07:19 Obama | |
OBAMA
Göbek ganymyň daman ýeri, dogduk öýüm-eziz obam! Serime gelen sözler seniň gözel keşbiňi, ene mähri ýaly ýylylygyňy wasp ederden ejiz gelýär! Dogduk obam! Ýakymly ýatlamalara, mukaddes hormata beslänim, ykbalyma öwüt beren günleriňde galaýyn! Salkyn şemally, bag-bakjaly owadan ýaýlalaryňa, tämiz saba-säherleriňe döneýin! Bu mähriban topragyň her bir gysymyna bagtly çagalygymyň şadyýan hem-de sapaly çagy, geçen günlerimiň bir-birinden gyzykly ýatlamalary siňipdir. Ýokary okuw mekdebine gaýtmazymyň öň ýany käbäm enem hem-de kyblam atamyň: "Oka, hasyl bolan myradyň üçin oka!" diýen sargydy müdimilik owaz bolup, her ädimimde ruhuma ruh, badyma bat goşýar. Dört paslyň hersinde-de obam gözel görnüşe girýär. Baharda al-elwan güllere, begres geýnen ter-çemenli düzlere, täzeden jan giren baglara bürenen gözelligini, datly nygmatlarynyň bol hasylly, jöwzaly tomsuny, tyllaýy güýzüni, aklyga bürenen aňzak gyşyny synlap kalbym heýjana gelýär, ol hakdaky mukaddes duýgular zybana dolýar. Eziz obamyň görküni görmäge göz, tarypyny taryplamaga söz gerek. Eziz obam! Sen meniň ganymda-janymda. Men senden näçe daşlaşsam-da, elmydama seni küýseýärin. Ak guş bolup uçsadym, Öz ilime düşsedim, Öz ilimiň suwundan Ganyp-ganyp içsedim. Eziz obam, janly tebigat, gör, sende näçe gözelligi jemläpdir! Sen edil tebigatyň täsinlik gapysyny açýan ýaly! Her ýyl gyş pasly gelende ak gara bürenişiň baharda güläleklere beslenip täze gelin ýaly owadan keşbiň kalbymyza ylham eçilýär. Obamyzda dürli ir iýmişli beýi, alma, armyt, ülje, nar, erigiň, şetdalynyň dürli görnüşleri, hurma, injir, pisse ýaly köp miweli agaçlar, haýwanlara öri meýdan, depeler, dürli-dürli derman otlary, edil ekilen ýaly üzärlik meýdany, täzeje mekdebimiz, uly suw desgasy, sport mekdebi başga-da bir topar zatlar bar. Obamda dürli derman otlaram kän. Olar: üzärlik, çopantelpek, böwregoty, käkiligoty, ýylan güli, itburun, itüzüm,atgulak, syçratgy,böwürsleniň, buýanyň köki... Haýsy ösümligi tutsaň, melhem bolup dur. Olaryň entek bilinmedik, öwrenilmediklerem, öwrenilmedik peýdalaram kän. Her baýramçylykda diýlen ýaly obadaşlarymyzyň uly-kiçi barysy üýşüp, çeperä çykyp, uludan saçak ýazyp, gülşüp-degşip oturardyk, ol-a häzirem şeýle. Şol üýşmeleňlerde obamyzyň uly gyzlary utanyp, azajyk nahar iýen bolardylar. Şol günler şeýle gyzyklydy, o ýatlamalar hiç wagt hakydamdan çykmaýar. Ynha, eziz obam, senden başlanan söýgümiň nähili giňändigine, çuňlaşandygyna ýurdumyzyň paýtagty gözel Aşgabada gelip düşündim. Indi meniň aňymda Watan düşünjesi has hem giňedi. Kiçijek çeşmeleriň uly akaba birleşişi ýaly giňedi, artdy. Günler, aýlar, ýyllar kerwen gurap geçse-de, dogduk obama barýan nurana ýollar şol öňküsi dek gözel hem-de eziz. Gözel GUWANJOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |