17:31 Köne mülk -10/ romanyň dowamy | |
10.
Häzir gijäniň ýary bolsa-da, Oguljan heniz ýatmandy. Ol Şanazara garaşýardy. Onuň ak öýlän "raýon merkezine baryp, geljek” diýip, çykyp gidişidi. Ol Şanazaryň gijä galanyna däl-de, soňky döwürde içgä kän üns berýänine şo halyna maşyn sürýäninden ätiýaç edýärdi. Ol Şanazary indi bäş ýyl bäri tanasa-da, şol döwürlerde uly gyz ýally asylly, parasatly, nurana boýuna gelşikli sallanyp ýören ýigidiň soňky on- ýigirmi günde düýpgöter üýtgemesini aklyna sygdyryp bilenokdy. Ýaş gelin ilki-ilkiler Şanazar okuwy tamamlanyna, öýlenenine begenjine içýändir öýtse-de, soňa baka, Şanazaryň içmesi, içip gelenden soň Oguljanyň üstüne ýersiz ýere azgyrylmasam has artypdy. Oguljan nika gijesinden soň özünde agyr üýtgeşikligiň bolandygyny duýdy. Ony Tuwaga-da duýdurdy. Tuwagam sen ýok, men ýok, aýallaryň üýşüp oturan mahaly:”Eje, gelniň eýýäm agzy bimaza!” diýdi-de goýberiberdi. Bu habar şol günüň özünde ýokarky, ortaky, aşaky Garaganla doldy. Muňa Şanazaryň bolmajasy boldy. Ol agyr içgili halyna Oguljany gujaklap:”Maňa ogul gerek! Soň eşitdim, eşitmedim diýme!” diýip, her dürli gödek oýunlary eden bolýardy. Şondan ep-esli gün geçenden soň Şanazar gelnine saçynyň ýeňsesini deňletdi. Olar oýun-gülki bilen bu işe şeýle bir berilipdiler welin, içeri Garagyz gelnejäniň gireninem duýmadylar. -- Gelin!—diýip, Garagyz gelneje ýanjynyp başlady.—Men size gazda suw ýylatmaň diýip, näçe sapar aýtdym. Her bäş günde bir ballon gaz gelýär. Siziň azaryňyza-da däl-le...—diýdi. Oguljan gaýyn enesinden ýaşynmansoň: -- Häzir aýraryn!—diýip, gazy öçürip, onuň üstündäki suwdan doly ullakan bedräni ýüzugruna götermekçi boldy. Şodur-da- şodur, onuň içinden bir zat sogrulan ýaly boldy. Ol bedräni ýerinde goýup, baryp jaýyň bir burçunda çugutdyryp oturdy-da, agyrsyna çydaman aglap başlady. -- Näm-ow—diýip, ŞanazarOguljanyň ýüzüne-de seretmän gyňyrlaç lak atdy.—Ejem bir zat diýse, gaty görmesi ýokdur. Oguljanyň jan-jan öz janydy. Ol janhowluna: -- Ejeňi çagyrsan-a!—diýip, naýynjar seslendi. Onuň demi janalgyçdan gaýdýardy. Şanazar owadan gözlerini balkyldadyp, gelnine seretdi. -- Näm bol-da-ý?! -- Bilim!.. Çagyr ejeňi... Şanazar dazyrdap öýden çykdy. Bir salymdan ýaş gelniň daşyny aýallar aldylar. Olar gelni düşege geçirip, „Tiz kömege” jaň etdiuler. Şol gün oba „Şanazaryň gelniniň çagasy düşüp, ony aşak, keselhana alyp gidipdirler!” diýen şum habar ýaýrady. Ondan bäri bir hepde wagt geçipdi. Şanazar ertir partiýanyň raýon komitetiniň ideologiýa bölüminiň instruktory bolup işe başlamalydy. Oguljan üçinem raýon ýaşlar guramasynda iş görlüp goýulypdy. Indi olar her gün işe bileje gidip, bileje gelip biljekdiler. Emma nämüçindir, Şanazar bir zatlary Oguljandan gizlejek bolýardy. Muny ýaş gelniň ýüregi syzýardy. Sebäbi Şanazar indi öňküsi ýaly, gelnine açykdan mylakatly däldi. Şu gün ertir Garaja diýen oglanyňmaşynyny saklap bilmän gelnaljy güni gorpa gaçyrandygy, maşyndaky iki adamyň agyr ýaraly bolandygy baradaky waka ýatlandy. Şonda hiç kim sesini çykarmasa-da Şanazar:”Näme bolanmyş-aý. Bu öýe ýyldyz girene döndi-le. Niräňe seretseň, bişowluk”—diýip, gaty närazy bolup aýtdy. Soňam ejesiniň :”Gelniň işinem görüp goýuň!”diýmesine ýüzüni awynyň sapy ýaly eňşidip, ýüz bermän çykyp gidipdi. Ol günorta çenli kakasy bilen çüýşe baryny boşadyp, hümür-sümür edip oturdy. Öýleden soňam akja ýüzüne şugundyr suwy çalynan ýaly bolup, ýakynda kakasynyň Aşgabadyň bazaryndan getirden täzeje Žugulysyna münüp, aşaklygyna gitdi. Gijäniň bir wagty bolsa-da, Şanazar henizem gelenokdy.Oguljan maşynyň sesine ylgap daş çykdy. Häzirem ol günbatar tarapdan öwüsýän salkyn şemala gujagyny gerip,durdy. Aşakda ýagty saçýan beýikli-pesli çyralar lowurdaşyp, garaňky gijäniň gujagyna dökülişip ýatyrdy. „Şu çyralaryň bir ýerlerinde senem-ä bar bolmaly, Mergen?—diýip, ýaş gelin ýüreginiň emrine zarba uran kemligine bäs gelip bilmän pyşyrdady-da, gözlerine ýaş aýlady. Sen bir meniň bu gara maňlaýymyň nä günlere uçurap ýörenini eşitdiňmikä?! Eşiden bolsaň, bir zat diýýänsiň-ä. Sen näme diýýäň, Mergen!?” Oguljan işigiň açylanyny eşitdi-de, öztamyna girip gitdi. -- A gyz, Oguljan, sen henizem ýataňokmy, gyz? Tuwagyň sesi Oguljany sägindirdi. Ol; -- Maşynyň sesi geldi. Şanazar geldimikä diýip daş çykdym.—diýip, göwünsiz jogap berdi. Tuwak ýaş gelniň ýanynda oturdy. -- Beýdip oturma.Geler ýörerde, sen bir bar-da ýat-a. Oguljanyň düşünişi boýunça, Şanazar diýmek „hudaý” diýmekdi. Oňa habar gatmagam, bir zat soramagam, maslahat soramagam, edenine däl diýmegem hiç bolup bilmejek zat hasaplanylýardy. Şanazaryň han özi, soltan özüdi. Ejes-ä beýlede dursun, dädesiniň özem ogluna diňe geňeş salyp bilýärdi. Şonuň Şanazaryň gitdi, geldi, oturdy, ýatdy meselesine gatyşmaga hiç kimiň haky ýokdy. Ýaş ýigidiň özem bu obada-ha däl, tutuş raýonda iň owadan, iň baý, iň akylly, iň abraýly admlygyna gutarnykly ynanýardy. Ol özüni gedem, boýnyýogyn,, hakyky häkim hökmünde görýärdi. Häzir ol bu ýaş gelniň özüne gelin näzi bilen , heniz ýüzi açylmadyk gelniň inçejik öýke-kine bildirýändigini dagy guýaýsa, onda bu ýaş gelniň dat gününe bolmalydy. Şanazar Oguljanyň „düşüginden” soň oňa nämüçindir, edil ýagysy ýaly seredýärdi. Sen raýkom komsomola işe gireňden soň, şol haramzada Mergen—ýergemren ýalylar bilen hahaha-da wahahaý boluşjak bolsaň, bilip goý, ýeke günem işlemersiň. -- Men adamlar bilen işlemeli bolaryn-a! -- Adamlaryň ýanynda görüň ýok diýýän men saňa, eşitdiňmi?! Beýle adamlar bilen işläsiň gelen bolsa, Aşgabada, ejeň ýanyna taşlap gaýdaryn. Onsoň, şol ýerde köçe-köçe syrda, adamlar bilen işleşde ýör. Barybir, seniň indi boljagyň boldy... Bu gürrüň öňki agşam Şanazar bilen Oguljanyň arasynda bolupdy. Ýöne bu gürrüň täzelik däldi. Oňa keselhanada bedenini arassalap, däri-derman eden lukmanlar hem aýdypdylar. -- Wah, önelgäňe zeper ýetipdir. Diňe Hudaýa ýalbar! Oguljan Aşgabada ejesine jaň edip, aglap, ýagdaýyny aýdanda-da ejesi hamsygyp;„Wah, gyzym, garamaňlaý bolupsyň-da” diýipdi. Ýöne Oguljan beýle agyr urgulara Şanazardan garaşanokdy. Gorkusy az däl bolsa-da, ol iki-üç ýylsyz bu gürrüňiň golaýyna geliner öýtmeýärdi. Emma Şanazar namartlady. Ýaş gelniň öňem ýat ýerde, ýat adamlaryň arasynda tirşelenen ýüregini para-para edip taşlady. Ýöne Oguljan özüni ele aldy. Serhoş adamsynyň gepini ar-namys bilip durmady. Maşynyň sesi eşidildi.Ýaş gelin ylgap daş çykdy. Eýwanyň agzynda Şanazar iki ýigit bilen gürleşip durdy. Ol gyryk, ýöne parahat sesi bilen oglanlara öýe girmegi mürehet etdi. Oglanlar garşy bolsa-da, ol: -- Ýok, ýok, öýe girip, bir elli gram urmasak bolmaz!Ýöriň, ýöriň! Ýigitleriň daýawragy sesini çykarmady , emma özi bilen boýdaş bolup duran inçesagt ýigit aýgytly ses bilen: -- Ýok-la, indiden soň öý bolmaz.—diýdi. Sag bol, biz gideli—diýdi. Emma şanazar özelenip başlady: -- Beýtmäň-ow, bir ellije gram-how. Oglanlar aşakda duran maşynlaryna bakan gitdiler. Işikde Şanazaryň maşyny görünmedi. Şonda-da ol öýe keýpiçag girdi. -- Waý, muny, şol garaşyp otyrmyň?—diýip, gülüp aýtdy.—Men bolsam, sen süýji ukuda ýatansyň diýipdim. -- Sen maşynly gidipdiň-ä—diýip, Oguljan ýuwaşja aýtdy. Şanazar daşky eşiklerini çykaryp durşuna geleňsiz gürledi. -- E-eý, maşyn hiç-le. Dädemiň jany sag bolsa, maşyny gaýgy edemok. Ol maşyn bolmasa, başgasy...—Ol gelip Oguljany gujaklady. -- Gel, ajyja çaý içeli! Oguljan orta saçak ýazyp, iýer-içer ýaly zatlaryň ýany bilen bir çäýnek çaý alyp geldi. -- Nahar iýermiň? -- Getiräý! Saçak başynda Şanazar ýene-de birneme içdi. -- Ertir, ýok, şu gün işe başlamaly. Ýaňy gördüň-ä, şolar-da. Mem şolar bilen bile işlemeli-dä.Olary restorana äkidip, işi ýuwduk. Maşyny restoranyň agzynda goýdum.Şol ýerde-de biri meniň maşynymy erbet urup, gaçyp gidipdir. Ony görer ýaly däl. Ussa äkitduik. Şoňa, oglanlar meni getirip gitdiler. Gül ýaly oglanlar... Oguljan öz işi barada gyzyklandy. --Şanazar meniň işim nähili bolarka? Şanazar bagryny ýassyga berdi. Işiň barada sen Tuwakdan sora. Ony şol bilýändir. Ertir ikimizem işe çykarys. Şol ýerde meseläni çözerler-dä. Näme beýle işläsiň gelýär-le, gelin bolanyňa heniz biraýam bolanog-a. Oguljan Şanazaryň ap-akja, seçek ýaly sarkaryp duran barmaklarynyň üstüne aýasyny goýdy-da, ýigidiň owadan, nurana gözlerine sadyklyk bilen garady. -- Şanazar, ugruna düşen wagty menem işe başlanymy gowy görýän-de. Şanazar elini silkip aldy. -- Näme, soň bolmaz öýdýäňmi? Gepleýän gepiň dagy nähili? Bilip goý. Beghanyň çagalarynyňky hemişe wagdyr!—diýip gygyrdy. Bu hökümetde, bu welaýatda bize azy urup biljek goç ýigit heniz enesinden dogan däldir.—Ol aýagy bilen saçagyň ujuny depip goýberdi—Ýygna, men ýatjak... Şanazaryň ynamdar sözlerinden soň,Oguljanyň göwni az-kem aram tapan ýaly boldy. 11. Çendir jülgeleriniň arasy bilen barýan maşyn ýoluň gyrasyndaky çeşmeleriň biriniň gapdalynda saklandy.Mergen maşyndan düşüp, çeşme suwuna elini, ýüzüni ýuwdy. Suw içdi. Ol: - Çendir jülgesinse näçe mekdep bolmaly?!—diýip gapdaldaky kese daşyň üstünde oturan Begjan mugallymdan sorady. Oňa çenli maşynyň içinde gäwüşäp oturan Sonýa Babaýewna: -- Ony menden sora, bäş mekdep bar, bäş mekdep—diýip, jogap berdi. -- Onda bu gün irräk gutararys! -- Irräk gutarsaň, posýologyň özündäki üç mekdebem bardyr. Olara-da aýlanmalysyň.—diýip, Begjan mugallym Mergeniň ýüzüne hilelije seretdi.—Başlyk saňa, "Hasabaty ertir irden maňa gowşursyn” diýendir-ow. --Haýsy başlyk? Meniň başlygym kän-ä. Begjan mugallym hilelije ýylgyrmasyny etdi. Atdaşyň başlyk! Näme, seniň ondan başga-da başlygyň barmy?! Mergen güldi-de: -- Siz üçiňizem maňa kiçi başlyk däl-ä.—diýdi. Maşyn ugran badyna dagdan aşaklygyna düşüp başlady. -- Maý aýynda şu ýerde oturypdyk—diýip, Begjan mugallym oturylyşygyň nähili bolanyny, oňa kimleriň gelenini şüweleň bilen gürrüň berip başlady. Mergeniň gözi töweregindedi. Dagyň ýüzi tä jülgä çenli kerkaw, dagdan, garagaç agaçlaryndan basyrnyp ýatyrdy. Ýabany üzüm bolsa agaç tokaýlygyny durşuna basyrypdyr. Jülge bolsa durşuna böwürslen jeňňelligine öwrülip gidipdir. Gapdaldaky gaýalaryň böwründe käkilikler saýraşýardy. Bibijan bu gözelligi görüp, saklanyp bilmedi. Şu ýerlere sşýgüliň bilen gezelenje gelsediň-hä.—diýdi.—Sonýa Babaýewa onuň sşzüni alyp gaçdy. -- Adamyň bilen gelende nädýe! Begjan mugallym göwresine gelişmeýän ýeňillik bilen hikirdäp güldi-de, yzyna gagap, Sonýa Babaýewa gözüni gypdy.—Ýok, ýok, onda barynyň mazasy gaçýa.—diýdi. Mergen nämüçindir olaryň gürrüňine gyzyganokdy. Ol häzir kellesinde başlyk üçin hasabatyň suduryny taslap otyrdy. Onuň ýoldaşlary gülüşdiler. Begjan mugallym bu hezil gürrüňçilige Mergeniň hä bermän oturmasyna geň galdy. Mergen haw, sen bu gözel ýerlerde nämäniň agyr pikirine batdyň?!—diýdi. -- Ýok, menem diňleýän! Begjan mugallym indi özüne Mergeni gepbaşy edip alyp, oňa deginesi geldi. -- Mergen, sen öýlendiňmi, özi? --Aý, ýok, heniz-ä öýlenemok. Begjan mugallym ýola seretdi. -- Aý, oglan, sen şu ýaşda öýlenmän, indi haçan öýlenjek! -- Begjan mugallym, sen Mergeni gyssaberme. Olam Beghanow ýaly, Aşgabatdan birini yzyna tirkäp, getiribermesin. Biz öz sumbarly gyzlarymyzdan birisini oňa saýlap bereli.—diýip, Sonýa Babaýewa jyzyrdady.—Bizde gyzlaryň gowusy bardyr! Begjan mugallym has mojugyna tutdy: --Sen bäş ýyllap Aşgabadyň uniwersitetinde okap, gyzlar bilen söýüşip bir gördüňmi, özi? Mergen başyny ýaýkady. -- Päheý-de welin, Mergen jan, sen-ä meniň işimi gördüň. Ýene Sonýa Babaýewa Mergene arka durdy. -- Oňarypsyň, „Söýgi!Söýgi!” diýen boilup, barysy biderek zat! Näçe söýgiň bolsa, maşgalaňa etmeli! Söýüşen bolup, bäş gün tirkeşen bolup, altynjy gün her haýsy bir ýerlerik gidenden, gowusy, terbiýeli gezeniň gowy.Şeýlemi, Bibijan! Bibijan söýüşmegiň tarapynda durdy. -- Heý, söýüşmek ýalam bir gowy zat bolarmy?! Ine, öýlener. Bar zat, durmuşam, işem, barysy adaty zatlar bolar galar. Diňe söýginiň eşreti ýadyňdan çykmaýar. Söýgi adamy adaty zatlardan beýikde saklaýar. -- An-ha, meniň ýüregim bolduň, Bibijan.Meniň diýip bilmän oturan pikirimi sen diýdiň. Özüm-ä Çärjewiň pedinistutynda okan ýyllarym her ýyl bir gyz bilen söýüşendirin. Sonýa Babaýewa gülüp oturyşyna: -- Ýeri, onsoň, nähilieken, Begjan mugallym—diýdi. Begjan mugallymyň gözleri ýandy. -- Ah, men aýtmaýyn, sen sorama.—diýdi.—Sonýa Babaýewa şofýor ýigidem ýadyndan çykarmady. -- Aý, şofýor—diýdi. -- Näme? -- Maşynyňy saklaman sür, ýogsa Begjan mugallym bilen Bibijan söýüşmäge gidibermesin.—diýip, hezil edip güldi. Aşakda Çendiriň ilkinji obasy göründi. -- Şu obada mekdep barmy? -- Bolmaly. -- Şu oba sür. Şundan başlalyň... Bu günem Mergen güni ýaşyryp öýüne geldi. Ol janhowlyna howlugýan ýaly bolup, çukuryň daşyndan bir aýlandy. Çukuryň jaý tarapynda gyrmançadyr silewäniň, küldür topragyň gabarasy ep-esli bolup durdy. -- Bu günem işläp bilmedim!—diýip, ol öz-özünden närazy halda başyny ýaýkady. Soň ol işigini açdy-da, çaý goýdy. Şondan soň plotensiýasyny egnine atyp, duşa bakan ylgady.Her näçe özünden närazy bolsa-da, geçen iki gün Mergen üçin uniwersitet derejesinde peýdaly boldy. Ol şular ýaly tejribäni bir mekdepde işläp ýören mugallymyň elli ýylda-da alyp bilmejegine-de akyl ýetiripdi. Ol tutuş raýonyň ýigrimiden gowrak mekebine aýlanyp gördi. Şonda ol mekdep direktorlarynyň ählisi bilen gürleşdi. Her mekdepde näçe mugallymyň, näçe okuwçynyň, näçe klasyň, şu ýyl näçe oikuwçynyň mekdebe kabul edilenliginiň, geljek ýylda näçe okuwçynyň kabul edilmeginiň göz öňünde tutulýandygynyň, şu okuw ýylynda mrkdebi näçe okuwçynyň tamamlap gidendiginiň, şu ýyl näçe okuwçynyň mekdebi tamamlajakdygynyň, mekdepden şu ýyl näçe okuwçynyň ýokary okuw jaýyna girendiginiň, ýetişigiň, gatnaşygyň, dersler boýunça ökde, tejribeli mugallymlaryň hasabyny alyp, depderine belledi. Mekdebiň haçan gurulandygyny, haçan abadanlaşdyrylandygyny, näçe klasyň abadanlaşdyrylyp, okuw ýylyna taýýar edilendigini, her klasyň tagtasy, partalary, yşygynyň ýanyp ýanmaýandygy, mekdep çagalarynyň suw bilen üpjünçiliginiň näderejededigini, hajathana, el ýuwulmak meseleleriniň nähili ýagdaýdadygyny aýratyn belledi. Her mekdebiň direktorynyň, guramaçylyk, terbiýeçilik orunbasarlarynyň atlary,atalarynyň atlary, iş, öý telefonlaryny belläp aldy. Soňra her mekdebiň daş –töweregini elin gördi. Mekdepde bag ekilişine, boş ýerlere pel çekip, ekin ekilişine syn etdi. Bu ýazgylar Mergen üçin hazynady. Ol hazynany Mergen başda Bilim bölüminiň müdiriniň hasabatyna gerek bolaýsa diýip ýazyp alypdy. Ýöne onuň göwni bu işinden suw içmedi. Ýöne onuň göwni”Işle, bu çukuryň işini aýyň aýagyna gutar” diýýärdi. Aýyň aýagyna bary- ýogy ýedi gün galdy. Şol ýedi günüň üç gününi ol ýygnak, beýleki diýip, eli daňylgyja geçirmelidi. Galan günlerde onuň çukura girip biljegi gümanady. Mergen ýuwunyp gelip, sekiniň üstüne düşek, saçak ýazdy. Ol gyzyl açdy. Sebäbi ol aýyň aýagyna çenli iliň saçagyndan, bazardan ýeke lukmany agzyna atmazlyga özüne şert edipdi. Ol şertinde-de durdy. Ýöne öz öýüne gelensoň, halys çydamady. Çaýy gaýnansoň , ol çäýnegi düşürdi-de, ýerine sajy goýup, oňa ep-esli gowurma atdy. Onuň üstüne sogan dogrady. Olaryň üstüne dört sany ýumurtga çakyp, az- owlak duz sepişdirdi. Nahary taýýar bolandan soň, ol çaýyny demledi-de, baryny sekiniň üstündäki saçaga daşady. Howlukman garbandy. Gantlap çaý içdi. Şeýdibem günuzynky açlygynyň, ýadawlygynyň dişini döwdi Indi onuň öňünde duran birinji wezipe, başlygyň hasabatynyýazmakdy. Ol bu hasabaty düýnden bäri aňynda gaýtalap-gaýtalap, kemini goýman taraşlapdy. Indi ony kagyza geçiräýmek galypdy. Şonuň üçin Mergen bar zady owarram edip, eşigini çalşyryp, bilini berk guşap, çukura girdi. Sebäbi indi telim gün bäri ol çukuryň işine ýa gaty göwün beripdi, ýa-da halys öwrenişipdi. Ol çukurda işläne özüni birhilije erkin, ýeňil duýýardy. Kellesi açylyp, gunt ýaly pikirler döräp başlaýardy. „Men özümem ýadymdan çykarmaly däl!” diýip, ol toprakly köne çuwalybäş-alty sapar daşanyndan soň oýlanyp başlady.—„Başlyga taýýarlan hasabatymdan interwýu taýýarlap, ertir „Mugallymlar gazýetine” ugratmaly!” Mergen bu pikiri şapba tutdy. Özem bu pikiriň kellesine häzir gelenine begendi. Ýöne soň onuň kellesine başga bir pikir geldi. „Men ertir maslahatda„Edebiýaty okatmagyň käbir meseleleri” diýen temada çykyş etmeli. Ol pilini ýumşajyk topragaurdy-da, sähel salym sägindi. Belli pedagoglar Kamenskiniň, Suhomlinskiniň, Myrat aganyň, Jümmi mugallymyň, beýleki halypa mygallymlaryň edebiýaty okatmak baradaky maslahatlary onuň aňyndan ýyldyrym çaltlygynda geçip gitdi. „Birinji bilen Suhomlinskiniň täze adamy kemala getirmek baradaky parasady; Ikinji bilen,mugallymyň beýik göreldesi! Üçünji bilen, okuwçylaryň öz mertebesini ýokary götermek; Dördünjiden, edebiýat sapagyny ynsan edebiniň açaryna öwürmek. Bäşinji bilen, Jemleme!” Mergen derleýärdi. Derledikçe aňyna ýazylyp duran makala süýjeýärdi. Onuň aňynda, pikirinde.ýüreginde, asyl sözlük sostawynda ýok sözler häzir onuň diline gelýärdi. Mergen bu sözleri aňynda gaýtalap oturmaga halys çydamady. Ol çukurdan ýyldyrym ýaly bolup, atylyp çykdy-da, özüni duşuň aşagyna urdy.Soň öýe girip, çyrany ýakdy.Kagyz , galamyny alyp, sagat bire çenli özüniň ertirki maslahatdaetjek çykyşyny, bilim bölüminiň müdiriniň hasabatynam ýazdy. Diňe şondan soň sagadyny dörde düzdi-de, sekä düşegini ýazyp ýerine geçdi. Ol sagat dörtde oýandy.Duşa düşüp, agşamdan galan naharyny gyzdyryp iýdi. Çaý içdi. Soň sagat ýedä çenli öz makalasyny – interwýuny ýazdy. Ony gaýta-gaýta okady. Syntgylady. Bellik eden sahypalaryny täzeden göçürdi. Hasabatam, özüniň çykyşynam şeýdip işledi. Soň düýnde, öňňinde geýmedik jalbaryny ütükläp, ýene duşuň aşagyna girip, yslyja şampun bilen saçyny, endamyny howlukman ýuwdy. Mergen öýden çykanda sekiziň ýarydy. Ol howlukdy. Ilki posýolokdaky poçta baryp, interwýu-makalany bukja salyp, buýrma edip, „Sowet Türkmenistany” gazýetiniň redaksiýasynyň salgysyna ibertdirdi. Soň bilim bölümine geldi. Müdir onuň özi bilen deňiräk geldi. -- Gel, hany, atdaş, näme iş bitirdiň, hany göreli! Mergen oňa hasabaty gowşurdy. Soňam: -- Mugallym, bir haýyşym bar!—diýdi. -- Näme?—diýip, müdir hasabata gyzygyp oturyşyna, başyny galdyryp äýneginiň üstaşyry Mergene seretdi.—Gowy ýazypsyň, sag bol, aýdyber! Mergen başlyga golaý bardy. -- Şu günki maslahatdan soňky usuly seminarda menem çykyş edeýin. Başlyk elini uzatdy. --Hany, getir-äni... Mergen çykyşyny uzatdy. Başlyk haýran galmaly çaltlykda okady-da: -- Baý, gowy edipsiň-äý, hökman çykyş etmeli!—diýdi.—Ýöne ol birki sözlemi çyzdy.—Ýöne sen bir zat et, metodik seminary Begjan Abdyýew alyp barýandyr. Meniň adymdan şoňa duýdur. Sanawa goşsun.—Ol ýene bir salym hasabata güýmendi.—Ine, munda tutuş raýonyň mekdeplerini edil, aýna sereden ýaly edipsiň.Munyň gaty uly zat!.. -- Ol hasabaty edil gyzyl tapan ýaly göterip, kabinetinden çykdy. Soň eli hasabatsyz kabinete girip: -- Baran ýerlerňizde aşyňyza-suwuňyza seretdiler dälmi”!—diýdi. Mergen: -- Aý, ol pahyrlar gara gadyr-la!—diýdi.Başlyk güldi. -- Begjan-a elli gram urmasa jany çykar-la.—Ol ýene güldi. – Özüňem bir elli gram urduňmy?! Mergen başlygyň özünden gep aljak bolýanyna düşündi. Ol Abdylla bilen Gyzylarbatdan gelende-de osmakladan bolup ”Bu bagty ýatan nirede içip ýör, beýle?—diýip soran bolupdy. Emma Mergen oňa per bermändi. Bu sapar ol gürrüňi kesdi. -- Men mugallym bilesiň gelse, aýdaýyn: iliň öýüne-de, saçagynyň başyna-da baramok. Iliň gürrüňinem oňa-muňa ýetiriup ýörenleri halamok! Şonuň üçin menden iliň gepinem soramaň. -- Näme, seni nahara çagyrmadylarmy? Mergen ýüzüni sallady. -- Men iliň öýünden, bazardan. Ýoldan iýmit iýmezligi özüme şert etdim. -- O nähili? Şu günem iýmezmiň?! -- Meniň öz öýüm bar-a! Başlyk onuň ýüzüne dikanlap seredip durşuna: -- Güni bilen aç bolmak bolmaz. Hökman iý. Seniň ol pikiriň nädogry.—Ol Mergeniň başyndan dabanyna çenli synlady.—Sen gaty hor-ow. Bu ýagdaýyňda işläp bilersiňem öýdemok. --Mergen ýylgyrdy: -- Işlärin, işlärin.Nesip bolsa, onda-da nähili işlärin!—Ol ýolda gelýärkä „aýdaryn” diýen pikirinii häzir aýtmaly hasap etdi. Mugallym!—Müdir başyny göterip, Mergene diň saldy. -- Maňa haýsy mekdepden, näçe sagat berýäňiz?—Müdir bir salymdan: -- Sen bilim bölüminde kabinet müdiri bolarsyň!—Mergen tisginip gitdi. -- Jan, mugallym, meni mekdepden aýyrma!—Oňa düýdansyz ýerden aýgytlylyk gekdi. -- Maşa mugallymçylyk bermeseňiz, giderin! -- Nirä gitjek?—diýip, müdir işini taşlap ýaş ýigide bakan öwrülip sorady. -- Eger mugallymçylyk bermeseňiz, mugallymçylyk berilýän ýerine giderin. Gyzylarbat raýonynda mugallymçylyk kän. Hojagalanyň mekdebinde ýer bar, „ gel, näçe ölçeg okatsaň bereli” diýip durlar. Men şoňa giderin. Maňa diňe mugallymçylyk gerek. Başga işiňiz gerek däl... Bilim bölüminiň müdiri ýerinden turup, elini Mergene bakan uzatdy. -- Ataýaew, atdaş! Men saňa gowusyny etjek bolup durun. Häzir seni ýaşlar guramasam sorap dur, içeri işler bölümem sorap dur, ispolkomyň başlygam sorap dur. Seniň hatyň gowy, pikirleniş ukybyň ýokary, edebiň gaty gowy, arassa, işeňňir. Birinjiden-ä, seni mekdep zaýalar, ikinjidenem, mekdepde seni goýmazlar. Bu ýerde sen meniň öz ýanymda bolsaň, men ýalbararyn, sögüşerin, saklaryn. Meniň kömekçim bolarsyň, hat-petegime kömek berersiň, oňa- muňa git-gelime ýardam edersiň. Wagty gelende men seni ýokarrak çekerin. Näme işiň bar pohly mekdepde... Mergen razy bolmady. -- Siz maňa ýagşylyk etjek bolsaňyz, maňa sapak beriň. Galany bilen özüm oňuşaryn. Bolmasa Oblast bilim bölümine „Garrygala raýonynda dil-edebiýat dersinden sapak bolmany üçin meni başga raýona geçiriň” diýip, arza ýazyp, şu günüň özünde ýola düşjek. Müdiriň gözleri peträp gitdi. -- Goý, beýle gepiňi goý!.—Ol ýerine geçip oturdy-da öňünde ýazylyp ýatan kagyzlary dyrmalady. -- Onde sen bir zat et! Sentýabryň birine çenli meniň ýanymda bolarsyň. Soň men seni mekdebe geçirerin. Bormy?! Mergen ýüzüni salap durşuna: -- Bolar! – diýdi. Mergen bilim bölüminden çykyp, Awgust maslahatynyň geçýän ýerine geldi. Ondan soň ol mugallymlara goşulyp, 1-nji mekdepdäki usuly maslahata bardy. Begjan mugallymy görüp, ölümiň öýünde öz çykyşyny seminaryň sanawyna goşdurdy. Ol seminaryň ahyrynda „Edebiýaty okatmagyň käbir meseleleri” diýen temada doklad etdi. Mekdep diýen çylşyrymly dünýäde ömrüni geçiren, tejribeli mugallymlar, horja, ejizje, heniz mugallym hökmünde mekdep mekdep, okuwçy garasyny görmedik agzy sary „jüýjejige’ äsgermezçilik, uly ynamsyzlyk bilen seredişýärdiler. Mergen dokladyna başlap-başlamanka: -- Sen, oglan ýaman uly gepleýäň welin näçe ýyl pedagogik stažyň bat—diýip, 7-nji mekdepden Güljeren mugallym gapdaldan azgyryldy. Mergen bu sowala taýýardy. -- Men uniwersiteti ýaňy gutardym. Meniň pedagogik stažym ýok. Telim ýyl mekdepde işledim diýip biljek däl. Ýöne şu çykyş meniň bütin ömrüme oba mugallym bolmaly programmam meniň.Men şol programany size hödürleýän. Tejribeli mugallym hökmünde näme belligiňiz bolsa men diňlärin. Mergeniň çykyşy esasan üç meseläni öz içine aldy.: Mugallymyň mertebesini beýgeltmek; Okuwçynyň mertebesini beýgeltmek; Şu güne çenli emele gelen usullardan, tärlerden öz ýerinde ýerlikli peýdalanmak! Ol :Mugallymyň mertebesi, ynsaby, ahlagy, söýgüsi nebsi bozulyp, adamçylykdan çykyp barýan, nebis üçin hallan atyp barýan tutuş adamzady çüýräp , ýok bolup gitmekden halas edip biler-- diýdi. Soň „Okuwça düşünmek, onuň adamdygyny, geljegiň beýik şahsyýetidigini her bir okuwçynyň aňyna, ýüregine guýmak” barada gürrüň etdi. Mugallym hiç wagt özüni okuwçydan ýokary tutmaly däldir. Ýaş çaga duýgur bolýar. Ol mugallymynyň özüni gedem tutýanlygyny, onuň hondan bärisiligini duýdugy, ol mugallymy äsgermän başlar. Mergen Uşinskiniň bir hekaýasyny mysal getirdi. Mekdebiň rus dili mugallymy Nataliýa Iwanownanyň kiçijik çagajygy ýaramany üçin, ol bütin gijeläp ýanyp ýatan çagajygynyň başujynda oturyp çykdy. Ol sapaga girende ýadawdy, gaharjaňdy. Ýüzüni sallap oturşyna, okuwçylar bilen gepleşesem gelenokdy. Şonda-da ol okuwçylarym boş gezip ýörmesin diýip, klasa girip, sapak düşündirip durdy. Mugallym şeýdip azaplar çekip okatsa-da Wanýa diýen oglanjyk sapagy diňlemän, gahardan ýaňa ýarylaýjak bolup duran mugallymynyň ýagdaýyny äsgermän, şo-ol penjirä garap, ýüzüni sallap, agyr gussa batan bolup otyr. Mugallym ony gördi. Birki sapar oňa kakdyryp sapagy diňläň diýip aýtdam. Emma Wanýanyň şol bolşudy. Mugallym saklanyp bilmedi. Ol agyr kitaby bilen Wanýanyň partasyny tarpyldadyp gazap bilen urdy. - Sen, haramzada oglan, Meniň çagajygym gijesi bilen ýanyp çykdy. Men syrkaw çaganyň başujynda oturyp, tutuş gijämi çirim etmän geçirdim. Şonda-da janyma dözüp, size sapak berýän. Sen bolsa meni, sapagy, tutuş klasy äsgermän, iki gözüňi daşardan aýyrman otyrsyň. Çyk klasdan, gümüňi çek... Wanýajyk gitmedi. Orta hatarda oturan bir gyz ýerinden turdy. - Mugallym, daňdan Wanýanyň ejesi ýogaldy!—diýdi. Tutuş klas dym-dyrslyk boldy.” Mergen üçünji meselede beýik Kamenskiniň „Diňe ökde okuwçylary sapaga çekmeli” diýen parasadyny ýatlatdy. - Sebäbi näme? Sebäbi, käbir okuwçy mugallymyň pikirini, düşündirişini kabul edip bilmeýär. Emma okuwçy okuwça gowy düşünýär. Olar mugallymy diňlänlerinden öz deň-duşlaryny diňlänlerini gowy diňleýärler. Okuwçy okuwça sada, düşnükli dilde düşündirýär... Garry, gyňyr mugallymlar Mergeni goldamasalar-da, ortada oturan ýaşyrak, orta ýaşyndaky mugallymlar ýerli-ýerden "dogru-da, dogry” boluşdylar. Mergen raýon bilim bölüminiň hormat hatyna mynasyp boldy. Ol bu gün öýüne sagat dörtlere bardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |