09:54 Ýadawlyk | |
ÝADAWLYK
Ýere ýadawlyk geldi, gaçyp bolanok hiç ondan gutulyp! Ýer şarynyñ enelerniñ ählisi, Ýadadylar diñe esger doguryp. Ýadadylar çüýrük umytda ýaşap, oýun kartyn ýaýradyp pal açmakdan... Ýadadylar geýim tikýän fabrikler harby formalary tikip biçmekden! Ýadady reaktiw samolýot uçup geçip täze urşa taýýarlyklary Ýadady gür tokaýlaryñ ýollary hopba edip daşamakdan tanklary. Şeýle pursat geldi islemeseñ-de, Ýadawlyk duşady planetany. Okean ýadady üwremeklikden kreýseri üsti raketaly. Suwlarynyñ düýpsüz galyñlygynda hem suwasty gämileri ýygşyryp, belañ demir tagamyny datmakdan okean çyrpynýar ýüregne düşüp. Ýadady giñ asman gümmürdilerden, ýadady çydamly bu dilsiz toprak. Sebäp, bularyñ hem ýüregne düşdi şäher gurmak däl-de, nyşana atmak. Hatda, iñ bärkisi, kütek hem sowuk rehimsiz mydam metal dälmidi, ana, şol hem näçe müñ ýyldan bäri şol hem ýarag bolmaklykdan ýadady! Robert ROŽDESTWENSKIÝ. Terjime eden: Gurbanýaz DAŞGYNOW. | |
|
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |