20:25 Paltun | |
PALTUN
Ýörün dünýäň ýollarynda ser-sepil, Ýüz çirkizip aladalaň oduna. Ýyllar ötdi gitdi sere zer sepip, Käte çagalygym düşýär ýadyma. Ýadymda, şol sowuk gyşyň bir güni, Özüme ylaýyk paltun bolmansoň, Näderini bilmän kakam görgüli, Uluragyn alyp beripdi onsoň. (Durmuş obaň dükany dek, bar zat bar, Gözlän zadyň tapdyranok gör muny) Köşeşdirdi meni gaýgyçyl ejem, Diýip “Zyýanlygy bolmaz bol zadyň”. Ikinji klasda topugma ýeten Paltun onunjyda gysga bolýardy. “Nikalanan ýaly mydam şylhasyn…” Çylkasyzny diýrdi yzgytsyz garry. Oň päki diliniň şerebesinden Heniz-henizlerem turşap dur kalbym. Emma bu gepleri alman piňime, Diýip “Bu gürrüňler maýdajyk dälmi?” Pikir öwrüp uly adam kibi men Pasyrdar barardym baýdajyk ýaly. Indi-indi haýran galyp ýörün men, Hatda şeýle solan paltun bilenem. Iň owadan gyza ýürek töründen Söýgi namasyny gönderipdim men. Meniň kemsidilen çagalygym dek, Durky ikindiniň reňkine deň. (Razy galmaga çagalygymda, Şol has uly bolýan paltunymda hem). Paltunym has saralypdyr, solupdyr, Barybir kalbymdan asyp gelýärin. …Ah, bu zatlar bir eýýamlar bolupdy, Entek diri wagty kakam bendäniň. Gurbandurdy ORAZOW. | |
|
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |