10:00 Rubagylar terjimesi | |
Nejmeddin Kubra hezretleri
Rubagylar terjimesi Her dem lerzanadyr, merdana ýürek. Yşgy egsilmezdir, Janana ýürek. Bada uzatdylar yşgyñ meýinden. Meýi huna öwürdi gamhana ýürek. ☆☆☆☆☆ Meni yşgyñdan sowatjak bir akyl ýok. Kim saña gowşurjak, bagt:a kepil ýok. Ykbal bilen uruş etmäge el bagly, Duşaklandym, barabilmen, çakym ýok. ☆☆☆☆☆ Köñül örküm saña bagly, üzülmez. Ne dost-duşman, aýrabiljek är bolmaz. Seni terk eýleýip kimi söýer men? Señ mülküñden çykyp gider ýer galmaz. ☆☆☆☆☆ Akyl tarykatyñ hekaýat eýlär. Magşuga bu ýollar şepagat eýlär. Her dem zikriñ eden müñlerçe kalbyñ, Yşgy buthanany gör, "Käbe "eýlär. ☆☆☆☆☆ Başym saña gurban, läşim görer sen. Kim agymy aglar, uzap ýatar ten. Baş ujumda çöküp, nalalar çekip, Diýgil, señ janyña sebäp boldum men! ☆☆☆☆☆ Owuç arpa jany gurban berilýär. Jan nä, däne üçin kerwen gyrylýar. Senden ýeten "Däne" dünýä deñ, eý ýar, Barça jana ryzk däneden berilýär. ☆☆☆☆☆ Derwiş tagty beýewanda, weýranda Jahany mülküñ terki, dünýä haýranda. Mis jismiñi tylla öwreýin diýseñ, Derwişler zergärdir, bar olañ ýanna! ☆☆☆☆☆ Señ yşgyñ şerbeti serim mes etdi. Aýralygyñ şat köñlümi sus etdi. El aýakdan galdym janym pida,gör, Bu pidalar meni Ýara dost etdi. ☆☆☆☆☆ Diýsem höwäsimdir Hakyñ wysaly. Diýdi, pynhanlykdan gözle bu haly. Köñül gözgüsinde göründi Dildar, Gapyllygyñ aýan boldy ahwaly. ☆☆☆☆☆ Läle reýhan güller-şähri "Çigil"den. Ýa Reb, päkişanyñ asly, çi gilden. Ýüregim destinde, janym-kastynda, Bolsa, ne hemaýat taparsyñ ilden. ☆☆☆☆☆ Meñ içimde Döw bar, per bermän otyr Ne hä gorkysy bar, ne eder hatyr. Müñ ýola çagyrdym dine imana, Köñle was was eýläp gide bilmän dur. ☆☆☆☆☆ Meýhananyñ mesti men, meý menden bihabar. Yşk matagyn çözledim, aşyk ondan bihabar. Hiçkimse halym bilmez, bir hylwat jaýa dūşdüm. Dūnýäniñ bary mende, men dünýeden bihabar. Terjime eden: Aşyr Salyh ogly. 1. Rubagylardaky "Çigil" diýen sözi, Türki taýpaň ady, olaň Şäheriniň ady hem Çigil. 2. Aşakdaky çi-gilden parsça toprakdan dälmi? many berensoň şo durşuna kapiýasy üçin geçirildi. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |