12:23 Köpüñ biri | |
Ylýas Amangeldi
▶ KÖPÜŇ BIRI Köpüň biri bolsadym, Aýagma basmasalar. Bir süýji dilli bolsadym, Üzüm deý asmasalar. Gökden damja deý damsam, Saýwana urulmasadym. Yzymdan edilip ham-sam, Gaýbana urulmasadym. Gömseler ýerden çyksadym, Ýüregim ak kömelek. Atylsam ganym çykmasa, Bolsadym ak kebelek. Dünýä menek-menek, nirdesiň melek? Bu panyň özi duzak, duzaklar gurulmasady, Öňe düşen imanlydan, uzakda durulmasady. Oklansam, ýollara daş bolsam, Daşlara syrdaş bolsam, Sogap iş elimden gelmez- Günäden bir daş bolsam. Goý, köpüň biri bolaýyn, Aýagyma basyň, basyň. Men bir süýji dilli bolaýyn, Soň isleseňiz asyň. | |
|
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |