19:59 Şükür bagşy | |
ŞÜKÜR BAGŞY
Gör, ýene-de köpüñ meýli deñ geldi, Saz çalyndy, bolmasa-da şagalañ. O günki saz "Hä", "Howwasyz" diñlendi, Hatda jyñk etmedi itdir şagalam. Tutuş dünýe öwrülmese owaza, Şo howada gaýyp ýördi hemmesi. Ýöne sazlaşygy bozup, negada, Goñşy öýde hüñürdeýär ýeññesi. Agyrrakdy ahwalyndan bu heñler, Gözýaşa eýlenen ejiz aýalyñ. Gylyjyn gysymlap otyrdy hemme, Başy alynjakdy, başyn aýanyñ. Ýygnanypdy söweşlerde bekänler, Duşmana döw, ili üçin dözümsiz. Otyrlar gylyjyn çarhlap mukama, Ot ýanyp dur şu wagt olañ gözünde. Hiç kim geñ görenok bu ýigitlerden, Iliñ arkadagy, Watanyñ nagşy. ..."Ar" diýip dynylsa bu ýygyn serden, Il ýüzüne niçik sereder bagşy. Owaza boýunlar oña boýun bo:r, Gursakda ynamy, elde sazy bar. Ýok, ol utulmaly däl bu oýunda, Çünki dünýe ~ zehinsize bazygär. Aşyrmät GARLY. | |
|
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |