11:31 Gursak arzuwdan doly heý | |
***
Gursak arzuwdan doly heý, Illere paýlap ýetişsem. Ebedi dünýäň ýoly köp, Birini saýlap ýetişsem. Galsam kämillik kemerne, Ýaşalan ömrüň deregne, Öz sözüm iliň ýüregne, Adam deý jaýlap ýetişsem. Gözi bakylyk, gül lebi, Kemsider jennet güllerin, Katdy keramat dilbere, Roýy aýna ýetişsem. Ömrüň örüsin özgerdip, Gije birlige dözmenmi?! Sowuk saýdylar sözlermi, Razy men maýlap ýetişsem. Ýok birem etmişi, müýni, Türkmeniň geçmişi-düýni, Dana söz kibi müdimi, Gadymy ýaýla ýetişsem. Gurbandurdy ORAZOW. | |
|
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |