23:54

Prigožin... Ölüme alyp baran gaýrat

Категория: Publisistika | Просмотров: 255 | Добавил: Gökböri | Теги: Memduh Muheýni | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Onda Gitleriňem ýatan ýeri ýagty bolsun diýiň büçe bolanyna görä

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Inim, meniňem günäm bar bolmagy mümkin, emma teswiriňe şeýle kinaýaly jogaby Siziňem mynasypdygyñyzy düşündirmäge synanyşaýyn:

1-njiden, bu çykyşda edebi tankyt, filosofiýa... ýaly abstrakt bir mesele gozgalanok, eýsem ýüz müňlerçe adamyň öli we maýyp bolmagyna, millionlarça adamyň betbagtçylygyna we dünýäde ýüz millionlarça garyp-gasaryň azyk taýdan horlanmagyna sebäp bolan üçünji jahan urşy diýen ýaly apadyň gürrüňi edilýär ("harby operasiýajyk" däl ol), saýt hem bizden çynlakaý dykgata garaşýar. Onda Siziň bu urşuň esasy bir figurasy hakda musulman dileg-dogasyna meňzeş bir alkyşlama ýazyp, degişli jogaby alanyňyzda hem "Men belki ýaňsylandyryn, oýun edendirin, kyn gördüm" diýip wägirmäňiz näme? Şeýle mesele barada ikuçly, gümürtik ýa-da degişmeli teswir ýazyp, ýene "okamazlar" ýa-da "jogap ýazmazlar" pikir etdiňizmi? "Teswire jogap ýazýarlar" diýip torsarylýarsyňyz. A-how, teswir jogap ýazmak üçin bar ahyry. "Jogap ýaz" diýen düwmäni göreňzokmy? Şeýle temada jogapkärçiliksiz, ýeňilkelle, oýun äheňli teswiri ýazar ýaly saýt Size näme ýamanlyk etdi? Ýa gümürtik, bulam-bujur manyly, hakykat bilen ýalany ýörite garyp-gatýan teswir ýazar ýaly Siz Prigožiniň trol-fabrikasynyň agentimi? Gepiň gysgasy, eger ýeňles teswiriňize (özüňiz barada aýdamok, teswiriňize diýýän beýle zatlary) awuly jogap almajak bolsaňyz, dymyp oturyň, ýogsa-da ýaňsyly teswir ýazsaňyz "крокодил кожа" bolmaly bolarsyňyz. Bärde Siziňem duýgyňyzy aýamazlar, özüňiz içýakgyç gürrüň etseňiz. Özüm-ä "крокодил кожа", emma özümi jogapkärli, çynlakaý, göni alyp barmaga çalyşýaryn.

2-njiden, Bahmuty "Hirosimo-Nagasakä" dönderen, şunça ukraini gyran Prigany alkyşlap, Siziň ýalylaryň (ulanyjylar muny çyn hasap etdiler - bu ýer, näme, wäşiler teatrymy?) ukrainalaryň muny hak edýändiklerine ynanmagyňyz olary (ukrainleri), russiýa propogandasynyň öwredişi ýaly, uçdantutma faşist hasap edýändigiňiziň alamaty. Jogapkärçiliksiz beýle propaganda ýaýratsaňyz, elbetde, degişli jogaby alarsyňyz. Ukrainler uçdantutma faşist bolsalar 40 döwlet olaryň arkasynda äht edip durmazdy, bizem olara ynsanperwerlik kömegini bermezdik. Biz faşistlere kömek etmeris ahyry. Ýurdumyzda müňlerçe ukrain ýaşaýar. Prigany alkyşlap, Siz öz üstüňize nähili jogapkärçilik alýanyňyzy unutmaň. Asla Siz meniň aýalymyň ukrain däldigini näbilýäňiz? Oýun etjek ýeriňizi ýagşyja biliň!

3-njiden, eger Siz musulmanlaryň "Ýatan ýeri ýagty bolsun!", "Jaýy jennet bolsun!" diýen mukaddes doga-dilegini oýun edip, her bolar-bolmaz ýerde (ölüp ýatan syçan hakda, döwlen tehnika hakda, zalym şahsyýetler hakda) ulanyp ýören bolsaňyz, bu, birinjiden-ä, bu dilegi çyndan aýdanyňyzda-da onuň manysyny gaçyrýar, ikinjiden bolsa, bu synaglar dünýäsinde dilimizi näçe erkine goýbersek-de, ertesi gün onuň sorag-sowaly bar. Şonuň üçinem iňňän jaý ýerinde çyn ýürekden aýdylmaly beýle dileg-dogany "ite dökün" edip, her teswirlerde ýalan-çyndan aýdyp ýörsek, öz derejämizi ýüze çykararys. Aýypdyr, günädir, inim.

Sözümi jemläp aýtsam, meniň sowadyma-"tupoýlygyma" il-gün baha berer. Aý, bulam meniň naýbaşy maksadym däl, il-günem ýalňyşyp bilýär. Esasy zat, aýdýan zadymy başardygymdan gönümel, çyn ýürekden, esasanam, jogapkärçilik bilen aýtmaga çalyşlaryn. Sizi-de şoňa çagyrýaryn.

Şözümiň soňunda dostlukly smaýlyk goýmakçy welin, bu saýtda goýup bolanok. Şonuň üçinem "oýun edip", "ýaňsylap" teswir ýazmazlyk gowy.

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
OK, ýöne bu saýtda wäşilik satmaly däldigine düşünen bolsaňyz bolýar. Bu arada, "ukrain aýal" barada menem oýun etdim, indi özümizi akyllyja alyp baraly

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]