13:03

Prigožiniñ ölüminiñ döredýän pikirleri

Категория: Publisistika | Просмотров: 236 | Добавил: Gökböri | Теги: Gülru Gezer | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Blekwotere Wagneriň beýik halypasy, ýol görkezen mugallymy, görüm-göreldelik ussady diýip bileris. Wagner hut Blekwoteriň nusgasy esasynda döredilen.

Inijikleriň öz uly akgalaryna öýkünjek bolup, ber-başagaý bolup ýörüşleri ýaly, wagnerjikleriň hem blekwoterlere daşky sypaty boýunça hem meňzejek bolup, beýsbol kepkany çümre geýip, krutoý gara äýnek dakynyşyp bolubilişlerini gördük ahyry, bütin dünýä-de prikol tutdy.

Howa, Blekwoter hem Amerika kän abraý getirmedi welin, Wagneriň taryhy-ha Prihožin üçin ölümli, Putin üçinem örän howply gutardy. "Durna öýkünjek bolup, gazyň aýagyny döwdürişine" bardy.

Çünki, Blekwoter ýaly kompaniýalar Amerikanyň durmuşynda täzelik däldi. Baryp ikinji jahan urşunda-da ABŞ-nyň harby güýçleriniň 10 göterimini hakynatutma potratçylar düzýärdi, ýigrimi ýyl bäri bolsa deň ýarysyndan-da geçdi. Blekwoterem kanun boýunça resmileşdirilen, prezidente hiç hili dahyly bolmadyk hususy kompaniýa. Şonuň üçinem işlemegini dowam etdirýär. Şeýle kompaniýalaryň roly Amerikada we dünýäde artýar.

Wagneriň döredilişi bolsa boýdan-başa galplyga ýugrulypdy. 2014-nji ýylda döredilenem bolsa ony döredenler Prigožin we Putin onuň bardygyny we özleriniň oňa dahyllydyklaryny ýaňy-ýakynda boýun aldylar. Umuman, Wagneriň kanunylygyny ýa bikanundygyny, hakykatda kime degişlidigini, nireden maliýeleşdirilýändigini şeýle hem hiç kim bilmedi.

Şeýlelikde, bu iki adamyň Blekwotere meňzeş edip döretjek bolan bu zady tas döwlet agdarylyşygy bilen tamamlanypdy.

Blekwoter ýaly guramany Russiýada döretmek tejribesiniň şowsuz tamamlanmagynyň sebäpleri barada has jikme-jik durup geçmek bolsa köp wagty talap edýär.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]