03:24 Haýry şere öwürýän hökümdar hakynda hekaýat | |
Haýry şere öwürýän hökümdar hakynda hekaýat
Hökümdar bir gezek metjide sary Ugranda, ýaragly sakçylañ bary Gyran-jyran edip adam baryny, Köpün ýenjip, öldürip käbirini, Nähak gana üns bermeýärmişler, Şeýdip, geçere ýol arçaýarmyşlar. Şol hili ýagdaýda ýenjilen bende Şeý diýipdir oña ýeri gelende: "Eý, emir, bu bolşuñ gabahat juda, Gör, näçe bigünä janyndan jyda Düşdi, señ metjide barmagyñ üçin, Şol ýerde namaza durmagyñ üçin. Ne bir haýyr işi öwürip şere, Jebir-sütem kylýañ biz bendelere. Edýän günäñ känmi ýa-da sogabyñ? Biz däl, Hudaý sorar onuñ jogabyn". | |
|
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |