01:30

Indiki masgaraçylyk / gara ýumor 18+

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 497 | Добавил: Haweran | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024
Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024

Teswirleriň ählisi: 15
0
1 mango  
651
Sylap kaka, boljak zat bar, bolmajak zat bar.
Bu hekaýadaky bolmajak zadyň ilkinjisi şu: “…onuň giň balagynyň içinde …diklenip durdy”. Adam ölensoň onuň gany gatamaka eşikleri aýrylýar (balagam eşige girýär :-) ), äňi daňylyp, gözüni ýumdurýalar (ýapýalar), üstüni örtýärler.
Ikinji bolmajak zadam o pahyry ters öwürmeleri.
Ýene bir “duzy köp atyp nahary zaýalan” ýeriň bar; olam ol organa köp üns beripsiň: oragyň sapy, nemesi, apparat, kran, tüýdük, kömelek, esbaby ýeser, jadyly taýak, üçünji aýak.
Umuman, şöýle.

0
2 Yusup  
50
Halamadym dogrusy. Ýumar okyjyny güldürmek. Ýylgyrmadymam. Tankytlaberseň gözden düşýän ýaly bolýan.

"- Ýalançy dünýäniň gara ýüzüni görmäýin diýip gül ýüzüni ters öwren daýym jan-ow - diýip, zörledip goýberdi. - Göteriň bendäni! "

Şu jümle awtoryň ilki serine gelip. Ýokarsyny doldurmak üçin dert-azara galan ýaly.

0
3 Myhman0430  
778
Jem Ýylmazda bar bu hekaya. çala üýtgedilipdir. internetden gözletmek üçin "Bahattin abi tam ölmüş mü" diýip ýazaýmaly.

0
4 silapmuham  
1368
Plagiat hakda ägä bolup aýtmaly. Ägä bolmak hem däl, eger deliliň anyk bolsa, az-kem üýtgedipdir diýip oturmaly däl, palan ýerden göräýiň diýmegem gerek däl.
Birinjiden türk edebiýatyny entek gowy bilemok, ýa bir türk satiriginiň degişmesi bilen eseriň dogry gelmegi asla mümkin däl.
Wakanyň gahrymanlary real bar bolan adamlar, waka bolsa ýoýulan, hakykatdanam bir segsenden geçen aýalbaz weteranymyz ýogalanda degişme çykdy, "Palanykes aga ölende hem penisi ýatanok eken, beh-eýt " diýip. Aslynda ýaşuly normal ölen ekenem-leý.

0
5 silapmuham  
1368
Ýene bir aýtjagym bir-birne sýužet taýdan meňzeýän müň eser bar. O ýerde aýdyljak bolýan zatlar başgadyr, her haýsy aýry-aýry problema bolmaly.
Rasputiniň "Ýaşa we unutma", Aýtmatowyň "Gaçgak" powestleri, üçünji bir ady ýadyma düşmeýän ýazyjymyň ýazan eseri bir wakany, uruşdan gaçmagy suratlandyrýar. Elbetde men öz ýazan zadymy ol halypalaryň eserlerine deňemek niýetimiz ýok, diňe olaryň eserleriniň üsti bilen düşündirjek bolýan.

0
6 silapmuham  
1368
Onsaňam plagiat meselesine her hili garap bolar. Kino sungatynda bolan bir wakany mysal getireýin. M.A.Bulgakowyň "It ýüregi"powesti esasynda 1976 ýylda italýan režissýory Alberto Lattuada kino düşürýär. Bu powest esasynda režisser W.Bartko hem 1988 ýylda Lenfilmde kino düşürýär. W. Bartkonyň filmi Lattuadanyň filmi bilen ep-esli meňzeş gelýär diýip kino teoretikler režissýory plagiatda aýyplajak bolupdylar.
Elbetde edebiýat kino däl, emma bu wakanyň üsti bilen plagiat meselesinde giňräk oýlanalyň.
Sizi hormatlamak bilen awtor.

0
7 silapmuham  
1368
Mango inim!) Sen oýun edip Sylap kaka diýmeseň menden kiçisiň, inim.
Hekaýadaky ilkinji bolmajak zady aýdaýyn, ikinjini soň razlaşaly)
Bozagan aga sopbaş özi ýaşaýan ýaşaýjy ýaşuly).
Gyl kaka bilen Annam şaka po moemu ilki baraýýalar öýdýän sewži ölen ýaşulynyň ýanyna. Bolmasa şol ýerini märekesiz "denassifikasiýa" edip goýberäris, inim.

0
8 mango  
651
Sylap kaka diýenimi halamansyňyz öýdýän :-)
Erbet niýet bilen-ä diýmedik, onda-da halamasaňyz diýmejek bolaryn (ýadymdan çykyp diýäýmesem).
Bagyşlaň.
O ýaşuly ýeke ýaşaýan bolsa dagy hezil-ä, bolmanda ol iki garyndaş ilkinji çagyrylanlardan bolup, onuň eşigini aýyrýan, äňini daňýan… edip hem bolardy. Gaýtam gyzykly bolardy.
Üstünlikler Sylap aga.

0
9 silapmuham  
1368
Aha, hop ýagşy! Ýok Sylap kaka hoş ýakandan soň diýdim how! "aga" gaýta gelşenok bir hili

0
10 Ependi  
284
Bu diňe öleniň üstünden gülmek bolýar. Beýlle zada gabat gelýän ýok, awtory okyjylyry özüne çekmek üçin etmedik bolsa. Ýöne, öňräk obada şuňa meňzeşräk adamlaň biri ýogaldy. 70 ýaşasa-da gaty "jalaý" adamdy. Birki sany heleý şoň patasyna baranda gürrüň edenni entegem ýatlaýalar: "Göründe entegem oňly ýatýarmyka ol, onsy turman" diýip, gülşüpdirler. Şoňa barýa şulam))

0
11 Bagabat  
43
Her kime bir zat ýaraýar.
Hasam sungat (edebiýat) ýaly çuňňur subýektiw hadysa hökmany ýagdaýda çuňňur subýektiwem kabul ediläýmeli - "Kim gaýkyny söýer, kim küýkini" diýýär, Türkmen aga.

Hekaýa barada:

Hekaýa gaty gowy, söz ýok.
Sýužeti - hut durmuşyň gaýmagy. Genial sýužet. Ýene-de: "Durmuş ýaly hakdan içen ýazyjam, nakgaşam, şahyram, režissýoram ýok" diýip gaýtalasyň gelip gidýär.
Sýužetiň göni manys-a her kese düşnükli - göz-gülbanlyk, garryň "garry" dälligi, "ölüşiňe görä gömüşim".
Ynsan aňyýet (edebiýat, sungat) paradigmasynda nähili kabul etmek ýörgünli?
Garrylyk - danalyk, öz-özüňe erk etmek, yzyňdan gelýänlere görelde bolmak we ş.m.
Bu sýužetde bolsa garrylyk - ruslaň bir jaýdar sözi bar: "козёль". Ine şol "kozýolam" danalygyň simwoly, görüm-görelde bolan bolup çykyş edýärmi?

Sýužetiň pynhan manysy - "Serediň adamlar, ine siz!" - bujagaz manyň açary:
Annam şaka teatr sahnasynda duran ýaly keşbe girip:
- Ýalançy dünýäniň gara ýüzüni görmäýin diýip gül ýüzüni ters öwren daýym jan-ow - diýip, zörledip goýberdi. - Göteriň bendäni!

"daýym jan-ow"-dan soňky "Göteriň bendäni!" diýen jümläň, ýüzüniň ugruna, ara salym salman gelşine bakyň!
Eden bolan bolaýyşjygyna serediň!
Ilk-ä "hasratyny" älem sereşlän bolup möňňürmek, soňam derrew: "Göteriň bendäni!".
Jesedi tabytda ýüzin öwürmegem mese-mälim awtorskiý proizwol bolsa-da, gaty jüpüne düşüpdir. O-da özboluşly simwol - ynsan öz eden etmişlerinden ýaňa hatda jany çykyp, jesede öwrülenden soňam asmana bakyp, arkaýyn ýatmaga ýagdaýy ýok. Eger-de şeýdip arkaýyn ýatmaga özüniň bihaýalygy ýetäýse-de, yzynda galýanlar oňa "müýnürgemäge" medet bererler...

Bellikler:

1. Hakykatdanam, erkeklik jyns agzasynyň sinonimlerine ýa-da ýaňzytmalaryna biraz köpräk üns berlen ýaly.
2. “üçünji aýagy” kyýama galyp dur - şu ýerde "kyýama" diýen aňlatmaň ýerine başgarak bir düşünje ulanylsa dogry bolaýjak ýaly - her niçigem bolsa, bu söz namaz bilen baglanyşykly ulanylmaga halkyň aňy endik eden.
3. Hekaýaň žanry "gara ýumor" diýlip dogry kesgitlenipdir - sebäbi bu hekaýaň äheňinde satira mahsus ýepbeklemek, kötekleýji ýazgarmak duýulman, ýumora mahsus ýumşaksy, teýenelije, kinaýaly gülümsireme duýulýar. Şo "gülümsiremäň" "garalygy" bolsa, ol ilki okanyňda göwnüňe bolmasa, ajal ýaly birwagtyň özünde gorkunç, mukaddes hem-de hemmeler tarapyndan elheder alnyp, sarpa goýulýan, dymylyp, baş egilip garşy alynýan närsäň üstünden gülýän ýaly bolup görünýär.
"Ýasda gülme, toýda aglama" diýmeýärmi, türkmen?
Emma hakykatda bu hekaýa ýasyň, däp-dessuryň üstünden gülmäge synanyşyk däl. Bu hekaýa ynsan kemçilikleriniň, ýasama asyllylygyň, asyllysyraýan wejeralygyň üstünden teýenelije henek etme.
Şol henegi beýan etmek üçin saýlanyp alnan wakaň ýas, merhum bilen baglanyşyklylygy bolsa, hut şo ideýaň täsirliligini üpjün etmegiň esasy serişdesi.
"Aňk edip bilmeseň aňkarmazlar" diýilmeýärmi?
Şu düşünje sungaty hakyky sungat etmegiň baş ýörelgesi - Geň galdyryp bilmeseň, gyzykdyrybam bilmersiň. Gyzygmasa - ýazdyň nä ýazmadyň nä? Eşegiň gulagyna ýasyn okan ýalydyr-da.
Diňlär-de (okar-da), bu gulagyndan girizer-de, o gulagyndan çykarar goýberer. Yzam galmaz aňynda, kalbynda, tozam.
Hekaýaň iň geň galdyrýan ýerem (ýazýan adamlar üçin) - onuň baş gahrymany - jeset. Onam häsiýetlendirseň, rus gardaşlaň bir sözi ýadyňa düşýär: "Жил грешно и умер смешно".
4.Hekaýaň ady düýbünden gelişmändir - Ol birinjiden-ä, awtoryň özüniň öz beýan edýän (ýagny, etjek) wakasyna, öňe sürjek ideýasy bolan şahsy garaýşyny hekaýa başlanmanka güjeňläp görkezýär. Bu eýýäm islendik eseriň minusy.
Ýöne ýere "ýazyjy - aýna" diýilmeýär.
Ýazyjy (şahyram, režissýor ýa-da nakgaş-heýkeltaraşam), öz döredýän eserinde güberçekledýän wakasyna, ideýasyna, gahrymanlaryna tarapgöýsüzlik bilen garasa - şol iň dogrusy.
Çünki awtor özüniň awtorlyk hukugyndan, artykmaçlygyndan hetden aşa artykmaç peýdalanyp, eseriniň içinde, edenini ediberse, ol eýýäm özüni, öz ynançlaryny okyjyň boýnuna boýunturyk edip "dakýar".
Şohuň üçinem, ýene-de bir diýesim gelip dilim gijeýär: "Elbetde, bu zatlary dinozawr ekgäň özi ýahşy biledi", ýöne hekaýaň adyny meň pikirimç-ä başgaçarak almalymyka diýýän. Mysal üçin: "Ölüşiňe görä gömüşim" ýa-da "Metgi merhum".

Wakaň durmuşylygy bolsa - çyn.
Durmuşda ýaňky ýaly wiagradan gerk-gäp bolup, "wepat eden" adam hakda menem eşitdim.
Şoň üçin başga ýerlerde-de şeýle wakalaň bolup, olam haýsam bolsa başga bir awtoryň (režissýoryň, stendaperiň, ýumoristiň we ş.m.) ünsüne ilen bolmagy gaty ähtimal.

0
12 Bagabat  
43
Ýene-de bir maglumat:

Предсмертная эрекция, ангельская похоть, окоченение или терминальная эрекция[1] - это посмертная эрекция, технически приапизм, наблюдаемая у трупов мужчин, которые были казнены, в частности, через повешение.

Çeşmesi: http/translated.turbopages.org/proxy_u/en-ru.ru. a5135572-6327dbc4-18e13623-74722d776562
https/en.wikipedia.org/wiki/Death_erection.
19.09.2022ý.

Umuman, berekella, Sylapberdi!
Işiň ileri. Öňünden yzy gür gelsin.
Juda gowy hekaýa. Okap hezilem etdim, begendimem, guwandymam.

Üstesine-de merhumyň şeýdip, iliň tersine ýüzin ýatyrylanyny, oň yzynda galýanlar oňatja edip “delillendirerlerem” – “Ýalançy dünýäniň gara ýüzüni görmäýin diýip gül ýüzüni ters öwren daýym jan-ow”...
Görüň, ynsan logikasyny – zyna-wejeralyk bilen meşgullanmak isläp, azgyn islegi paşman amanadyny tabşyran ýazykly däl-de, ýene-de “dünýe” günägaby – şoň “ýüzi gara”. Ol şeýle masgara ýagdaýda jany çykanyň ýüzi bolsa “gül”.

0
13 Bagabat  
43
Şu ýerde has çuňlaşyberseň, adamzat ahlagynyň dualizmem (latynça: dualis - ikileýinlik) göz-görtele ýüze çykýar.
Bir tarapdan-a, päk ahlaklylyk oturylsa-turulsa hemme kişiň hemme kişä ündeýän zady. Hiç kim hiç kime: “erbet bol, zyna et, ogurla, alda, wejera ýaşa, müňkür bol we ş.m.” diýip ündemeýär. Gaýta her kes her kese: “gowy bol, ýalan sözleme, kişiň hakyny iýme, wepadar bol, lebziňi ýuwutma, ynan we ş.m.” zatlary nesihat edýär. Her kesem özüni şonuň ýaly gowy ýol-ýörelgä eýerip ýaşaýandyryn öýdýär.
Ikinji tarapdanam, adamlaň hemmesem biri-biriniň nähilidigini görýärler, bilýärler. Emma artyk-kem taraplaryny görseler-de, her kim beýlekiň gowusyramagyny goldaýar. Üstesine-de öz ýakynlaryna gezek gelende onuň pyssy-pyjurlygy ýüze çykjak bolaýan ýagdaýynda-da, ony derrew bassyr-ýussur etmäge çalyşýar.
Özüni aklamak üçine iň oňat, iň ygtybarly delilem: “Dogry sözliň dosty ýok”.
Hakykatda, lingwist alymlaryň biri maňa bu nakylyňam ýoýulandygyny, ilkibaşky görnüşinde onuň: “Dogry sözliň dosty Hak” diýen görnüşde bolandygyny gürrüň beripdi.
Seredip otursak, biz gerek ýerinde ýokardaky ýaly nakyllaram özümizejik laýyklapjyk ulanyberýän kenik...

0
14 Haweran  
411
Durmuşda şuňa meňzeşräk bir waka gabat gelipdim.
Welaýatlarymyzyň birinden gelip paýtagtda işläp ýören ýaşularak biri aýlyk alan güni ýalançynyň gowgasyny azajygam bolsa undaýyn, dert-aladamy ýeňledeýin diýendir-dä özüçe, elgaraz "çepe" gidipdir, wakanyň görnüşinden ol hemsyrdaş tapynan zenany bilen ilki gowy oturypdyr, iýip-içipdir, ikisi-de arakdan keýplerini kökläpdir, birki sapar ýellerinem boşadan bolmaly, soň hammama girip ýuwnupdyrlar, şol endamy öllügine hem ýene ýakyn gatnaşykda bolanlar.
Ýaman ýeri soňky gezekde (partnýorlaryň endamy hem öl bolansoň), ýaşulynyň aýagy ýalaňaç tokly razýetkanyň simi çykyp duran ýerine galtaşypdyr. Netijede görgüsiýamanlaryň ikisi-de şol duran ýerlerinde gatap galypdyr.
Wakanyň bolan ýerine seljeriş geçiren polisiýa işgäriniň gürrüň bermegine görä, şum habary ýaşulunyň hossarlaryna ýetirmek kyn bolan. Sebäp ýaşuly çagalaryny gözli-başly edip, agtyk gören adam eken. Wakanyň bolan ýerinde ýogalan zenanyň milleti ors bolansoň, edil onuň ýakynlary waka üçin kän bir ezmaýyş edip duran däldirler welin, munuň utanjy ýaşulynyň çagalaryna agyr düşen bolsa gerek.
Aýtjak bolýanym, umuman şeýle ýagdaýlar seýregrägem bolsa, durmuşda bolýan, gaýtalanyp duran zatlar. Şeýle wakany beýan edýän ýazyjy esere öz çeper fantaziýasyny (meselem, artybynyň şol durşuna galmagy) goşmagy-da bolaýmaly we gerekli edebi tär. Esasy zat, awtor şeýle seýrek gabat gelýän täsin we masgaraçylykly wakanyň üsti bilen okyjylara näme diýmek isleýär, diýmek isleýän zady ýerliklimi, jemgyýete nähili signallary (aňlap bilene signal hekaýanyň adynda-da bar) berýär? Sylapberdi muny berip bilipdirmi?
Ine, hekaýa boýunça biziň jedelleşmeli meselelerimiz. Başky birinji teswiriň belliklerini ýerliksiz hasap edýärin, üçünji tesiwiriň belliginde-de esas ýok. 10-njy teswirde aýdylanlaryňam birinji bölegine goşulamok, sebäp bu waka merhumyň üstünden gülenok, soňky böleginde durmuşda gabat gelen gyzykly gürrüňi aýdypdyr. Görýäňizmi, gören-eşiden zatlarymyzy orta atyp, pikir alyşmak üçin haýsydyr bir ýurduň satiriginiň aýdýan henek gatyşykly hekaýatyny diňlemek ýa tomaşa etmek mätäçligimiz ýok. Ýazjaga, oňarjaga özümizde-de hekaýalyk, powestlik, romanlyk wakalar kän.
Hekaýa şeýle bir güýçli jemlenýär welin, soňky ýyllaryň çeper eserlerinden jemlenen iň gowy aforizmleriň onlugyny düzmeli bolsa, şol onlugyň başyna-da, soňuna-da iň soňky abzasy alardym.
@Bagabat agza dogry we awtor üçin peýdaly tankydy pikirleri orta atypdyr.
Sylapberdi, agam, ýene garaşýarys şeýle täsinje sýužetli hekaýalaryňa, okyjylara ýetirmek biz bilen. Galamyň ýiti bolsun!

0
15 silapmuham  
1368
Haweranyň wakasy meniň hekaýamdan has çuňňur oýlandyrýan eken. Indi Iki gezek dagy okap otyrynam welin, näme diýjegimi bilemok.

Hekaýa bellik ýazan ýoldaşlara ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Sizi hormatlamak bilen awtor.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]