10:35

“Gürp” bilen “tarpyň” gysgajyk gyraňlary

Категория: Degişmeler | Просмотров: 711 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Degişmeler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 221 2 »
1
1 Bagabat  
43
Çehow bir gezek, hekaýa ýazylanda başy bilen soňuny aýyrsaňam, hekaýanyň mazmunyna zyýan ýetmejekdigini agzapdyr. Menem, diňe şu iki söze aslyşdym-da, käbir durmuşy ýagdaýlary şoňa baglanyşdyryp, esasy şu iki sözden hem-de olaryň üsti bilen aňladylmakçy bolýan wakanyň çalaja gyrasyny açýan "açar-jümleden" galan ýerlerini aýryp gördüm. Eksperiment hökmünde.
Açary bolsa: 1.Iki adamyň uruşmagy; 2.Dawadan soň biriniň gapynyň urup çykyp gitmeg; 3.Bir ulagy yzly-yzyna iki ulagyň kakmagy; 4.Nämedir bir zady elinden gaçyryp, üstünden basyp döwmegi; 5.Kimdir biriniň gapyny açyp girmegi; 6.Öküziň ýa-da sygryň süsmegi; 7.Ýeliň daşarda haýsydyr bir hojalyk jaýynyň işigini açyp-ýapmagy; 8.Haly ýa-da palas kakylmagy; 9.Çüý kakylmagy; 10.Şemalyň öýüň gapysyny açyp-ýapmagy; 11.Gyzyksyz kitabyň özüňe zor salyp okalmagy; 12.Gyzykly kitabyň çalt okalyp dynylmagy...

1
2 Bagabat  
43
"Nämä gerek?" diýen sowala bolsa Ependiňki ýaly: "Äý, ýöne!" diýip jogap beräýmesek biggrin

1
3 Bagabat  
43
Japbak bilen Topbak bir gün kim üýtgeşik sözleri köp bilmeşek oýnuny oýnapdyrlar.
Oýnuň şertine görä olaryň biri bir üýtgeşik söz aýtsa, beýlekisi şol sözüň
aňladýan manysyny aýtmaly ekeni we onuň deregine başga bir üýtgeşik sözi
aýtmalymyş. Kim üýtgeşik söz aýdyp bilmese ýa-da aýdylan sözüň manysyny tirip
bilmese utulýarmyş. Onsoň bije çekipdirler. Japbak birinji aýtmaly bolupdyr.
Ol: "Noşgurt" diýipdir. Topbak noşgurduň nämedigini bilmändir. Japbak
ösüp orubermeli bolan şekerçiňrigiň palajynyň süýji böleginiň ep-esli ýeriniň
gabygyny arassalap, onuň süýjüsini sormak üçin çagalaryň eline berilýän
bölegine "noşgurt" diýilýänini aýdyp, oýnuň birinji döwünde utuk gazanypdyr.
Gezek Topbaga geçipdir. Ol: "Jyňňys" diýipdir. Japbak sözüň manysyny
bilmändir. Topbakdan sözüň manysyny düşündirmegi talap edende, ol bu sözüň hiç
hili manysynyň ýokdugyny, ony özüniň Japbagy utmak üçin şu wagt oýlap
tapandygyny aýdypdyr. Şeýdibem hiç hili many aňlatmaýan "jyňňys" diýen söz türkmen diline
giripdir. biggrin

1
4 Bagabat  
43
"Zamyr" diýeniňde, halypalarymyň biriniň aýdyp beren wakasy ýadyma düşdi. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda mugallym-halypam talyplary bilen Mary welaýatyndaky buluçlaryň ýaşaýan kolhozlarynyň birine ýatymlaýyn pagta ýygymyna gidipdir. Olar öz ýaşulularyna "baba" diýýärmişler. Onsoň bir gün guşluk çaýyna çykanlarynda aňyrdan ylgap gelen oglanjyk demi-demine ýetmän haşlap durşuna olaryň hol beýlesinde ýap arçap ýören, gartaşanrak suwçy ýaşulyny görkezip: "Babanyň kyzyny pahsanyň tekinde zamyr sohdy" diýip çalt-çalt gepleýärmiş. Mugallymlardyr-talyplaram düşünmän, her haýsy özüçe mojukdan-mojuk pikir edip, ol çagadan aýdýan zadyny gaýtalap-gaýtalap soraýarmyşlar. Soň düşünip otursalar, oglanjyk: "Suwçy ýaşulynyň gyzyny haýadyň düýbünde ary çakdy" diýip aýdýar ekeni. biggrin

0
5 Мylayym  
83
Iki sözi ulanmak bilen, awtor jogabyna düşünmekligi okyjynyň özüne goýan eken. Menem-ä gepe düşünmezleriň biridirin welin, şu ýazga aňsat düşündim we jogabyna dogry geleni üçinem begendim. smile
Özboluşly gyzykly matal diýsegem boljak eken. Üýtgeşik ýazgy bolupdyr.

0
6 Gulzyyada  
97
okanyňda köp zady düşindirip bilinýän(düşinene) ýazgy smile

gürp-tarpdan ybarat ömrüň gysgaça beýanlary....gürp bn başlan zadyň tarp bilen dynyşy....

0
7 Mekkan  
Bolşuñ şu bolsa gürp bilen tarpdan gözüñ açylmaz, Dulzyýada

0
8 Мylayym  
83
Mekkan, degmedige degip, diliň gijedi durdula, näme çözlüşip bilmeýän zadyň bolsa, şahsyna ýazaýmaly ekeniň.
Adam ykbalyny ýüzüne urup, eryeki gün özüňe näme boljagyny näbilýäň? Ýa, sende uýa, maşgala ýogammy?
"Gülme goşyňa, geler başyňa" diýilýändir. Biribaryň hasabyndan gorkaňogammy ýa?!

0
9 Gumlygelin  
8
Mekkan kysmatda näme bardygny görüp gelen ýok.Ejiz günde galan zenany peseldip beýgelenem ýok.Akyl bermek niýetimem ýok.Diñe ýokardakydan gorkuñ.Töweregiñizdäki size eziz bolan zenanlar durmuşda büdremesin...

0
10 Gumlygelin  
8
Obamyzyñ mekdebinde süpürüji bolup işleýän zenanlañ ählisi diýen ýaly başyboş zenanlar.Köpüsiniñ ýanýoldaşy ýogalan,käsi aýrylyşan.Agzyboş ýaşulylañ biri köpçülikde hapa sözleñ yzyna dullar sözüni goşup agzyna geleni diýip gürrüñ eden.Alla gorasyn...diýen sözünden sähel wagt geçensoñ ogly ýol heläkçiliginde ýogalyp iki çagasyny ýetim,ýaşajyk gelnini dul goýup gitdi.Şoñ üçinem birimiz däl,ählimiz gorky bilen,toba bilen ýaşalyñ...

0
11 Gumlygelin  
8
Düýn okap şo teswiriñ pozularyna garaşyp dymyp gitdim.Bu gün bialaç gürlemeli boldum.Zenanlañ gep-gybat etmegine özüñiziñ günäkärdigñizi bileweriñ gadyrdan erkekler dry

0
12 Мylayym  
83
Haweran, gepi köpeldip oturmanjyk Bagabat doganymyzyň aýdyşy ýaly, "Gürp-tarp" edip, şol kemsindiriji teswiri ýoklaýmalydyň. Şeýdeniňde mekkan diýilýänem "gürp-tarp" bolardy. Ine, tema boýunça jogap size! smile

0
13 Мylayym  
83
Bu gün Gülzyýada atar bolgusyzyny, ertir bize geçer. Her gezek şeýdip, teswir uzaldyp oturalymy? Gelnejeleriň arkasynda durjak ýüwürjiler tapylmazmyka bize? smile

0
14 Gumlygelin  
8
Häzirlikçe ýok ýaly görünýä...Şu ýerde zenan ýüreginiñ näzikligni diñe zenanlar okap biler diýesim geldi.Hapa-paýyş soz bolmasa-da şol ýekeje söz üçin@Gülzyýadañ näzik ýüreginiñ ynjanyny diñe zenanlar duýdy.Şoñ üçinem zenanlar bolup biri-birimizi goramagmyzy dowam edeliñ cry

1
15 Hаwеrаn  
245
Вот ана новый коализация! Новый пакт! surprised

1-15 16-22
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]