02:45 Köpetdag | |
KÖPETDAG
Eteginde at toýnagy güpürdäp, Egri gylyç süýndi sende, Köpetdag. Mert ýigitler Watan borjuny ödäp, Arslanlara döndi sende, Köpetdag. Gaýalaryñ, dereleriñ Gümmür, gümmür, gümmürlendi. Iñ soñunda her bir ýeriñ, Synmaz galalara döndi. Kaspi deñiz, Garabogaz boýunda, Kesearkaç, Amyderýa boýunda, Bagtly durmuş gurýan bu gün her ýanda, Täze adamlar öndi sende Köpetdag. Ýer, suw azat, zähmet azat, Ötmez gyşyñ ýaza döndi. Ylym azat, sungat azat, Sowatsyzlyk yza döndi. Gök ekin, ak altyn bezeýär düzi, Garagumda ýaýnaýar garaköl guzy. Göwsüñ üsti Türkmenistan merkezi, Bezeh bolup gondy sende, Köpetdag. Biziñ Watan her bir taýda, Misli gülüstana dönsün. Ýeñiş topy, baýram toýda, Gümmür, gümmür, gümmürlensin. Çaglan, çaglan, mydam çaglan Köpetdag, Köpetdag, Köpetdag, çaglan Köpetdag! Berdi KERBABAÝEW | |
|
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |