02:17 Şahyry atdylar gara zyndana | |
ŞAHYRY ATDYLAR GARA ZYNDANA
Belli müsür şahyry Ahmet Fuad Negm hökümetiň häzirki alyp barýan syýasatyny tankytlap goşgy ýazanlygy üçin, harby sud tarapyndan bir ýyllap türmä höküm edildi. (Gazetden) Hak sözi özüne baýdak edinen, Şahyry atdylar gara zyndana. Ine, şeýdip nähak günä ýöňkeldi, Gözelligi wasp eden zybana. “Bilbil sesin eşitmesin” – diýdiler – “Öz-özünden boýun eger ahyry”. Bir gün garaşdylar, garaşdylar kän, Kyndy dyza çökeräýmek şahyry. “Çaga sesin eşitmesin” – diýdiler – “Şonda onuň toba gelmegi mümkin”. Watanyny söýýän gerçek ýigidi, Dyza çökeräýmek çaklaýşyňdan kän. "Edebiýat we sungat" gazeti, 20.06.1981 ý. | |
|
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |