08:50 Munda Magtymguly şygyr ýazypdyr | |
MUNDA MAGTYMGULY ŞYGYR ÝAZYPDYR
Funtowo* ýerinden ajaýyp ýer ýok, Nämä degmez doglup, önüp-öseniñ. Munda Magtymguly şygyr ýazypdyr Hem ýüregi urýar Hojanepesiñ. Munda Abdyrahym Nyýazy - türkmen, Şygryýetiñ tagzymçysy hem alym: Bize ilki gezek sowgat beripdi, Beýik Magtymgulyñ şygyr diwanyn. Tagandurdy diýen täjir bu ýere Hywa taýdan kerwen çekip gelipdir. Haly, ýüpek getirip bu illere Bu illerden alkyş baryn alypdyr. Buýsanýan, dostlarym, men bu toprakda Şöhratly bir halka bolanma goñşy. Menem aýdym ýazýan şol millet hakda Türkmeni wasp edip ýazýaryn goşgy. Ykbaldan razy men, ýüregim joşýar, Dostlugy çalyşman başga zat bilen. Bu ýerdäki türkmenleriñ şa ýoly Bizi birleşdirýär Aşgabat bilen. ________________________________ * Funtowo - Astrahanda türkmenleriñ kowçum bolup ýaşaýan ýeri. Wladimir ÝEROWEÝEW, (Russiýa, Astrahan). Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |