08:27 Nämedir bir zat... | |
NÄMEDIR BIR ZAT...
Nämedir bir zada howlugýan ýaly, Nämedir bir zada umyt edýän men. Nämedir bir zada ýetip barşyma, Hem nämedir bir zatdan-a gidýän men. Hiç maza berenok nämedir bir zat, Nämedir bir zatdan kineli ýörün. Kalbyma ynjalyk bererim ýaly, Nämedir bir zad-a etmeli borun. Bu mymyk gijeler gussaly maňa, Nämedir bir zady ýetenok olaň. Nämedir bir zatdan dilgir şäherler, Nämedir bir zady kemter obalaň. Nämedir bir zatlar ýyrtýar içimi, Duýgularym per berenok telbe dek. Nämedir bir zada nädip ýetmeli, Nädip köşeşmeli, biz-ä bilmedik... Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |