11:12 Howatyr edýärin saña duşmakdan | |
HOWATYR EDÝÄRIN SAÑA DUŞMAKDAN
Howatyr edýärin saña duşmakdan, Çaga dek boýnuña bökmegim ahmal! Alladan ant içip söýenim hakda, Alnyñda dyzyma çökmegim ahmal! Henizem Leýli sen göwün törümde, Mejnunyñ çölüne çykmagym ahmal! Daşymdan sereden düşünmez maña, Ençe göwünleri ýykmagym ahmal! Heññamyñ jylawyn öwürip yza, Kyrk ýyllyk menzili sökmegim ahmal! Hyýalda hatarlap geçen ýyllary, Geçmişiñ gapysyn kakmagym ahmal! Asuda kalbyñda tupan turuzyp, Ýene ýyldyrym deý çakmagym ahmal! Yşkyñ ýanyp duran otly halkasyn, Ýalbaryp boýnuña dakmagym ahmal! Gyryñ daşyndan köp diýmeli zadym, Sandykda syr goýman dökmegim ahmal! Hiç zady üýtgedip bilmejegine, Ahmyr edip, arman çekmegim ahmal! Aýdyp saña ýürekdäki derdimi, Gözýaşyñ silinde akmagym ahmal! Ellibäş ýaşdan soñ aýyp bolsa-da, Hyrydar göz bilen bakmagym ahmal! Besdir, ýogsa bir çak öçen oduñy, Gaýtadan gorsalap ýakmagym ahmal! Didarberdi ALLABERDIÝEW. | |
|
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |