23:44

Meniň bir...

Категория: Goşgular | Просмотров: 265 | Добавил: ssaparay | Теги: Aýsapar Emelowa | Рейтинг: 5.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024
Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Garayolly25  
1449
Örän manyly şygyr. Berekella!

0
4 ssaparay  
1436
Sagboluň!

0
2 Mähriban  
607
Haladymlaý bu goşgyny. Gaty gowy eken.

0
5 ssaparay  
1436
Sagboluň!

0
3 Bagabat  
43
Modernizm sungaty, endikli/adaty durmuşy-paýhas ynançlarynyň, garaýyşlarynyň çäginden daşlaşyp, adamyň içki dünýäsine has çuň aralaşmagyň poetikasyny döredýär.
Konserwatiw ýa-da nusgawy (klassyky) sungatda, dörediji/awtor, adatça, özüniň döredýän eseriniň (ha surat, ha heýkel, saz, şygyr, kyssa, drama, kinofilm, multfilm we ş.m. – tapawudy ýok) islendik düzüm bölegini, esli wagtyň dowamynda ölçerip-döküp, syntgylap, ýonup-ýylmap döredýär. Mysal üçin: şygryýetde nusgawy formalarda eser ýazýan awtor, özüni doldurýan we gozgaýan pikirleridir duýgulary kapyýaň, bogun ölçeginiň, setir sanynyň, setiriň, ýagny şygryň içki garmoniýasynyň (sazlaşygynyň) galybyna ýerleşdirmek üçin özüne iňňän köp zor salmaga mejbur.
Emma, munuň tersine modern usulynda werlibr (erkin şygyr) görnüşinde eser ýazýan awtor bolsa bu çäklendirmelerdenem, özüne “zor salyp”, özüni “zorlamakdan” hem “mejbur etmekden” azat bolýar. Ony gozgalaňa salýan pikirlerdir duýgular şo durşuna – onuň aňyrsyndan gelşine görä, serpigip çykýar we setirlere öwrülýär.
Netijede-de konserwatiw/nusgawy sungatyň belli-külli düşnükli aýdyňlygyna derek modernizm sungatynyň köpgyraňly tagaşyksyz ümürliligi peýda bolýar.
Bu gowumy?
Ýa-da erbet?
“О вкусах не спорят” (Tagam alyş hakda jedelleşilmeýär) diýýä rus gardaşlar.
Konserwatiw/nusgawy sungat bilen modern sungatyň biri-biri bilen deňeşdirilende olaryň ýarap-ýaramazlygy, her bir okyjynyň özüniň çeperçiligi kabul ediş “mädesine (işdäsine)” bagly.
Kim palawy halaýar, kimiň bolsa öler aşy – mant ýa-da börek.
Edebiýatda-da edil şonuň ýaly.
Kime konserwatiw-nusgawy sungatyň aý-aýdyň sadalygy, akgynlylygy, setir we bogun sazlaşygy, kapyýalaryň “mukamy” zerur.
Kime bolsa modern sungatyň gaýadan eňaşaklygyna togalanyp gaýdan harsaňlar deýin tagaşyksyz, gödeňsiz gözelligi, öz aňyň hem hyýalyň kömegi bilen matalyny ýorup ýa-da islän ugruňa süýndürip bolýan syrlylygy, ýarym gümürtikligi gerek.
Aýsapar Emelowaň “Meniň bir...” atly bu goşgusyny bolsa haýsy sungat akymyna degişli etmek bolar?
Konserwatiw-nusgawy şygryýetemi?
Ýa-da modernizm poýeziýasynamy?
Goşguda bogun ölçegleriniň, setir galybynyň murapbag, gazal, üçleme ýaly klassyky goşgy formalaryna mahsus ölçeglerini berjaý etmeklige üns berilmezligi, bu şygry modern şygryýetiniň bir görnüşi bolan werlibre degişi etmäge esas berýär.
Ikinji tarapdanam goşgyň üçleme topbaklara bölünmegi, her topbagyň ikinji, üçünji setirlerindäki belli bir derejede sazlaşýan kapyýalaryň bolmagy we şygyrda beýan edilýän pikirleriň hem duýgularyň düşnükli birgatlylygy, bu eseri nusgawy şygyr formalarynyň biri bolan ak goşgy hasaplamaga-da mümkinçilik berýär.
Ýöne şol birwagtda-da, edebiýatyň nazaryýetinden belli bolşy ýaly, adatça ak goşgy formasynda-da, erkin goşgudan tapawutlylykda, setirleriň bogun ölçegleri saklanýar ahyry.
Şeýlelikde, meniň pikirimçe, Aýsaparyň bu goşgusy konserwatiw hem modernizm şygryýetiniň usullarynyň garnuwyndan emele gelen, özboluşly şygyr bolup durýar.
Goşgyň täsirliligi hakda aýdylanda, ondaky beýan edilýän duýgularyň hem pikirleriň ýasama däldigi okap başlan badyna, islendik duýgur okyja syzdyrýar. Bu şygyrda liriki gahryman kimdir birine, nämedir bir zatda öýkünmegiň hatyrasyna özüne “zor salyp, çygnyp”, geplemeýär-de, özüni “çyny bilen diňlejege” (ýagny, okajaga) endigan içini dökýär. Edil awtobusda ýa-da otluda barýarkaň, özüň üçinem duýdansyz ilkinji gezek sataşýan ýolagça içiňi döküp başlaýşyň ýaly, şygryň şahyrana gahrymanam, endigan hem tebigylyk bilen özüni azara goýýan duýgyny “gürrüň berýär”.
Goşgyň birinji topbagynda käbir uşajyk ýalňyşlyklara ýol berlipdir:
Meniň bir aýdymym bar,
Aýdylsa-da diňlenmeýän,
Özümden başgaň hiňlenmeýän.
Berekella.
Gowy goşgy.
Synanyşybermeli.
Agtarybermeli.
Modern sungat bilen erkin goşgy formasy bolsa gadym döwürlerdenem türkmen halkyna nämälim däldigini ýene-de bir gezek ýatladasym gelýär.
Türkmenleriň haly, keçe gölleri, aýal-gyzlarymyzyň keşdeleri, häzirki döwürde Günbatarda “modern” diýlip ykrar edilýän sungatyň ummasyz elementlerini özlerinde jemleýär.
Ýa-da şygryýetde, gadymy “Gorkut ata” dessanynda boýlanýan boýlar (namalar) erkin şygyr görnüşinde däl-de, haýsy formada düzülen?

0
6 ssaparay  
1436
Sagboluň Serdar aga! Siziň teswirleriňize hemişe garaşýaryn. Wagtyňyz boldugyndan ýazyp durmagyňyzy haýyş edýärin. Sözüňizi gysganmaweriň!

0
7 Edebiyatcy  
15
Üýtgeşik formaň üsti bilen köp zatlar aýdylypdyr. Halaman bilmedim. Galamyňa ezberlik Aýsapar

0
8 ssaparay  
1436
Sagboluň!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]