23:58

Neme diýmesi nämekä? / ýumoreska

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 343 | Добавил: Haweran | Теги: Annaguly Hojaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Gurgencli  
324
Türkmeniň sözüni (esasanam "NEME") haýsy manyda düşünseň düşünseň düşünibermeli:))))

0
2 Ependi  
284
"Neme" diýlende, bir waka ýadyma düşýär) Bir işdeşim bardy welin, birzadyň adyny tutjak bolsa, ilki şol zada "neme" diýerdi. Isle predmetiň ady bolsun, adam ady bolsun, haýwan bolsun, tapawudy ýok. Aňyryňda açarlar, şaýlar ýatan bolsa: Pylany, hol aňyryňdaky "nemäni" uzadyp goýbersene? Düşünd-ä düşünibilseň... "Nämä-ni uzatmaly jan agam, hol ýatan trýapkanymy?" - diýip, içini ýakyp janygarsyň welin, "Atagzyny uzat" - diýer, parahatlyk bilen. Şony diýmegi halys endik edipdir görgüli. Ýöne, özem bilmän galýar şeýle diýenni. Biziň bolsa nerwimizi galdyrýanny duýanogam. Tersine, başlyk bilen gürleşse "neme" diýmek ýadynada düşenok, pert gürleşýär. "Başlyk gelse "nemä-ňi" ýatdan çykarýaňlaý" diýsek, "başlyk başlyk bolýarda, siz bärde neme-räk" - diýip, ýylgyrar goýardy. Ýöne, ýene biziň ýanymyzda "neme" diýenni bilmän galardy..)

0
4 Bagabat  
43
Sag bol, @Ependi, gowy wakajyk. Türkmeniň: "sary maňyz ýaly" diýýän jinnek ýalam ýasamalyk ýok durmuşy wakajygy-da.
"Neme" hakda "birsalym gülüp hezil edeýin" diýseňiz, Kömek agaň (Kömek Kulyýewiň) "Neme..." atly hekaýasyny okaň. Ýalňyşmarsyňyz :-).
Hekaýaň salgysy: http://kitapcy.ru/news/neme_hekaya/2018-08-04-1777.
Kömek agaň şoňa meňzeşräk ýene bir hekaýasy bar: "Ma-Pa".
Salgysy: http://kitapcy.ru/news/ma_pa_hekaya/2019-09-22-8210.
"Neme" sözüniň bolsa durmuşda başga-da birnäçe aýdylyşyna duş geldim:
1.Heme;
2.Ýeme;
3.Deme;
4.Meme;
5.Seme.
Şuňa meňzeş türkmeniň ýene-de bir sakyrtga-sözi (слово-паразит) bar: "O zat" (Ol zat) :-).
Durmuşdan alnan ýüzlenme: "Neme, o zat, o zady o zat etsene!"

0
3 Ependi  
284
Aslynda, bu sözüň nämäni aňlatýanny duýmazlyk kyn däl. Dogrusy, ugruna çykmaly mesele. Adam pahyr, aýtmaly zadynyň deregine "neme" sözüni mysal getiriberse, eýýäm psihikasynda bir üýtgeşikligiň bardygyny duýmak kyn däl. Ýagny bir aladasy ýada nerwisi, dawleniýesi we ş.m-ler. Meň bilýän şol adamlarym, soňabaka "neme" sözüni kän gaýtalan şaýatlarym, köpüsi nerwisinde kemçilik tapdy, ysmaz bolany bar, dawleniýe oýnaýany bardy. Durmuş bu, ýogsa, görüp, göz ýetirip duran zadyňa "neme" diýmek, ünsüň başga ýere sowlannyň alamaty, keseliň alamaty. Umuman, durmuş tejribämden. Ýalňyşýan bolsam bagyşlaň. Men neme däl, nämedi şol?.. Psihiatr däl)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]