20:27 Söýermiñ | |
Söýermiň”
Gözelleň ählisin goýup bir ýana, Seçip-saýlap, seni söýsem, söýermiň? Ýa görküňe aşyk bolup gaýybana, Gül keşbiňe hormat goýsam, söýermiň? Gar küräp, tüweleý her ýan çapanda , Asman-zemin bir-birini tapanda, Gazaply aýazda, apy-tupanda Ýoluňa seredip, buýsam, söýermiň? Kä açyldyň asman ýaly durlanyp, Kä gülüp näz etdiň, kä gaharlanyp, Mübärek gaşyňda her ýan pyrlanyp, Perwanalar bolup köýsem, söýermiň? Jemalyň kalbymda mukam döredip, Haýran etdiň ýüregimi eredip, Ýa-da gözleriňe göni seredip: “Gülüm, seni söýýän” diýsem söýermiň? (1960) Halyl Kulyýew | |
|
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |