09:18

Bolmaýar şahyrlañ terjimehaly..

Категория: Goşgular | Просмотров: 602 | Добавил: Zerinaý | Теги: Gurbandurdy Orazow | Рейтинг: 3.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024

Teswirleriň ählisi: 3
1
1 Zerinaý  
5
Men söz bilen oýun etdim,
Oýun etmeli däl ekenim.
Özimi danadyr öýtdüm,
Ham ekenim lal ekenim.

Bir gyzyñ aýtmadyk sözi
Ömürlik ýadymda galdy.
Dogry dostdan jyda düşdüm,
Ýeke egri söz zerarly.

Sözler maña ganat boldy,
Söz meni kyldy kemine.
Ýedi gat asmana galdym,
Çümdüm ýedi gat Zemine.

Söz daglaryñ doñun cözer,
Yelli cõlleri gülleder.
Başda da,iñ soñunda da
Sõziñ boljagy bellidir.

Diñe sõzler kalby nurlar,
Yaman sozi õzgä dõzme.
Hem õlim bar, hem õmur bar
Bary yogy oynam sozde.

Sõz õz güyjini yitirip,
Doly kibi yaganynda.
Gam goriner,nem goriner?
Goja dunyañ garagynda.

Gadymy, mudimi, diri,
Koñul eken serişdesi.
Pyragy eken onuñ piri,
Puşkin eken perişdesi.

Derdin cekenler bilipdir,
Bu bir kone yol ekeni.
Men sõz bilen oyun etdim,
Oyun etmeli dal ekenim

Gurbandurdy Orazow

0
2 Oguzhan_aga  
65
Dogrudanam bu şahyr "söz" bilen oýun edipdir "Puşkin eken perişdesi" diýip. Şahyr bolsañam, pikiriñ özüñki hem bolsa ýazylýan sözlere üns bermeli, sözleri kapyýa getirjek bolup bular ýaly setirleri ýazmaly dəl. Erteki gün bu sözlere jogap bermelidir, bu dünýäge gyzygyp ahyredimizi unutmaly dildiris.

2
3 Zerinaý  
5
Şahyr "sõz bilen oyun etdim"diymek bilen çuññur filasofiki pikiri,ideyany õñe sürüpdir. Şoñ bilen birlikde-de kim bolsañam her sõzlän sõzüñde täk õzüñ jogapkärçilik çekýändigiñi her sõzüñe jogap bermelidigiñi syzdyryp geçipdir we diñe şahyr bolup yazan sõzüñe däl kimdir birine syn bereniñde-de isle şahyr isle lukman isle molla bol her sõzüñ üçin diñe õzün jogapkärdigiñi okyjysyna duydurmagy başarypdyr

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]