01:10

Gurbanmyrat işan "hezretlerine"...

Категория: Goşgular | Просмотров: 982 | Добавил: Haweran | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 3.5/11
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 211 2 »
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Hay eliñi öpeýin Allaýar aga!
Agzyña sağlık diýýämi?!
100 ýaşa!!!
Janym bolduñ ýaşuly!!!
Sen şahyrsyñ.
Biziñ ýaly 100 şahyra görelde sen, halypa!

Mundan gowy edip aýtmak mümkin däl.

Ana, şol reaksiyoner dindarsumaklaryñ gepine aldanan sada halkymyz gyrgyna düşdi.
Sowet häkimetinden bir gowy görmedik ýerim bu işan-hojalaryñ gowusynam erbedinem birlikde ýok etdi. Elbetde, saýlamak kyn bolan bolmaly.

0
2 Haweran  
411
Taryhçy alym, akademik Myrat Annanepesowyñ "Sowet Türkmenistany" gazetiniñ 09.01.1982-nji ýyldaky sanynda çykan "Işanyñ hakyky keşbi" makalasynda şeýle setirler bar:

"Ahalyñ kethudalary patyşa goşunlarynyñ Ahala girmegi barasynda nähili pozisiýany eýelemelidigi hakyndaky meseläni ençeme gezek ara alyp maslahatlaşan mahalynda, täsirli adamlaryñ ençemesi, şol sanda Nurberdi hanyñ özi hem ýaraşyk gepleşiklerine ýykgyn edipdir. Emma olaryñ has konserwatiw, fanatik bölegi ýaragly göreşe çykmagyñ tarapyny tutupdyr, şonuñ ýaly ýaragly göreş bolsa şol wagtyñ patyşa goşunynyñ we türkmen opolçeniýesiniñ güýçleriniñ hem-de ýaraglarynyñ degişli real mynasybetinde gan döküşikli gyrgynçylyga gutulgysyz öwrüläýmelidi.
Ruhanylaryñ wekilleri - ozaly bilen bolsa Gurbanmyrat işan we Kerimberdi işan biderek ýere gan dökülmeginiñ esasy ruhlandyryjylary bolupdyrlar. 1879-njy ýylyñ awgustynda olar Orazmämmet serdaryñ we Hanmämmet atalygyñ ruslar bilen ýaraşyk gepleşiklerine başlamak baradaky tekliplerine üzül-kesil otrisatel garap, bu taýpa serdarlaryny gorkaklykda aýyplapdyrlar, olar bolsa muña şeýle jogap beripdirler:
"Söweş wagtynda gana boýalan ak telpekleri we gara telpekleri häli-şindi gördük welin, maslyklaryñ arasynda ak sellesi gana boýalan işanlaryñ ýatanyny henize çenli hiç mahal göremzok".
Galany goraýjylary has gaýduwsyz göreşmäge itermek üçin, şol işanlaryñ talap etmegi boýunça, Gökdepäniñ Diñligalasyna oazisiñ köp ilaty, azyndan kyrk bäş müñ adam, galany goraýjylaryñ maşgalalary - aýallar, çagalar, garrylar ýygnalypdyr, hut şolar hem artilleriýa atyşygy wagtynda ilkinji nobatda heläk bolupdyrlar.
Ruhanylaryñ özleri bolsa gala birinji gezek gabalanda-da, ikinji gezek gabalanda-da göz görkezmändirler. Diñligala birinji gezek, özi-de şowsuz zabt edilen mahalynda, patyşa goşunlarynyñ ýolbaşçysy general Lomakin 1879-njy ýylyñ awgustynda şeýle ýazypdyr:
"...hakykatdan-da, esasy işanlaryñ we kethudalaryñ hemmesi garañky düşübildigi iljinjileriñ hatarynda gaçdy" (459-njy sah.).
Galanyñ alnan mahaly bolan 1881-nji ýylyñ ýanwarynda, ýagny ikinji gezek gala zabt edilen mahalynda, Gurbanmyrat işan ýokarky güýçleriñ penalamagyna bil baglap bilmän, garañky gijeleriñ birinde özüniñ ýaranlary bilen birlikde galanyñ demirgazyk derwezesinden guma tarap gaçyp gidipdir, soñra hem Mara barypdyr. Ahalyñ täze hany Magtymguly han hem öz halkyny taşlap, Mara gaçyp gidipdir. Şunuñ ýaly ýagdaýlarda dünýewi we ruhany feodallar ýönekeý halka, galany goraýjy garamaýaklara gan ýuwutdyrypdyrlar, munuñ özi "Türkmenistan SSR-niñ taryhynda" bellenilip geçilýär (1 tom, ikinji kitap. Aşgabat, 1957 ý, 127-nji sah.)".
http://kitapcy.ru/news/isanyn_hakyky_kesbi/2020-06-21-11819

0
3 Haweran  
411
Ýazyjylarymyzyñ biriniñ entek köpçülige ýaýratmazlygy haýyş eden roman-trilogiýasynda hem ýüregiñi para-para ediji şeýle maglumatlara gabat gelýäris:

"Wakalardan has öñe düşmek endigimize eýerip, şu ýerde ýene bir hakykaty aýdyp geçmesek, ýürek sowanok, ýagny, (1881-nji ýylyñ 12-nji ýanwarynda) ruslar Gökdepe galasyna zabt edenlerinde Agamuhammet şanyñ pars heleýinden bolan ogly Zülpükar rus patyşasynyñ ilçisi Zinowýewiñ üsti bilen galada ýesir düşen 16-30 ýaş aralygyndaky saýlama teke gyz-gelinleriniñ 5000-sini gyşyñ añzagynda başaçyk, aýakýalañ halda urup-sögüp, uwladyp, ykbaly keç naçarlary Germawyñ üstünden Eýrana gyrnak edip alyp gidýär..."

Gala alynanda, üç günläp edenini etmäge, gören zadyny oljalamaga rugsat berilen rus soldatlary tarapyndan namysy depgilenen zenanlarymyzyñ gürrüñini-hä agzamaga dilimem öwrülenok.
Bu zatlaryñ barsynyñ düýp sebäpkäri Gurbanmyrat işan, Kerimberdi işan ýaly şol wagtyñ dünýäsiniñ syýasy ýagdaýyndan baş alyp çykyp bilmeýän, bisowat, fanatik işan-mollalarynyñ günäsi bilen boldy. Düşünmeýän ýerim, halk nämüçin şindizem şu iki işanyñ üstüne zyýarat edýär?
Dogrusy, ol ýerlere barmadym diýip ýalan sözläp bilmerin, kän gezek bardymam, gan bilen ýuwlan galany, şehitleriñ ýatan ýerini aýlanyp, aýat-töwir hem edildi, bü iki işanyñ kümmedine garabam el galdyrypdyk (ýatan kim bolanda-da merhumyñ hormatyna aýat-töwir etmelimikä diýýän men-ä), ýöne hudaýlygymy aýtjak, mazaryñ daşyndan aýlanyp, gubura sygynyp duran adamlara birhili señrik ýygryp seredipdim we ol ýerde durkam mende, zyýarat edilýän beýleki ýerlerde bolşy ýaly aýratyn hormat duýgusy döremedi.
Men olaryñ kümmetlerini ýykyp aýyrmaly-ha diýjek däl, türkmeniñ şum taryhyna badalga beren taryhy şahslarymyzyñ üstüne dikilen taryhy ýadygärlik hökmünde durubersin. Ýöne kümmediñ gapysyna gulp urmaly we agzyna şeýle ajy hakykaty doly ýazgy edip goýmaly.

0
4 sylapberdimuhamov  
1428
Indem Gurbanmyrat işan jan diýip goşgy ýazyñ, mazaryna ýykylyp, togap edip janyñyza aram tapdyryñ!
Haý, türkmenim, män sänä näme diýeýin!

Şu zatlary janym ýanyp ýazsamam, çenden çykýandyryn öýdemok. Birjik-de. Elbetde, ölen adamyñ gep-gybatyny edýän ýalydyrys, emma müñlerçe oldürilen neresse balajyklar, namysy depelenen uýalarymyz, şehit düşen gerçeklerimiziñ ruhunyñ öñünde wyjdanyma azap berýän zatlar hakda dogrusyny aýtmaly bolar-a?!

0
5 Gurgencli  
324
Ölen adam hakda erbet zat aýtmaly däl diýip taryhy gizläp bolmaz-a. Eger-de çyndanam ölen adam hakda erbet zat aýtmaly däl bolanlygynda taryh ylmy hem bolmazdy, biz hem taryhy öwrenmezdik.

0
6 Ependi  
284
Ak işan diýilýärmi şol adama? Ýa-da men ýalňyşýanmy? Umuman, Ýylysuwa gidemde, guburyna zyýarat edenimi bilýän, entek gulluga-da gitmänkäm. Ýoldan, aşak düşüp gitmeli, esli kilometr-ä bar. Baranymyzy bilýän, (barandygymyzam bilýän) şonda, kakam bilen gelnejem iki sany dikilgi agajyň arasyndan aýlapdy. Gelnejemiň gyz jigisem yzymda. Ony maňa alyp berjek bolýardylar. Halamokdym asla ony. Geçipdik, ýöne olar nikasy gyýlan hasap etdiler. Işana çokunyp, ynanyp. "Indi ikisi birleşdi, toýa taýynlyk görüberibermeli" umuman t.d. Elbetde, men ony almadym, öz hamragym bardy, şoňa-da wepaly boldum. Şuny okap şo döwür ýadyma düşdi.

Aýtmakçy zadym, näme diÿjekdim. Şeÿtan kakan ýaly boldy. Soň aýdaryn ýadyma düşse.

0
7 Remezan  
1397
Dykma Serdaram goşmaly ekeniñiz halypa!
Şu goşgyny okap son teswirlere göz aýlanymda pajygaly bolan zatlaryñ gizlenip galandygy aýdyñ göz ýetirse bolýar.

Ýadyma düşenok okadymmy? Ýa eşitdimmi? Gökdepe galasy basyp alynandan soñ goşunlara rugsat berilende, bir zenana elinden tutup süýräp barýarka halynyñ keserine gabat gelip alan naçar zenan öz elini tirseginden kesipdir (seniñ eliñ degen elimem gerek däl diýen manyda) namys-ar eden zenanlarymyz ýigitlerimiz (biziñ ata-babalarymyz) ýene-de şeýle özüni bilimli baýlygy bilen tabyn etýän ynandyryjy jahyllygyndan peýdalanýan şu wagtam az däl, özleriniñ ynanmagy gynandyryjy ýagdaý.

0
8 sylapberdimuhamov  
1428
Meniñ bilişimçe Ak işan başga şahs bolmaly. Ol esli öñräk Saragt söweşi döwürleri ýaşap geçen bolmaly. Hem uruş-jeñ we başga awantiýuralara gatnaşmadyk, takwa kişi bolmaly.

Ependi, ýadyña düşse aydawer!)

Haweranyñ teklibini goldaýan. Biz ol "ynsanlaryñ" depin edilen topraklary açmaly däldiris. Eğer şeýtsek biz olardanam pes bolaýmasak. Emma şol "ynsanlar" hakda maglumat berip, şol ýerde asyp goýmaly.
Halkyñ hakykaty bilmäge hukugy mukaddes!

0
9 Orazguly  
1529
haý siziň bir diýmäýin diýsem... hamala ýanynda bolan ýaly, bor-da Allah bilýändir, her kimi öz ýerindejik goýar.

0
10 Babyşgalaly  
1446
@Orazguly, Алла гуррунсиз бар зады билйэндир. Ёкардакы тесвирлери язан агзаларын фактлары догрумы, нэдогрымы озум-э айдып билжек дэл. Йоне Ватан дийип ил онуне чыкан диндарын Нежмедден Кубра ялы болуп тарыха адыны яздырмандыгына гынанярын.

0
12 Orazguly  
1529
hemme pirler, ahunlar, öwliýäler deň bolmaz, biriniň derejesi beýlekiden beýik bolar, biriniňki pes, bilmeli zadymyz biziň özümiz şolaň 100-den 01 göterimiçe barmy, şony pikir etmeli.

0
11 Haweran  
411
@Ependi, Ak işany Gurbanmyrat işan bilen bulaşdyrmañ. Ak işan Bäherdende ýatandyr. Hem onuñ ömri hakda biziñ günlerimize çenli gelip ýeten maglumatlarda ýokarky ýaly aýyplamalaryñ birem ýok.

* * *

Patyşa Russiýasynyñ generallary han-beglerimiziñ, il öñüne düşen kethudalaryñ işanlaryñ hakyky bolşuny, hüý-häsiýetini ýekeje-de kemmän-goşman dogruçyl suratlandyrmak bir hatarda, türkmeniñ gözsüz batyrlygyna, watansöýüjiligine bolan haýranlyklaryny gizläp durmandylar we Gökdepe urşunda türkmende ýeke dönügiñ hem çykmandygyny haýran galmak bilen ýazypdyrlar.
Şoñ ü.n @Remezan, Dykma serdaryñ dönükdigine men-ä ynanamok. O biraz şübheli. Dykma serdar hem ilki uruşmazlygyñ tarapdary eken (şol sebäpli hem oña şowagtdan dönük diýen akmaklar tapylyp ugraýar). Soñ biraz sakgalyndan çekilýär, degnasyna degilýär we ş.m.. ownuk sebäpler tapylýar ony-da urşa möçükdirjek...
Ýalñyş düşünmäñ. Hiç kimi dönüklikde, gorkaklykda aýyplajak bolamzok, ýa aşa gahrymanlaşdyrjak bolamzok. Her kime bolşy ýaly obýektiw baha berilse gowy. Ol beýle, bul beýle diýmezden öñ agyr, jygba-jygly döwürde ilki özümizi Dykma serdaryñ, Nurberdi hanyñ, ýa Gurbanmyrat işanyñ ýerine goýup göreliñ. Belkäm, Gurbanmyradyñ ýaryça-da bolup bilmejek süplükler, Gullyhanlar çykar aramyzdan...
Kimiñ kimligini pursat kesgitleýär.

* * *

@Babyşgalaly, dogry aýtdyñyz.
Elbetde, söweşde hemme adam gyrylmaly diýlen zat ýok. Ölenlerem bor, diri galanlaram. Söweşde yza tesilýän ýerem bolýar, boýun egilýän ýerem.
Bärde başga zada ünsüñizi çekesim gelýär. Ruslaryñ kinofilmlerine köp tomaşa edýänler gowy bilýändir: Adatça rus generallary köplenç öz inisiatiwasy bilen orta atylan umumy işde ýurdy ýa goşuny kyn ýagdaýda goýjak, öz at-abraýyna şek ýetirjek şowsuzlyga uçralan ýagdaýynda sapançasyny çekgesine diräp... şowsuzlygyñ getirjek masgaraçylygyndan dynaýýar.
"Öldüren gazy, ölen şehit!" diýip, okuñ öñüne süren halkyñ başyny çekip, oka göwüs germejek, "assa gaçan namart" etjek bolsañ, ondan soñ ýaşadyñ nä, ýaşamadyñ nä. Muña ýeke sözde NAMARTLYK diýmän näme diýjek!?.
Uruşyñ getirjek netijesini öñünden gören paýhasly han-beglerimizi "gorkaklykda", "kapyrlykda" aýyplan işan watan ü.n ser bereñde göni uçmaha gidilýän bolsa, näme ü.n ilki özi ündeýän uçmahyna gidibermän, dowzaha çalymdaş çöle bakan ökje göteripdir? Diýmek, ol mahabatlandyran jennetine watan şehidi bolup gitjegine özem ynanan däl bolmaly-da?
Belkäm, men öte geçýändirin. Başgaça netije çykarmak mümkin däl.

0
13 Orazguly  
1529
duşman-a däl, goňşyňyz üstüňize haýbat atyp gelse-de, derrew arz etjeklerden.

0
14 sylapberdimuhamov  
1428
Mundan 150 ýyl öñ öten merhumlaryñ, taryhy şahsyýetleriñ gürrüñini edip, "poh içinden monjuk agtarjag-a" bolamzok. Dogrusyny aýtsam şol Watan ugrunda şehitlik şerabyny içenler hemmämiziñ hem ýedi arkamyz. Emma bigünä gyrylmaga, namysynyñ depelenmegine ýol beren, namazlygyñ üstünde Kuran okap, tagat çekmekden başga pişesi bolmadyk ruhany wekiljikleri welin itden beter ýigrenýän. Soweş taktikasyndan, urşuñ strategiyasyndan gowy baş çykaran Hanmämmet Atalyk ýaly payhasly baştutanlary şahsy ambisiýalary üçin halkyñ içinde dönüge çykaran dönükden beter adamlary yigrenýänim üçinem goý men ... haý diýmäýin diýsänim... bolaýaýyn.

Onsuzam bütin dünýä bilýär diniñ fanatikletiniñ elinden Nesimileriñ, Jordano Brunolaryñ dirliğine hamynyñ soýulyp, diriligine otda ýakylyp öldürilenini.

"Список Шиндлера" atly filme tomaşa ediñ!

0
16 Orazguly  
1529
diniň fanatikleri däl olar, dini ýigrendirmek üçin, diniň adyndan etjeklerini eden diniň içki duşmanlary, Allahy tanamazlyk üçin çalaja bahana gözleýänlere-de uly bir bahana.

0
15 Şirhan  
49
"Mmmbäh..."diýdirýän zatlar ýazylypdyr tüweleme (goşgy we oňa ýazylan teswirler, faktlar). Özünden güýçli bilen garpyşdyryp, halky gyrgyna bermek gowy däl. Ýöne üstüňe gelene "Jana aga,özüň bil diýip" erkiňi tabşyrmagam gowy däl. Ýöne halkymyz "Il bilen gelen toý-baýram" diýipdir. Söweşe atlananda-da, söweşe dälde "Toýa barýan" diýipdir. "Halk sözüni aýdyp ýürege düşdüň!" diýmeseňiz,ýene bir söz "Müňiň içinde janyny aýan-kapyr"... Garaz, il-güniň bir tarapa eňen wagty (onda-da seniň sözüňden goldaw tapyp) ters ugra gitmek gowylyga dälmikä diýýän. Galanynam öwrenmek taryhçylardyr, dindarlaryň işi. (Men olaryň ikisem däl) Bu meniň şahsy pikirim.

0
17 Orazguly  
1529
aý waýeý, ýanynda bolupdyrmy näme ol söweş wagty Gurbanmyrat işanyň (Allah ondan razy bolsun).

