ummanda, Gözleriň ýyldyz ýaly, ýagty saçsyn dünýämde. Gözleriň misli jellat, isleseň al janymy, Durup bolmaz öňünňde, bize sary çenäňde. Garamyk dek gözüňe sürtülmesin garalyk, Şol gözleriň içinde sogabym-da, günäm-de. Gel, gowusy pyýala dek gözleriňden öpeýin, Gamak ýaly ýeňlesin, gurşun ýaly synam-da. Nalyşyma gulak goý, keramatly öwülýäm, Toba gelip ýalbarýan, ýalkanaryn dünýämde. * * * Ýüzüňden nur dökülsin, adam görki ýüzdedir, Durşuň bilen akyl sen, ýüzüň görki gözdedir. Sözem agyzdan çykar, janam çykar agyzdan, Ygrarly bol lebpiňe, göwün görki sözdedir. Näzir ňbilen eretdiň kyrk çilläniň garyny, Ogryn-ogryn bakyşlym, gyzyň görki näzdedir. Ýör, gideli ezizim, sonarly meýdanlara, Ýeriň doňy çözüldi, ýazyň görki düzdedir. Çagalykda meniň gumda gömme çöregi, Açyl, saçagym açyl, saçak görki duzdadyr. Ýaradanlar bendesin owal jübüt ýaradan, Goý, söýüşsin aşyklar, dünýäň görki gyzdadyr. * * * Nädeýin men gülüstany, ýanymda ýar bolmasa, Gözlerinden gözüm ganmaz, goşa didar bolmasa. Kim ynanar ýüregimiň aýdymyna-sazyna, Şelpeleri owaz edýän, şirin dutar bolmasa. Öwünme sen aşyk ýigit, öwgi ümür ýalydyr, Hiç kim seni sana almaz, goluňda kär bolmasa. Yşgyň derdin çeken biler, çekebilmez her ýeten, Ýaryň ogryn bakyşyndan, aşyk humar bolmasa. Görünerdi ýolda-yzda, sataşardy nazarym, Ol gözel hem meniň ýaly, yşkdan bimar bolmasa. * * * Ylhamym gaýnap joşsun, göwnüm çyrpynýan wagty, Şahyr, gardaş, ýazyber, ylham getirdi bagty. Gyzarypdyr gan ýaly, seret, ýaraly Günem, Asmandaky köşgünde aýam salyp dur ýagty. Joşgun derýa, deňizler heder etsin badymdan, Ýolda gyrylaýmasyn, birden adam ganaty. Gör, iňrik garalypdyr, has owadan bu dünýä, Adama birsalymlykdyr, ýaşaýyşyň zynaty. Sür, gaýygy aýama, çym-pytyrak bolýança, Ýuwaş sürme, şahyrym, howluk, sürewer gaty. Wagt bir uçar guşdur, sylamaz hem garaşmaz, Geçer gider duýdurman, ah, bu ömür sagady. * * * Goşgy bilen ile çyksaň, Owal akyl dana gerek. Biliň guşap, ýola çyksaň, Bu göwün diwana gerek. Höwes etme saýalara, Meňze iner-maýalara, Dyrmaş uçrum gaýalara, Oňa sagdyn syna gerek. Käte-käte basýar wehim, Kim eşider, ýürek ahym, Eger ýere sepseň tohum, Bir guşgursak däne gerek. * * * Guduramaň ýuka ýürek döwürde, Nesihatym şudur size, balalar! Yzyňa nazar sal, ýüzüň öwür-de, Durmuş agyr düşdi bize, balalar! Çagalygmy uruş talady gitdi, Ýaşlyk gözün sykyp, aglady gitdi, Ýigitlik şemala galgady gitdi, Indi gubar indi göze çagalar! Ýada salyp ýyndam keýgiň kölgesin, Aý-gün geçdi syryp, ýyllaň jülgesin, Habar tutuň, garry göwnüm galmasyn, Gel, sizi sylaýyn ýüze, balalar! * * * Garrylyk gara gyş, ýigitlik ýazdyr, Her näçe ýaşasaň, ýene-de azdyr, Aşyklaň höwesi oýundyr, bazdyr, Saglykda şatlanyp, gülen ýagşydyr. Diksek bir-birege gadyr agajyn, Ölümiň-de tapyp bolar alajyn, Çyndyr il aýtsa: «Aňy ýok ajyň», Doklugyň gadyryn bilen ýagşydyr. Ýaşaýaňmy, meňze goşgunly sile, Ýamany ýazgaryp, ýagşyny syla, Adyň ýagşylykda tanalsyn ile, Soňra abraý bilen ölen ýagşydyr. * * * Guýmagursak şahyr Mämmet Seýidi, Sen dälmi joşduran, ala daňdanlar. Ak nuruňa eýläp her bir beýidi, Meňzetdi açylan güle, daňdanlar. Ýada salyp akar suwuň akymyn, Goýnunda göterdi dünýäň pähimin, Ýere sepip täze günüň tohumyn, Sen saglyk paýlaýaň ile, daňdanlar. Guşlaň owazyndan alaýyn ylham, Jemalyň dirilik, gadamyň melhem, Belki, il derdine ýararyn men hem Para ber çykaýyn ýola, daňdanlar. * * * Çynyň bilen hiňlen hiňlenjek bolsaň, Güýjüňi gaýgyrma diňlenjek bolsaň, Aşyklaň kalbynda sallançak bolsaň, Şonda şänik ýaryp, dömeniň galar. Gözbaşyna akdyrmarsyň derýany, Aşyk saýma her bir gözi girýany, Märekede agras bolgun ýer ýaly, Ýerinde sözlegin, dymanyň galar. Göwni galarmyşyn gülkä gülmeseň, Wepaly ýar sowar nazar salmasaň, Şaglap doly ýaly ýagyp bilmeseň, Bir teşnäni gandyr, damanyň galar. * * * Eý, dostum, bu dünýäň gadyryn bilseň, Ilki abraý bilen saglyk dilegin. Ýüregimi dökýän, pendimi alsaň, Ýakyna, ýadyňa gowluk dilegin. Zürpadyňdan çyksa, garaşan çakyň, Garranyňda ýeňlär, göterjek ýüküň, Ömrüň uzar ýaly, il-güne çokun, Bir mysapyr agtyk-çowluk dilegin. Dünýä biweäligin jar etdi telim, Ömür diýenleri göz açym salym, Iki ömür ýokdur, iki-de ölüm, Saglykda halkyňa beglik dilegin. * * * Gök seçekli elwan ýaglyk başynda, Meýdana çykaly bile, ezizim! Kebelek deý perwaz urýan daşyňda, Sen meňzeş açylan güle, ezizim! Ýaňaklaryň al şapaga boýalan, Gök çynardan, ak derekden boý alan, Sagrysy meýdanlym, baly goýalan, Aşygyň men düşün dile, ezizim! Gapyňyzda owlak bolup mäläýin, Aglasam-da seniň üçin aglaýyn, Ykbalyňy ykbalyma baglaýyn, Däliräp çykmankam çöle, ezizim! * * * Içinde garkyldap ýüzerim ýaly, Meniň gözlerimde gözleriň galsyn. Ýaňagyňdan posa üzerim ýaly, Şirin sözleriňde sözlerim galsyn. Gözüm sataşanda kamaty serwä, Bir çümmük ot düşdi bu juwan kalba, Aşyklyk adamy edermiş telbe, Gara gyş owarram, ýazlarym galsyn. Doganyň dogana azary bolmaz, Söýgüsiz ýüregiň yzasy bolmaz, Çopansyz çölleriň mazasy bolmaz, Men çopan, çöllerde yzlarym galsyn. * * * Güjüklikde dalanmadyk kişiniň, Ulalanda işe weji az bolar. Jahyllykda sylanmadyk kişiniň, Maslahatda akyl-huşy az bolar. Ýeke özün bilýän adamdan gaçgyn, Yhlasly ýar bolsa, gujagyň açgyn, bibereket öýde ot bolsaň öçgün, Ar-namys, gaýraty güýji az bolar. Adam bardyr, salyp bolmaz galypa, Adam bardyr, mynasypdyr tarypa, Özüňden asgyny tutma halypa, Samanyn sowursaň, çäji az bolar. * * * Garry diýip gülüşmäňler halyma, Gahrym gelip, hapa boldum, gelinler. Seýdi Ýanyňyza bardym, pyňkyryşdyňyz, Meniň ýüregimi bilmän, gelinler. Ak saçyma garap, piçjiň atdyňyz, Beýdip jigerimi dilmäň, gelinler. Gözellik myhmandyr sähelçe salym, Tomusda salgyma edip dur çalym, Menem az tirmedim baglaryň gülün, Muny göwnüňize almaň, gelinler. Ýaş wagtymda Don-Juwandym, ataşdym, Yşga düşüp ot-ýalyna tutaşdym, Özüm bilmeý garrylyga sataşdym, alnyňyza geler gülmäň, gelinler. * * * Durlansyn, nurlansyn akar çeşmeler, Çeşmäniň boýunda guşlar saýrasyn. Guşlaryň dilinde näz-kereşmeler, Dostumyň öýünde guşlar saýrasyn. Egninde köz ýaly gyrmyzy keten, Tawus dek bakyşly, sallanyp öten, Söýmek, söýülmeklik ýaşyna ýeten. Gyzlaryň toýunda guşlar saýrasyn. Bagymda açyldy reňbe-reň gülüm, diňe ýagşylyga uzasyn elim, Dört pasyly bolýan bolsa bir ýylyň, On iki aýynda guşlar saýrasyn. * * * Senem dymma, menem dymma, Gel, gyz, sözsüz gürleşeli. Bir howadan emdik emme, Bir göwrede ornaşaly. Päliň pes, özüň ýokarda, Ýazda suw durmaz takyrda, Gurbat ýok, göwräm çukurda, Çek, elimden birleşeli. Ýaşym geçdi oglanlykdan, Peýda ýokdur oýalykdan, Menem irdim sallahlykdan, Gyzyl gül dek çyrmaşaly. * * * Erbetligi erbet kişi başarar, Dünýede ýagşylyk edenim galsyn. Göägün göwün kän zatlara baş urar, Oglumda, gyzymda edebim galsyn. Saça gyraw düşdi, maňlaýa gasyn, Meni bilmek islän şony okasyn, Ojagyň hözirin, tagamyň ysyn, Unudan pursatym bu demim galsyn. Çagalarym oglanlykdan saýlanan, Kimsi durmuş guran, kimsi öýlenen, Ak sähere, gara dere eýlenen, Topragyň ýüzünde gadamym galsyn. * * * Toýnak salyp, Aý, ýyldyza, Gezenim ýaňy dälmidir? Nagma baryn gelin-gyza, Düzenim ýaňy dälmidir? Alty ondan gätdim eýýäm, Sowulandyr ajap eýýam, Şerap uzat, Omar Haýýam, Süzenim ýaňy dälmidir? Öýüň töri indi ýerim, Goşgymdadyr ganat-perim, Yssydygyn ene ýeriň, Syzanym ýaňy dälmidir? * * * Sahylyk gül bolup çykar, Üstüne bu mele ýeriň, Bahyllyk kül bolup çykar, Üstüne bu mele ýeriň. Ýagşylyk nur bolup ýagar, Üstüne bu mele ýeriň. Ýamanlyk gar bolup ýagar, Üstüne bu mele ýeriň. Guma döner bar adamzat, Astynda bu mele ýeriň. Ömür sürmek ajaýyp zat, Üstünde bu mele ýeriň. Başyňda melewşe gülli ýaglygyň, Gülleriň içinden seni gözledim. synan göwün gözýaş döküp aglagyn, Sallaryň içinden seni gözledim. Yssyda tebsiräp, aňzakda buýdum, Ýekeligiň derdin has beter duýdum, Çopanyň goşunda aýdylýar aýdym, Gollaryň içinden seni gözledim. Ýyldyryma toýnak saldy hyýalym, Kim bilýär, owaldan şeýle ykbalym, Puç boldy arzuwym, maksat-myradym, Ýyllaryň içinden seni gözledim. * * * Ýalbarmakdan sypjyryldy dillerim, Ýar bizi äsgermez, boýny ýogyndyr. Köçä kän zyňyldy elten güllerim, Ýar bizi äsgermez, boýny ýogyndyr. Hydyr diýip, ýapyşanym hyrs boldy, Men bir lellim, eden işim ters boldy, Kepderi diýenim ala bars boldy, Ýar bizi äsgermez, boýny ýogyndyr. Görmesem gam-gussa depämden basýar, Görsem ýene özün asmandan asýar, Inim ez-bez, emma ýüregim gysýar, Ýar bizi äsgermez, boýny ýogyndyr. *** Kesirje gyz, aşygyňy gynama, Bir gün ökünersiň, başyňa geler. Kim bolsa-da sylamasa sylama, bigadyr joralaň aşyňa geler. Göwün diýenleri altyn köşkdir, Mähirsiz adamlar suwsuz meşikdir, Ýüzüňe öwýänler ýalan aşykdyr, çyn aşygyň gara başyňa geler. Ýazyň ysy kükär gökje ýowşandan, Jylawlap bolarmy, göwün towsanda, Baharda meýdanlar ýaşyl öwsende, Bu lälezar dünýä hoşuňa geler. *** Diýýärler, «Gyş günüň alaýaz bolar», Eger mylakatly aýalyň bolsa. Öýüň dutarsyzam aýdym-saz bolar. Eger mylakatly aýalyň bolsa. Myhman gelse, ýok zadyndan bar eder, Gaşyny çytmagy namys-ar eder, Sagrysyny dutar, zülpzn tar eder, Eger mylakatly aýalyň bolsa. Aýal, ýüzüň nury, depäň täjidir, Aýal, ötden ajy, baldan süýjüdir, Gol ýaly maşgalaň äbe-jüýjedir, Eger mylakatly aýalyň bolsa. * * * Tüm gijeler dönüp aýdyň gündize, Süňňüm ýeňläp barýar seni göremde. Nazarym düşenok başga hiç gyza, Dünýäm giňäp barýar seni göremde. Periler nesli däl, sensiň beşerden, Gül ýüzüňe aşyk bolmaň daşardan, Söýgülim saçbagyň älemgoşardan, gözlerim gamaşýar seni göremde. Seni görsem, bagy-bossan Garagum, Ýolunda intizar goşa garagym, Bir gysyma sygýan şahyr ýüregim, Giň jahana sygmaz seni göremde. * * * Adam, öz öýünde bigadyr bolsa, diňlemez gulaga guýanyň bilen. Bu-da bir nesihat, pendimi alsaň, Agzyň tagam tapmaz, iýeniň bilen, Sen özüňi düzelt, ile at dakma, Wepaly ýaryňa gyýalap bakma, Hergiz ogul-gyzyň göwnüni ýykma, Ulalsa ýüz bermez, söýeniň bilen. Halyn sora biri duranda aglap, Geçiberme etegiňe daş baglap, Adamlaryň göwnün bilmeseň awlap, sözleriň ýer tutmaz, diýeniň bilen. * * Bahar gelse, bagda güller açylar, Bahar geldi, açylsana döneýin! Atyr ysy älem içre saçylar, Birje posa eçilsene, döneýin! Düşünmek kyn çynyň bilen oýnuňa, Magşugyňy dolasana boýnuňa, Hopba bol arkama, gel, mün boýnuma, Ýa goluňda käse bolup synaýyn. Ak göwünden pata berseň ak ýoly, Satyn alyp bolmaz beýle ykbaly, Ýör köňlüm, güzeriň ýolun saklaly, Sen bir çeşme, men bir teşne, ganaýyn. * * * Ýaka tutup, ýeke saňa sygynýan, Duşur üme düşýän ýara, ykbalym. Sähere sygynýan, daňa sygynýan, Eselsem çeksinler dara, ykbalym. Şu günki göreniň ertesi ýokdur, Ýüregi päk kişiň, ýoly-da päkdir, gundagam ap-akja, kepenem akdyr, Eger salaýsalar göre, ykbalym, Islegim ýok, zyýat bolmak başgadan, Suwsan ýürek lezzet alsyn goşgudan, Ýaman hatyn bilen ýaman goňşudan, Natuwan bendäňi gora, ykbalym. * * * Alçy gop aşygym, gopmagyn towha, Elekde suw durmaz, gözemek bilen. Güýz ýaly agras bol, bolmagyn pöwhe, Öwünme üstüňi bezemek bilen. Her guýudan süýji suw çykýan däldir, Gömülen arykdan suw akýan däldir, Içýanlar öz neslin hiç çakýan däldir, Gargyş galkyndyrmaz, düzemek bilen. Diňe üýtgäp biler adamyň tüýsi, Kemakyl saýgarmaz, toý bilen ýasy, Adamda bolmasa, adamlyk ysy, Peýda ýok, gulagyn gazamak bilen. * * * Geçen günler-uçan durna, Ömür-miweli daragtdyr. Garrylyk bir suwsuz arna, Ýigitlik bilde gurbatdyr. Arzuw akar salgym ýaly, Tene ören ýelgin ýaly, Sonam bizden dilgir ýaly, Gahar etme gabahatdyr. Daň agarar, batar ülker, Leýlisaçlar başyn silker, Ýüz bermeseň, göwün ürker, Göwün berseň sahawatdyr. * * * Sabyrly, göwni giň adam, Yrsgalyna kaýyl bolar. Bisabyr, göwni dar adam, Ýygnar-ýygşyr saýyl bolar. Ýagmyr ýagyp, hetden aşsa, Kenar gaçar, derýa joşsa, Çyn aşyklar aýra düşse, Birje sagat aý-ýyl bolar. Akmaklar sürer döwrany, Akylly onuň haýrany, Tutan ýokdur bu dünýäni, Jemalyna kaýyl bolar. * * * Başyňa döneýin, ýüzüňi sowma, Ýagşa sejde etmek togap dälmidir? Owalam gara gan bagrymy owma, Bir ajy doýurmak sogap dälmidir? Ýaňagyny çoýup, Günüň çoguna, Göçgün göwün çykdy erem dagyna, Men gurban bolaýyn, göwsüň agyna, Aşyklaryň derdi güzap dälmidir? Çal başyma orap, söýgi owsaryn, Kä kybladan, kä ilerden öwserin, Seni görsem jahyl ýaly towsaryn, Bu-da elliden soň azap dälmidir? * * * Hödürsiz, keremsiz agaňdan gaçgyn, Ondan eli açyk bigana ýagşy. Öýün ýeke diken adamdan gaçgyn, Ondan öý-öwzarsyz diwana ýagşy. Arylar perwana balyň yşgynda, bilbiller saz eder, gülüň yşgynda, Aşyklar ýüz tapsa ýaryň köşgünde, Gülden çemen bogmak bagbana ýagşy. Bol ýerinde ýokdur zeriň gymmaty, Düşünene aýry sözüň hümmeti, Bir suprada iýse ynsan ymmaty, Şeýle ömür sürmek döwrana ýagşy. * * * soňam, ýadyňdamy olar tokardy, Gülerdiň jak-jaklap Aý yşygynda. «Aýterek» oýnardyk ala takyrda, Meýdany gujaklap Aý yşygynda. Gyzlardan üzülip, gaýdardyň towsup, Saçyňy ykjadyp, şemal dek öwsüp, Geçerdiň atylyp, gollary böwsüp, Jeren dek bökjekläp Aý yşygynda. Indi käte ýatlap ýüregi otlap Höwesim bar, ýöne, bilemok ätläp, Bu-da bir ganymat otursam ýatlap, Penjireden jyklap Aý yşygynda. * * * Ak ýüze dökülen zülpüň burmasyn, Sagrysy meýdanlym, şemal oýnasyn. Dostlaryň begensin, görip gülmesin, Gözleriň üstünde keman oýnasyn. Gaçma, demim bilen çekip alaýyn, Agzyňdaky sözi kakyp alaýyn, Ahyr ýüregimi döküp alaýyn, Gollaryňda elwan çemen oýnasyn. Säher bilen bagda guşlar saýranda, Gül yşgyna göwün gezer haýranda, Bulutlaň gözünden damja paýranda, Daglaryň başynda duman oýnasyn. * * * Owal bir şahyryň aýdyşy ýaly, Ýazalyň goşgyny ýazylýan wagty. Akgynyň yzyna gaýdyşy ýaly Bolmanka, düzeliň düzülýän wagty. Mähirsiz göwünler gysyr bulutdyr, Ylham daş ýarmasa, setir galatdyr. Çyn şahyryň aýdan sözi polatdyr, Gyzanyň ýagşydyr gyzylýan wagty. Her goşgy ýazandan şahyr bolanok, Her yşga düşenden Tahyr bolanok, Her matal aýdandan zahyr bolanok, söz bilen guýy gaz gazylýan wagty. * * * Ýüzi çyraýlym, sözi dogalym, Gaçyr ýaşmagyňy, gülden uýalma. Ajap serwi boýlym, gözi garalym, Öpsün ýaňagyňdan, ýelden uýalma. Sen deý jenan dünýä inmez her gezek, Inse-de, ýüz ýyldan iner bir gezek, Aşyk magşugyna edermi gazap, görsün jemalyňy, ilden uýalma. Kaddy-kamatyna jahan hyrydar, Gaçma menden, golaýyma gel, dildar, Arzuwymy sywal etse biribar, Sen Şasenem, Garyp guldan uýalma. Ýylgaý DURDYÝEW. | |
|
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |