12:21 Güjük | |
GÜJÜK
Düşün, Sen ogry däl, Ýa orramsy däl, Şoñ üçin bar zady özüñe çekme. (Üýregen itleriñ paýy taýakdyr, Guýrugyn bulaýan gazanar lukma). Kimem bolsañ, bolmalydyr mertebäñ, Sen hiç haçan öz aslyñdan özgerme. Bilmän üýrjegiñem, ýallaklajagñam, Haýran bolip seredýärsiñ gözlerme. Ýöne her geçenden lukma garaşyp, Owadan tüýlüje boýnuñy burma. Ak zemini basgylaýan köwüşleñ, Yza beräýmegem mümkindir burna. Öwüt bermek añsat, Düşünýärin, wah, Ömrüñ gara bagly edilip goýlanna. Kysmatdyr ol, Hiç kim günäkär däldir, Bu dünýäde güjük bolup doglanña. Aşyrmät GARLYÝEW. | |
|
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |