19:15 “Men goşgy ýazjakdym...” | |
"MEN GOŞGY ÝAZJAKDYM..."
Men goşgy ýazjakdym, setirlerine Yhlasymy, ykbalymy siňdirip, Şeri, şowsuzlygy, betbagtlygy Haýra, üstünlige, bagta ýeňdirip. Ol goşgy boljakdy ejem-kakamyň Otuz ýyllyk arzuwynyň hasyly, Kä meýlimiň goşandyny ýetirip, Bökdejekdi meýillermiň käsini. Men goşgy ýazjakdym, hökman ýazjakdym, Kapyýasyna, formasyna buýsanyp, Goşgulaň sanyna goşulyp, oňam Kemsiz ýaşap ýörmesine buýsanyp. Ýöne ýazylmady. Sözlerem doňdy... (Olar ýöne ýere doňarmydylar!) Bir owadan goşgy ýazjakdym, emma Düýrmekleri bilen garşy boldular, Ah, oňarmadylar, oňarmadylar... 08.05.2022 ý. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |