05:16

Ol ýer...

Категория: Goşgular | Просмотров: 312 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024

Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Aksary  
876
Şonda ýanym bilen äkitjek zadym,
Sogapdan binesip bolmasam bolar.

Ine goşgy.Genneje ömrüñiz bolsun

0
2 mango  
651
Gyzylgül hanym.
Gutlaýan, ine bu (meniň üçin) gowy synanyşyk.

Belliklerem aýdanymy isleýänsiň…

..çykan deý,
Çykmaly bije.
Çykaýsa bijäm,
Çykaýsa bije,

Gaýtalamandansyrak aýdyp bolmazmyka?
Biraz, birahat edýän ýaly.
Hemem many taýdan seredeňde “bije”-de jedelli ýaly.
“Bijäm çyksa” diýýäniň ölüm dälmi? Onda sorag, ölüm - bije çekip gelenokdyr-a? Bije başga zat.
—-
Ine iň dogry (hem güýli) ýeri:

Galmaz ol gijä.
Geler.
Alar.
Şonda ýanym bilen äkitjek zadym,
Sogapdan binesip bolmasam bolar.

Dogry - bir sekunt hem gijä galmajagy, sogapdan binesip galmazlyk ünjisi hem gowy.

…ol ýer,
Günäñ hem sogabyñ döwüşýãn ýeri.
- diýeňde, umuman düşnüklem bolsa… meniň pikirimçe günä we sogap ýeriň üstünde döwüşmeli ýaly, ýeriň asty eýýäm başga ölçegler… döwüşmegiň, göreşmegiň wagty däl bolaýmasa.

Ol ýer siziñ gujagñyza deñelen,
Behişdiñ ýeri.
Hmmm… bu taýda-da biraz nätakyklyk bar..

Emma, emma….. umuman haladym, gowja synanyşyk.
Biraz, täzeden göz gezdirseňiz. Ýa-da başga wariant işleseňiz.

Hamana çykan deý,
Çykmaly bije.

Belki şeýleräk dowam etmelidir:
Hamana dolan deý,
Sanalgym.

Soňam, eger ejesi dünýesini täzelän bolsa ejesine gowuşjakdygyna begenjiň ýany bilen günä-sogap gaýgysy… ýaly pikirleri “gazana salyp bişirmeli” ýaly.
Bir zatlar-a diýdim özi, bulam-bujar….
Ýene bir gezek gaýtalasam, gowy goşgy, hemem has gowy bolmaga şansy bar goşgy…
Üstünlikler.

0
3 Gumlygelin  
8
Gadyrly @mango!Bellikler örän jaýdar.Köp sag boluñ.Tañryýalkasyn!

0
4 Gumlygelin  
8
@mango,şu görnüşinede göz aýlap goýberseñiz hasam hoşal bolardym...

Ol ýer...

Gör,men nije,
Ýary gije,
Howpurgap oýanýan,
Galjak ýaly oýanman.
Bu ahwal ýalan däl,
Ýa oýnalýan oýun däl.
Wagty geläýse,
Çykan deý bije,
Galmaz ol gijä,
Geler,
Alar,
Şonda ýanym bilen äkitjek zadym,
Sogapdan binesip bolmasam bolar.
Ol ýer,
Günäliñ,sogaplyñ sygyşýan ýeri.
Günäden sogabyñ rüstem bolanda,
Ruhuñ Hak jaýyna gowuşýan ýeri,
Behişdiñ ýeri...

Gyzylgül Annagylyjowa

0
7 mango  
651
ene we "tijen" diýen ýerini aýrypsyň...
bolan ýaly öz-ä.
ýene kelläňi agyrdaýynmy? :-)
"geler. alar"-ly ýerinde ganatly periişdäni (melegi) agzasaň?

...Geler, Äpet ganatyn ýaýyp, Alar...
...Äpet ganatyn ýaýyp, Geler-de, Alar...

umuman, o ganatly perişdä-de öwrenişibermeli.
ýöne özüň bil, men ýöne diýip oturandandyryn....

soňky aşakda goýanyňyzam, ýokarkyň dowamy ýalymy?
ýokarky sizi ukudan goýdy öýdýän...
üstünlikler.

0
5 Gumlygelin  
8
@Aksary,siziñem ömrüñiz uzak bolsun!

1
6 Gumlygelin  
8
Hemme kişi uka gitdi.
Biwagt,oýaran yşgymam.
Yşygyn öçürip,hat-da,
Pukaraja,garyp külbäm,
Öz göwnüme köşgümem.
Uka gitdi tutuş oba,
Lezzetin jemläp hoş günüñ.
Bu tümlükde diñe meñ,
Daşyp bilmän joşgunym,
Dörejek-dörejek bolup,
Döräp bilmedik goşgymyñ,
Ezýetinden gülban bolup,
Ukydan boş günüm....

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]