17:28

Soñky düýş

Категория: Goşgular | Просмотров: 209 | Добавил: Haweran | Теги: Halyl Ybrahym Özbaý | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024

Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Hyýalkeş  
752
Goşguñ başyny okan badyma "Haý, şul-a dünýä edebiýatyndan bolsa gerek" diýip pikir etdim. Göni bildirýär-dä. Goşguny başlaýşy ähli okyja düşnükli sözleri, çuñlugy...
Doñan materikde bir pingwinler üşemeýär birem eneler. Goşgudaky ýaly hiç bir ene çagasynyñ doýanyny görmän nahardan ine-gana iýip bilmez.
Haweran terjime siziñkimi?
Kiçiräjik tankyt: (kimiñkem bolsa) "Göz bilen gaş arasy"diýlen aýtgy (ýa-da durnukly söz düzümi) bizde ýok. Onuñ deregine bir zadyñ çalt bolup geçendigini añlatmak üçin "göz açyp ýumasy salymda" diýen durnukly söz düzümi bar. Şony ulanan bolsady.
"Çagalarymyñ kakasy diýe" diýe diýip söz barmy näme türkmen dilinde?

0
2 Haweran  
411
Goşgy dogrudanam gowy. Terjime meñki däl. "Beýik Türkmenbaşy nesli" gazetiniñ (häzirki "Nesil") 2008-nji ýyldaky sanlaryndan. (Terjimeçi görkezilmändirem). Geñirgenmäñiz "diýe" sözünemi? Bu söz türkmen dilinde ýokmy? Magtymgulyñ "Ýusup diýe-diýe" goşgusyny ýatlañ. "Göz b.n gaşyñ arasynda" diýen söz düzümem bar, biz tarapda bu söz düzümi hasam köp ulanylýar, meselem garaşman durkañ, aýratyn gorap duran zadyña bir zat bolsa aýdylýar, "bäh, emgek geljek bolsa, göz b.n gaşyñ arasynda geläýýän eken-ow" diýen ýaly.. ) "Türkmen diliniñ frazeologik sözlügini" okamagy maslahat berýärin.

0
3 Елена_Прекрасная  
462
Gayrat et de gynançly goşgy goymasana

0
4 mango  
651
Düşkondu

Bildiğin sihirbazdı.
Patik yapardı kaşla göz arası,
Zemheride çocuklarına.
Kendi giydiği yeleğinin ipinden.
Bir, penguenler üşümez bilirdim
Kutuplarda,
Bir de o.

Sanatçıydı besbelli.
Herkes,
Hayal perdesindeki yıldızlara hayrandı,
Ben ona…
Mutlu kadını oynadı bir ömür boyu,
Ne yüzünde,
Ne yüreğinde bahar olmayan bir adamla,
Babası diye çocuklarının;
Kimse anlamadı.

Melekti, aramızda dolaşan.
Başkalarını düşünür sürekli,
Ve doymaktan korkardı
Çocuklarından önce.
Sofranın ucuna usulca konar,
Ucundan ucundan yerdi tabağının.
Bu yüzdendi en son kalkması da
Sofradan.

Bir defa kendisi için bir şey yaptı,
Kendisiydi artık giderken.
Gülümsemesinden anladım
Dudaklarının kenarında kalan.
Ve kirpiklerinin ucunda,
Mutluluk sıcağı bir nem.
Üç göz oda bir evi olduğu
İlk kez girince düşlerine,
Uyanmadı bir daha annem.

Halil İbrahim Özbay

0
5 mango  
651
Köýneginiň sapagyndan jorap örenok türkçede….
Ýeňsiziniň ýüpünden örýär.
Başyny özümçe şeýleräk pikir etdim…

Bir jadygöýdi.
Göz bilen gaşyn arasyndan
Jorapjyk örerdi çagajyklarna
Aýazly tünekde
Egnindäki sary giden
Köýneginiñ sapagyndan.

***

Ellerinde jady bar ýaly.
Jorap örerdi gaş bilen göz arasy,
Aýazly tünekde, çagalaryna.
Egnindäki sary giden
Ýeňsiziniň ýüpünden.

0
6 mango  
651
Uyanmadı bir daha annem.
Hem oýanmady bu düýşünden soñ enem...

Annem -ejem… kän tapawudam ýok welin….
—-
Terjime umuman gowy eken.

0
7 mango  
651
Düşkondu - ady gyzykly eken.
“Gecekondu” diýen düşünje bar, biziň düşünjek dilimizde “нахалстрой” bolýa.
Döwlede degişli ýerde rursatsyz bir gijede çatma-küme gurunup ýaşamaga başlaýarlar… gadym aşgabadyň baýyrlarynda-da şeýle edýärdiler, ol raýonada nahalstroý diýerdiler…
Garaz, goşgudaky gahryman ene-eje düýşünde bir gijede, bir gezekde hyýalynda jaý gurunýar….

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]