21:17 Madrigal | |
MADRIGAL
Ýene-de çagyrdyň ýaşlyk döwrüme, ...Töweregňe şugla çaýyp, ýalbyrap. Bütin durkun bilen näz bolup dursuň, Saçlaryň ujuny barmagňa orap. Derýa bolsa ýyllaň geçjegi hakda Aýdym aýdyp, akyp ýatyr uzakda. Dünýäde başga ot bardyr öýdemok, Seniň gözleňdäki oda çoýunyp Gezýän, ganatlaryň ýanjagyn duýman Perwaz urýan bir perwana saýylyp. Derýa bolsa ýyllaň geçjegi hakda Aýdym aýdyp, akyp ýatyr uzakda. Garaşmankam bir tüweleý geldi-de, Meň çöşlän saçlarmy sypalap, ogşap, Seni alyp gitdi, wah, çoýunmaga Ot tapman, galdym men ýaz güni gagşap. Derýa bolsa ýyllaň geçjegi hakda Aýdym aýdyp, akyp ýatyr uzakda. Soňra... Wadalarňa aldanan ýyllaň Gulak salyp ahmyryna-zaryna, Gijem bolsa uýan saljak bolýaryn, Baş öwretjek bolýan duýgularyma. Derýa bolsa ýyllaň geçjegi hakda Aýdym aýdyp, akyp ýatyr uzakda. Bu gün arzularym – ganatlam ýene Per ýasanýar, uçsam diýip dyzaýar. Diňe gözleňdäki oda çirkizlen Ýüregimde birazajyk yza bar. Derýa bolsa ýyllaň geçjegi hakda Aýdym aýdyp, akyp ýatyr uzakda. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |