10:29

How ene bilen hyýaly duşuşyk

Категория: Goşgular | Просмотров: 324 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024

Teswirleriň ählisi: 6
0
1 mango  
651
erbedem däl welin, birhiljek goşgy bolupdyr.
1) "Nirden gelip, Nirä barýaň alňasap?" diýip soralýar, How ene-de "Adam ataň öňünde çaý-çörek goýup gaýtdym", ýaňy ol aýlanyp gaýtdy, indem men "ylgap ýörin başagaý bolup, Nädeýin-dä, Ähli ýere ýetmeli" diýýär. Gezekleşip dünýä aýlanman, bile-de aýlanyp bilerdi. ýa biri öýüne esewan bolmak üçin galmalymy? hemem ruhlar älemindäkiler (biziň göz öňüne getirişimize görä) çaý-çörekleşip durýalarmyka? şo detal ýama ýaly bolup dur.

2) şahyr diýýär:
Döretdiňiz,
Ýaýratdyňyz äleme
Ynsan atly beýik hökümdary siz.
Aýa-güne ganat berip ýörenem,
Ganatyn gyrýanam siziň nesliňiz.

adam ýaradyljak bolanda edil şuňa meňzeş igenji (närazylygy) Iblis Allaha bildiripdi.
("nämä gerek ýere gan çaýkajak ynsan ýaratmak" diýen ýaly).
How ene üçin nesil köpelmesine "döretmek" diýmegem dawaly. döreden (ýaradan) başga.

3) How ene diýýär:
Neslimize sowgat berip Ýer şaryn,
«Şuny ýarman,
Aman saklaň!» diýipdik,
Kasam içdiripdik olaryň baryn.

Kasam içme wakasy hakykatdanam bolup geçdi. ýöne ýaradyljak ynsan ruhlarynyň ählisiniň Allahyň öňündäki kasamy. (Kalu bela wakasy. "Men siziň Rabbiňiz dälmi?" soragyna ruhlaryň "Hawa..." jogaby). edebiýatda şoňa meňzeş wakany başgarak aýtsaňam bolýandyrda...

4) How ene diýýär:
– Biler bolsaň,
Dünýä nesillem üçin
Gurulan ýeke-täk,
Darajyk öýdür.


"ýeke-täk öýdür" diýýär, emma welin, özi (özleri) başga ikinji öýlerinde (hakyky öýlerinde) ýaşap ýörler. hemem "darajyk" dälde ümmülmez giň öýde... :-)
belki ynsan nesli bärde (ýaşaýan ýerini arassa saklamaly, zaýalamaly däl, enjamlary aýawly ulanmaly) kwartirantdyr...

goşgy ýer şaryna atom howpy salynan sowet-amerikan "sowuk uruşy" döwrinde ýazylan bolmaly.
---
şahyr ökde.
ýöne biz (men) ondan soňky okujy-nesil hökmünde başgaçarak bakdym.
mamlada bolup bilerin не-mamla-da.

1
2 Hyýalkeş  
752
Diýmäýin diýmäýin diýýän welin diýmänem durup bilemok.Bir goşga baha berilen wagty onuñ artykmaçlyklaryna hemem kemçiliklerine detallaýyn seredilmeli.Soñam umumylykda goşga gowy ýa da ýaramaz diýmeli.Emma bärde agzalaryñ köpüsi goşgyñ detallaryna seredip umumy baha bermekden saklanýarlar ýa da diñe kemçilikleri bar bolsa teswir ýazyp çykýarlar.Garaz,nädogry hasap edýän hereketlerim.

1
3 Hаwеrаn  
245
Hyýalkeş, bu aýdýanlañ umuman türkmeniñ gylygyna öwrülip gitdi. Häzir umuman şeýle: işde-de, durmuşda-da, bar zatda. Kimdir birini häsiýetlendirmeli bolsa, bir işdeşi elini galdyryp, onuñ gowy taraplaryny sanap bilmeýär, emma kimdir biri bilip ýa bilmän büdreýärem welin, ol "öñem haramzadady" bolaýýa...
Kemcilik sanamak gowy zat, emma kemcilik sananda onuñ artykmaclygyny hem sanamagy başarmaly. Juma Hudaýgulyñ bir makalasynda şeyleräk manyda bir zat okanym yadyma düşyä: "bir mugallym bar - okuwcylara pagta ýygmagy öwredende yzynda übtük goýup gidýänlere düşüner yaly edip, nädeñde übtük goyman ýygylýandygyny sözüni mähribanlyga, mylakata ýugrup aydya welin, indikide kem-köstüni goýman ýygýañ, ýene biri bar: yzyñda pagta goyyañ welin, utandyrmaly bolsa hezil edýär diyyär."

1
4 Hаwеrаn  
245
Halkymyz bu birtaraplaýyn pikir ýöretmeden halas bolmasa, huc bir ugurda-da ösüşden, kämillikden sõz acmak mümkin däl. Yza tessek, tesýändiris, ýöne.

0
5 Bagabat  
43
Latynça: "De asini umbra disceptare (Eşegiň kölegesi barada jedel etmek" diýen bir frazeologizm bar. Bu jümle biderek zatlar barada tutaşýan dartgynly jedelleri aňlatmak üçin ulanylýar. Aslynda, bu jümle, latyn diline-de, gadymy grek dilinden geçipdir. Onuň emele gelşiniň taryhy barada şeýle ýazýarlar:
Bir gezek Afiny şäher-döwletiniň meşhur suhangöýi Demosfen kazyýet mejlisinde seljerilýän iş boýunça aklawçy hökmünde çykyş edipdir. Şonda ol çykyş edip duran wagty kazylaryň özüni düýpgöter diýen ýaly diňlemeýändiklerini görüp, çykyşynyň arasyny tapba bölüpdir-de, seljerilýän işe düýbünden dahylly bolmadyk wakany gürrüň bermäge başlapdyr:
-Indi bolsa, hormatly kazylar, eşek hem-de onuň kölegesi barada hekaýaty aýdyp bereýin.
Bir ýaş ýigit Afinydan Megara şäherine çenli ýüküni alyp gitmek üçin, kireýine eşek tutupdyr. Olar ýolda barýarkalar, Gün günortadan aganda ýigit ýadap, sürekçiden eşegi saklamagy haýyş edipdir-de, onuň kölegesinde dynç almaga oturypdyr. Şonda sürekçi ýigide garap, onuň diňe öz eşegini kireýine alandygyny emma onuň kölegesini kireýine almandygyny, indem naýynsaplyk bilen öz eşeginiň saýasyny mugt ulanýandygyny aýdyp, nägilelik bildiripdir. Onsoň olaryň ikisiniň arasynda tutaşan eşegiň kölegesi hakyndaky jedel, kazyýetde seljerilmäge çenli baryp ýetipdir...
Şu ýerde Demosfen hekaýatyny kesipdir-de, özüni ägirt uly dykgat bilen diňleýän kazylara:
-Hä, diýmek onda siz özüňize zähmet hakyny berýän we ynam bildiren Afiny şäheriniň bellän borçlaryny ýerine ýetirip, kazyýetde seljerilýän iş boýunça delilleri diňlemek islemeýärsiňiz-de, eşegiň kölegesi hakyndaky bolgusyz hekaýatjygam heziller edip diňleýärsiňiz-dä? Şeýlemi?-diýip gatyrganypdyr.

0
6 mango  
651
adresime aýdylanlaryň hemmesini kabul edip aldym.
peýdalanaryn.
gyzykly rowaýatyň netijesi: esere ýazylan bellige güýmenmän, eser barada bellik ediň diýiljek bolundymy?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]