08:33

Ogluma

OGLUMA

Bu gün sekiz ýaşyñ dolupdyr balam,
Uzak etsin Allam seniñ ömrüñi.
On ýediñ dolanda, ýigit çykañda,
Aýan bolar bu ýollaryñ öwrümi.

Enäniñ dilegi hasyl bolarmyş,
Meñ dilegim öwrümli däl, ak ýollar.
Dowamatym ýene dowam edere,
Taýyñ bolsun päk göwünli,ak dilber.

Mährem enäñ gujagy deý ýylydyr,
Watanyñ hem ogullarna gujagy.
Şoñ üçinem diñe ejeñ ogly däl,
Bolgun iliñ hem watanyñ goçagy.

Düşün balam,watan üçin hemişe,
Är gaýratly, mert ogullar gerekli.
Islärin emdiren ak süýdüm üçin,
Merdem ogul göýä şir deý ýürekli.

Il içinde atañ başy beýgelsin,
Ýüze sylsyn oglum seni görenler.
Ýigit çykyp ynamlarmy ödãrsiñ,
Alla gorap, pata berse Erenler...

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 451 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«В полуночной тиши бессонницы моей…» / Goşgular - 03.01.2023
"Menem nalaç özgesine duşaryn..." / Goşgular - 19.01.2023
Her gijede / Goşgular - 22.01.2023
«Душно в городе! Как только…» / Goşgular - 07.01.2023
А.Л.Бржеской / Goşgular - 28.01.2023
Täze ýylyň iň ilkinji goşgusy / Goşgular - 03.01.2023
Бунтовщик / Goşgular - 25.01.2023
Çopantelpek / Goşgular - 06.01.2023
Dost / Goşgular - 23.01.2023
Söýgi (ýa-da däliniň samramalary) / Goşgular - 04.02.2023

Teswirleriň ählisi: 10
0
1 Gumlygelin  
8
Sag boluñ.Aýdanyñyz gelsin.

0
2 Monte kristo  
Yasy uzyn bolsun uzak yasasyn

0
3 B. Tekäýewa  
Eneleriň dilegi mydama hasyl bolýar. Ýaşy uzyn bolsun, görjegi gowulyk, söýjegi agtyk-çowluk, iýjegi diňe süýjülik bolsun!

0
4 jumagylyjovao  
88
Ene ýüregi aranyňýakyn-daşdygyna, ýaşyna garamazdan mydama çagasynyň ýanynda bolup oňa ýagşy
dileg-dogalar edýändir. Gyzylgül, ogluň üçin ýüregiňden eden arzuwlaryň hasyl
bolsun! Ömri uzak, jany sag, görjegi diňe gowulyk bolsun!

0
5 Gumlygelin  
8
Sag boluñ.Sizem maşgalañyza,ogul-gyzyñyza guwanyñ.

0
6 Garaýolly  
27
Perzent diymek,ol yuregiñ bendidir,
Yaradanyñ seplan bir peywendidir.
Yashy uzyn bolsun gorjegi gowy,
Yoly aydyñ bolsun,murtl-da towly.

0
7 Gumlygelin  
8
@Garaýolly aga,siziñem janyñyz sag,ömrüñiz uzak bolsun.

0
8 M.Mergenowna  
Ýaşy uzyn ene-ata rakyply perzent bolsun!

0
9 Мylayym  
83
Gowy goşgy bolupdyr, Gyzylgül. Gijem bolsa "Toýa garrama ýok" diýýäler. Oguljygyň ýaşy uzyn bolsun! Ýaşajak ömrüni saglyk bilen bile manyly ýaşasyn!
Seniňem ogluň üçin edýän dilegleriň hasyl bolsun!

0
10 Gumlygelin  
8
Sag bol Mylaýym.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]