0
18 Haweran  
411
Ýezit ýaly gözüne gan öýen zalymyñ göwni üçin Pygamberimiziñ (s.a.w) iki gözüniñ nury agtygy Hüseýiniñ ölüm fetwasyna goluny goýan we pygamber maşgalasyndan 72 adamyñ Kerbela çölünde zalymlarça şehit edilmegine, nijeme Ibnül Arabylaryñ ölüm permanyny beren, Zunnuny Müsrileri "dinden çykan" yglan eden, Mansur Hallaçlary dardan asdyran, Nesimileriñ diriligine dabanyndan hamyny ýüzdüren, Jordano Brunolary oda atdyran, Galileo Galileýleriñ boýnuny burduran, Ulugbeki asman jisimlerine we ýyldyzlara gözegçilik etmek maksady bilen guran obserwatoriýasy üçin gün bermän bedýan çöllere çykardan, Muhammetguly Atabaýewleriñ ylym-bilim, magaryf üçin eden işlerine gyýa göz bilen garap "halka bilim bermek galtamanyñ eline ýarag beren ýalydyr!.." diýip wagyz eden we onuñ wagtyndan ir örtenip-bişip ölüp gitmegine sebäp bolan ýa-da Osmanly imperiýasynda tagta ýeke mirasdüşer goýmagyñ hatyrasyna "nyzamy-älem" diýen bolup, atanyñ ogly, doganyñ dogany ýaýyñ kirşi bilen bogup öldürmegi, neresse çagajyklaryñ gunçalygyna orulmagy, hatda göwreli gyrnaklara çenli garnyna daş dañdyryp deñze oklanmagy ýaly dini taýdanam, adamkärçilik taýdanam hiç bir babatda oñlap bolmajak gabahatlyklary baş atyp makullan, fetwa beren şular ýaly işanjanlar, tagsyrjanlar, şeýhulyslamlar dälmi?
Gökdepe pajygasyny hasaba-da almalyñ, Gurbanmyrat işanyñ ondan öñ diñe Gönübek bilen arasynda bolup gecen konflikt hem onuñ hakyky keşbini tanamak üçin ýeterlik fakt dälmi eýse?
Ýok, ýok, bulary-da hasaba goşmañ. Isleseñiz, hemmämize mälim dini kyssalardan mysal alalyñ:
Isa pygamberi Rim imperiýasynyñ dikmesi Pontiý Pilata garşa baryp, kim ýamanlady? Kim "Musanyñ getiren kanunlarny bozýar?' diýip, onuñ ündän hak ýolundan ynjalyksyzlandy?
Ähli pygamberlere ýagy bolan we bisowat adamlary olara garşy möçükdiren eksplutator gatlagyñ sag goly kimlerdi?
Jogap: Şol döwrüñ fanatik ruhanylary, "işanjanlary", "tagsyrjanlarydy"...
Karl Marks "Din halk üçin tirýekdir" diýende müñ kere mamla. Dogrudanam, din şular ýaly howply adamlaryñ eline düşende; tirýekden, geroinden, tramadoldan enaýy däl. Diniñ tirýeginden mazaly doýan adamdan özüni hak ýoldan ýöreýän saýyp başgalary dinden çykan hasaplaýan bili bombaly ganojak terrorçy-da ýasap bolýar, baý-kulaklaryñ, işan-mollalaryñ öñünde iki bükülip, "hojanyñ itinem bihal görme" diýip, işan-mollalaryñ itine-pişigine çenli togap edip ýören boýny bagly gul hem ýasap bolýar.
Pylanyñ derejesi pylanyñkydan beýik, pylany pylankesden pes we ş.m... gürrüñler özlerini başgalar tarapyndan ezilmäge mynasyp görýän gullaryñ, gulamlaryñ özi ýalylara teselli bermek üçin tapan "pelsepesi".
Kimi beýik, kimi pes saýmak ýeriñ üstündäkileñ adaty, ýeriñ asty hemmelere deñ, kimiñ kimdigini-de Ýaradanyñ özi kesgitleýär.
Pygamberimiziñ özi: "Arabyñ ajamdan artyk ýeri ýokdur...", ýagny, meniñ añlaýşymça adamyñ ADAMLYGY onuñ oklaw ýaly dogrulygynda, takwalygynda, adamkärçiligindedir diýipdir.
Allatagala hemme adamy deñ ýaratdy! Bärde bir beýiklik bar: olam ADAMYÑ özi beýik, öz derejesini añlap bilene...
Rus ýazyjysy M.Gorkiý hem muny buýsanç bilen belläp geçýär: "Adam - munuñ özi belent ýañlanýar!"

0
19 baharaliyeva39  
1028
Adalatyň üç görnüşi bar: Adalet-i Mahza, Adalet-i İzafiýe we Adalat-i nisbi,baglylyk... Adalat-i Mahza: Hiç bir şertle ýa-da şertlere tabyn bolmaýan adalat, iň dogrysy ... Adalat-i Izafiye: Adam, ýeri we wagta görä üýtgäp bilýän otnositel, üýtgeýän adalat ... Adalat- i Nisbi: Adalat-i mahzâ durmuşa geçirmek mümkin bolmadyk halatynda adalatyň ulanylyşy. "Adalat-i izafiye" şazadanyň öldürilmegine degişlidir. "El-fitnatu eseddü mine'l-katl" (191) we "El-fitnatü ekberü mine'l-katl" (217) aýatlar. Ýagny bolup biljek gozgalaň mümkinçiligi ýagdaýynda bu aýatlaryň manysyndan ugur alnyp baha berildi. Sebäbi gozgalaň dawa-jenjellerden döreýär. Käwagt Hökümetiň nädogry hereketlerini düzedeliň we adalat döredeliň diýlende has uly erbetlikler ýüze çykyp bilýä. Bu ýörelgeler Osmanly raýat kodeksiniň ilkinji ýüz maddasyna girizildi.
Asyrlar soň taýýarlanan "Kawid-i Külliye" ady bilen Mekel-i Ahkam-ı Adliýýe güýjüni dowamlylygyndan alýar. "Başgaça aýdylanda, Osmanlynyň uzak ýaşamagynyň esasy sebäbi hiç hili bölünişiksiz gezendigi bilen baglanyşyklydyr. Bu bölünişik, näçe kynam hem bolsa-da, şazadanyň öldürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Hakykatdanam, Soltan Ahmed I. bilen üýtgän bu ulgamdan soň "kuwwatly soltan" döwri gutardy we "ejiz soltanlar" döwri başlandy. "Fransuz filosofy Fernand Grenardyň aýdyşy ýaly: "Osman döwleti öz güýjüni dowamlylygyndan alýar"

0
20 sylapberdimuhamov  
1428
Haweranyñ nutugyndan soñ Gurbanmyrat işanly mowzuk ýapylarmyka diýýädim. Diýmek ki, mesele jiddi. Iñ bir kesgin subutnamalardan soñam ýer depip, öz sozüni hak etjek bolýanlar üçin häzirki döwrüñ bir aýdyñ subutnamasyny ýadyñyza salaýyn. Goñşy ýurt Eyranda bolup duran mitingler diñe dine daýanyp halky gözgyny ýagdaýa salyan adamlaryñ günäsi bilen emele geldi.
Bu ýerde gepbaşy Gurbanmyrat işan, ol indi ikinji, üçînji dereceli mesele bolup gitdi. O işanyñ arkasyny aljak bolup, çyr-cytyr ýeñ-ýaka bermeýän ağza hem "demiñi al" ýaşuly diyesim gelýä. Işanyñ özüñe nesip etsin. Halk ýogsamam kimiñ-kimdigini gowy bilýär. Biz o wakalar bolan wagty ýokdugam, atalarymyzyñ atalaram yokdy. Emma palanca döwletiñ Döwlet arhiwinde saklanýan resminamalar bar. Olary ýazan adamlar samsyk däl. Ganly urşuñ içinde, gyrgynçylygyñ gözli şaýatlarynyñ ýazgylaryna ynanmasañ hiç zada ynanma. Bu ýerde siziñ aý-waýeý bilen başlanýan kommentinizem ýerlikli däldir.
Hawa, biz bulara gyzyp-sowap duramyzogam. Pikeleriñize ynanjyñyza hormat goýýas.
Emma Alla saklasyn bir günden bir gün köçede barýarka gyz doganyñy sen yaglygyny nâdogry danypsyñ diýägeden tussag edip, iki sagatdanam jesedini gaýtaryp berseler şonda nähili reaksiýa bererdiñiz. Din we diniñ wekilleri döwletiñ işine goşulanda bolayjak zat şu.
Galanynam özüñiz biliñ.

1-15 16-16
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]