21:21 Meýdan bu | |
MEÝDAN BU
Goşgular
Mähribanlyk bilen çar ýana garap, Märekäniñ "howun" çeken meýdan bu. Ak ýoly aýlaýyp, biline orap, Ýeñişi arzuwlap bakan meýdan bu. Dal bedewler göýä humaý guşlary, Toýhananyñ gyzgalañy, hoşlugy, Dabarasyn tijäp, gyzdy:r guşlugy, Owaz bolup dünýä akan meýdan bu. Ýeñşe ýetse çykar seýsiñ hasaby, Juwan telpek zyñar, garry - hasany, Allañ arş üstünde kämil ynsany, Çyn bedewe serpaý ýapan meýdan bu. Ilim toý toýlaýar artyp şöhraty, Algyr bedewinde güýji-gaýraty, Türkmeniñ döwleti - şuñkar gyraty, Bagt bolup alnyndan çykan meýdan bu. Öý-ojaklar artsyn, atlar çapylsyn, Al güller ekilsin, däne sepilsin, Bedew kimin mañlaýyndan öpülsin, Owal-ebet döwlet tapan meýdan bu. Hudaýberdi MÄTJUMAÝEW. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |