04:24 "Saña aytjak sözlem gaty kän eken..." | |
"SAÑA AÝTJAK SÖZLEM GATY KÄN EKEN..."
Saña aytjak sözlem gaty kän eken. Ýadyma düşeñde sanaýan täk-täk. Çalarsa-da gijäñ mawusy saçlar, Ýüregmiñ urgusy şol heñde entek. Aýakýalañ ylgan düzlermiz bar-a, Kä wagtlar girýär meñiñ düýşüme. Saña bagly zatlañ bary entägem Ýaşamaga kuwwat berýä, güýç bile. Bilýän, meñ özümden, bilýän baryny, Ýazylgydyr ýüregiñde adymam. Şo-ol günäsiz duýgulary ýaşadan Çagalygny unudarmy, adam, heý?! Ondan bäri aýlar döndi ýyllara, Ýollar bize peşgeş etdi aýralyk. Ýöne hakydadan sylyp bilmedi, Ulalan ýaş, uzap ýatan aralyk. Öýkäm ýok ykbaldan, ýa bolman asla, Duşurmady bizi diyip nägile. Belki, duşan bolsak şol kinniwanja Duýgularmyz ýaşarmydy biz bile. Stambul, 2022 ý. Zöhre ÖWEZOWA. | |
|
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||