21:46 Gurbannazar Ezizowa | |
GURBANNAZAR EZIZOWA
Sen güýzüñ aşygy, Güýzüñ aýdymy, Sen şygyr ýazardyñ gamgyn güýz hakda. Hasratly heñ edip barýan durnalar Señ setiriň bolup görnerdi hatda. Halkyň şahyr bolup çüwäýen bagty, Şahyr bolup çüwen bagty ilimiň (Şöhratly söz üçin bagyşla, ýöne Sen nä şondan pesi diýer ýalymyň). Il-günüň ruhuna — aýdyma sygnyp, Hem sygryp şatlygyň-ahyň şygra sen, Bu gün ajy habar bolup gelşiňe, Sen aga-da, Sen ýasa-da sygmadyň. Asgyryp tur-da sen (bor-how, oýun-da!), Çörek deý şygryň ýaz güýzüň hakynda Hem okap ber edehediň boýunça, Käbir ýerde edep bilen sakyn-da. ...Güýz deý hasyllydyň, bereketlidiň, Miweli bag kimin egikdi seriň. Başyn ýere urup aglaýar saňa Ýürekden düşünen daragtlaň seniň. Üzlem-saplam tozan güýzüň ahy deý Gumak ýolda tüsse kimin suwlunýar. Derekler atylýar jynssyz agy deý. Sary sähra aglap bilmän ýuwdunýar. Ýanýar, daragtlaryň ýapragy ýanýar. Wah, gyrmyzy güýzüň derdi öňdenem... Bu ot alan güýzi gözýaşlar bilen Öçürersiň neneň, Öçürjek neneň?! Nobatguly REJEBOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |