15:32 Gülsere | |
GÜLSERE
(Madrigal) Erteki deý ajaýypdy, hezildi, Sähra güllerine meňzeş mahalyň, Bagtyň ýagty ýagmyryna ezildik Ilki söýgimiziň ilki bahary. Gülsere, Gülsere, mährem Gülsere, Sen ýadyma düşýäň baksam güllere. Ýaşlyk bize bagt baryn eçildi, Kalbyň ýaly tämiz alabaharda. Üstüňe şol ter güllerden seçipdim, Birgeňsi begenip, läle kakaňda. Gülsere, Gülsere, mährem Gülsere, Sen ýadyma düşýäň baksam güllere. Şol ýaz güllerinden ýumşak hem eziz, Saçlaryňy ördüm güllerden garyp. Diýipdim men şonda (ýadymda heniz): “Dünýäde gül ýokdur senden ajaýyp”. Gülsere, Gülsere, mährem Gülsere, Sen ýadyma düşýäň baksam güllere. Meň ýadyma düýşýär saçlaryň ýaýyp, Gül içinden ylgap gelýän günleriň. Uçdugymy bagt guşunyň gaýyp, Soldugymy indi elwan gülleriň?! Gülsere, Gülsere, mährem Gülsere, Sen ýadyma düşýäň baksam güllere. Barmy aýralykda günäsi gülüň, Ýa tämiz baharyň barmy ýazygy?! Sen meň diňlemedik şeýda bilbilim, Sen meniň tutmadyk tylla balygym. Gülsere, Gülsere, mährem Gülsere, Sen ýadyma düşýäň baksam güllere. Sen mesgen tutundyň başga baglarda, Sen ýüzdüň-de gitdiň daşdan kenara, Şol günleri ýada salgyn aglaňda, Owarram daş bolsa, daş bolsun ara. Gülsere, Gülsere, mährem Gülsere, Sen ýadyma düşýäň baksam güllere. Näçe gezek saňa çemen bagladym, Näçe gezek düýşde keşbiňden gandym. Aňyrsynda derýalaryň, daglaryň, Seniň näzik sesiň eşdilmän galdy. Gülsere, Gülsere, mährem Gülsere, Sen ýadyma düşýäň baksam güllere. Gurbandurdy ORAZOW. | |
|
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |