03:00 Hyşy-wyşy | |
HYŞY-WYŞY
Hyşy-wyşy, hyşy-wyşy... Lenç etdi gyşy. Gyş, hamala, tomsy söýenmiş. Emma, ara düşenmiş ýaz. Şondan bärem gyşy, Buz örtüp doňmuş. Hem ondan gelýärmiş aýazly owaz. „Bu baharjyk kimmiş, ýazjagaz kimmiş” Gyşyň „ýazjagaz” diýýäni ýumşajyk ýagyş, Garlary erdeýän, buzlary ýarýan. Egni gyrmyzdonly ala-ýaz ýigit, Bilbilleri hoş owazly saýraýan. Desse-desse güllerini Sowgat edýän tomusa... „Ýazjagaz” diýibersin Bularyň barysy gyş üçin gussa. Hyşy-wyşy, hyşy-wyşy. Tomusda galňan ýapraklar pyşyrdap, Hyşyda-wyşy. Hamana tomus ýat edip gyşy, Ýanýarmyş . Käteler öýlänçi gelip, şybbyrdap, Ýagyş ýagýarmyş. Ýöne ol asla ýagyş däl, Tomsuň döken gözýaşymyş... Ylýas AMANGELDI. # ekizler2.com | |
|
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |