16:34 Pelek | |
PELEK
Bir seretsem, galan eken ýaşlygym, Hol geçmişiñ gatlarynda saralyp. Duýmandyryn tüm gije deý saçlarym, Asyl görsem, giden eken çalaryp. Göwnüm bolsa henizlerem guş ýaly, Uçup ýör yzynda, arzuw-hyýallañ. Men bolsa duýmadyk, bilmedik bolýan, Arabamyñ jygyldysyn, haýallan. Durmuş arabamy silterläp, çaýkap, Alyp geldi, dogdygymdan düýnüme. Düýş mysaly, haýran galyp otyryn, Dünýä gelip, bu pelegiñ oýnuna. Belki düýşdir, bu dünýäniñ gurluşy, Düýş bolsa gamlanmak nämäme gerek. Rugsatdyr, ýene-de şol öñkiñ ýaly, Düýş deýin oýnuñy, oýnaber pelek. | |
|
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |