23:56 Maña uzak õmür miýesser etmez | |
MAÑA UZAK ÖMÜR MIÝESSER ETMEZ
Günleriñ birinde birehim ajal: "Bol, goşuñ düw! Seniñ sanalgyñ doldy" Diýer-de Duýdansyz gapymy açar. Howlukmaryn gözlerimi ýummaga, Gursagymda jigläp gider jigerim. Men ajala "İşim başymdan agdyk, Gyssama-da, Biraz garaş" diýerin. Diýerin ýene-de: "Hãzire çenli Ýaşadym şatlanyp, dert-elem dartyp. Ýatlamalañ hazynasy hakydam, Diñe sen o ýerde gerekmez artyk.! Açarma garaşýar ummasyz syrlar, Köp işlem edilmän ýatyr ýene-de. İllere aýtmaly sözlem kän hatda Wagtym ýok señ bilen gürleşere-de. Eşrepi deý tutup her bir pursady, Oýlanýan İşlermi dynmak hakynda... Ähli pikir-küýüm Şolara bagly, Ajal, Sen bir häzir Ara sokulma. Robert ROŽDESTWENSKIÝ. Rus dilinden terjime eden: Kakabaý GURBANOW. | |
|
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||