19:22 Kiçilik | |
KIÇILIK
Kiçeldim öňünde mukaddes ýeriň, Dabanlaň astynda bolsa-da hatda. Özgertdiler meni üstünliklerim, Ýalňyşlarym kiçeltdiler, elbetde. Sada boljak bolup galmadym derde, Kiçiligme bolup gezdim razy, Kiçi ýatlamalar galypdyr serde, Ýyllar çapak eken taýçanak ýaly. Daglar çöküp barýar gursagna ýeriň, Bulutlar kiçelip Zemini ýuwar. Wysala ýeterin dik tutup seri, Kiçi göwün bilen, kiçi päl bilen. Kiçilikýaranym boldy galapyn, Tutup gezdim onuň gurply destinden. Kiçilik bor misli merdem paýapyl, Derýa ýaly geljegimiň üstünden. Gurbandurdy ORAZOW. | |
|
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |