11:08 Kitaphananyñ howlusynda | |
Türkmen Döwlet kitaphanasynyñ Filosofik howlusynda
Eflatunmy, Aristotel, Faraby, Ele alyp ýene ýelek galamy, Maña gadymýetden ýazýarlar nama, - Üstünden asyrlar geçende näme! Diwaryñ ýüzünden bakyşyp ine, Ýazyşyp otyrlar taglymatyny, Çyny bilen düşündirjek bolýarlar Ynsanyñ, dünýäniñ tebigatyny. Materiýa, kosmos, Ideýa hem añ... Filosof, patyşa... Bakylyk, Ynsan... Olaryñ agzaýan, gozgaýan zady Iññän çylşyrymly, Juda ullakan... ...Okyjydan doly stollañ daşy, Kitaplara gümra, egipdir başy, Himiýa, logika, taryh, diamat, Fizika, etika, din, dil, syýasat, Diñkesin dikipdir hersi bir zada, Şondan başga häzir zat ýok dünýäde. Ýöne ynha, ýada salyp ogryny Bir çetinde filosofik howlynyñ, Ýeñsesin öwürip akyldarlara, Bir gyz bilen ýigit ogşaşyp otyr... Öñlerinde meniñ kitabym ýatyr! 1978 Annaberdi AGABAÝEW. | |
|
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |