11:08

Sport göreşi

SPORT GÖREŞI
    
Sport göreşi (sambo) özüne iki görnüşi — grek-rim hem-de erkin görnüşleri birleşdirýär. Olaryň ikisiniň hem gözbaşyny antiki döwürden alyp gaýdýandygyny aýratyn bellemek gerek.
Göreş boýunça ýaryşlar baryp biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyrda Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilipdir. Ilkibaşda bu ugurdaky bäsleşiklerde diňe ýokarky gatlagyň wekilleri gatnaşmaga mümkinçilik alypdyr. Ýöne, birnäçe asyrdan soň, göreş boýunça ýaryşlar hemmeler üçin elýeterli bolupdyr.
Grek-rim ugrunyň emelleriniň ulgamy XVIII asyryň ahyrynda Fransiýada döredildi. Bu ugur özüne diňe bedeniň ýokarky böleginden tutmak hem-de aýaklary ulanman, zyňmak emellerini birleşdirýär. Tutluşyk we zyňmak emellerini ulanmakda çäklendirmelere eýe bolmadyk erkin göreş, takmynan, şol döwürde ABŞ-da britan halklarynyň göreş görnüşleriniň (lankaşir, dewon, skottiş we beýlekiler) esasynda döredildi.
Göreşiň klassiki görnüşi häzirki zamanyň esasy sport wakalarynyň maksatnamasyna 1896-njy ýylda I Olimpiýa oýunlarynda girizildi, erkin göreş boýunça medallar ugrundaky bäsleşik bolsa III Bütindünýä tomusky Oýunlardan gözbaş alýar. Häzirki wagtda sport göreşi ähli toplumlaýyn ýaryşlaryň, şol sanda kenarýaka ýaryşlaryň maksatnamasynda bar. Grek-rim we erkin göreş 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.
 
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Sport we turizm | Просмотров: 447 | Добавил: Нawеran | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Sport we turizm bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]