20:44 Kriptowalýuta näme? | |
KRIPTOWALÝUTA NÄME?
Kriptowalýuta - ýöritе elektron programma kody esasynda elektron puly. Satyjynyň üns bermezliginden peýdalanyp, adaty pullary galplaşdyrylyp, satyjyñyn üns bermezliginden peýdalanyp dükanda tölenip bilinýän bolsa, kriptowalýuta-da beýle ýagdaý işlemez. Hakykat, olaryň akylly tehnologiýasy - blokçeýn esasynda döredilendigi. • Blokçeýn näme? “Blokçeýn” (“bloklar zynjyry”) yzygiderli gurlan sanly bloklaryň zynjyryndan ybarat amallar bilen maglumatlar binýady bolup, olaryň her biri öňki we indiki bloklar barada maglumatlary saklaýar. Bu elektron depderiň bir görnüşi, elektron mehanizmi sebäpli ýazgylar üýtgemeýär - elipbiý we san belgileriniň özboluşly toplumy, bu ýerde bir nyşanyň üýtgemegi beýleki bloklaryň üýtgemegine sebäp bolýar. Blokçeýniň esasy artykmaçlygy onuň aç-açanlygydyr, her kim bloklaryň içindäki maglumatlar bilen tanşyp biler, ýöne hiç kim ony üýtgedip ýa-da ýok edip bilmez. Kriptowalýutanyň görnüşleri Müňlerçe kriptowalýuta bar. Olaryň iň meşhurlary aşakda görkezilen: Bitcoin (BTC): Bitcoin - 2009-njy ýylda döredilen Bitcoin ilkinji kriptowalýuta we häzirem iň meşhurlygyny saklaýar. Bitcoin Satoşi Nakamoto tarapyndan işlenip düzüldi - bu bir adamyň ýa-da adamlar toparynyň lakamy hasaplanýar we işläp düzüjiniň takyk şahsyýeti näbelli bolup galýar. Ethereum (ETH): Ethereum - blokçeýn platformasy 2015-nji ýylda işlenip düzüldi. Bitcoin-dan soň iň meşhur kriptowalyuta. Ripple (XRP): Ripple - 2012-nji ýylda esaslandyrylan paýlanan hasaba alyş ulgamy. “Ripple” diňe bir kriptografik walýuta däl-de, köp dürli amallary yzarlamak üçin ulanylyp bilner. “Ripple” platformasyny dörediji dürli banklar we maliýe guramalary bilen işleýär. CRYPTOÇY | Telegram | Chat Ethereum (ETH): Ethereum - blokçeýn platformasy 2015-nji ýylda işlenip düzüldi. Bitcoin-dan soň iň meşhur kriptowalyuta. Ripple (XRP): Ripple - 2012-nji ýylda esaslandyrylan paýlanan hasaba alyş ulgamy. “Ripple” diňe bir kriptografik walýuta däl-de, köp dürli amallary yzarlamak üçin ulanylyp bilner. “Ripple” platformasyny dörediji dürli banklar we maliýe guramalary bilen işleýär. Aýmuhammet JUMAÝEW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we infotmatika institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |